IDEALLIDER-den "Ne öli ne diri. 3-nji bölüm"

Ne öli ne diri. 3-nji bölüm.

Bu gije gyzynyň ýanynda uklan kakasynyň galagoply ukysyny, güýçli hem çalt-çalt dynkyldaýan ses oýardy. Gyzyň ýürek-urşuny habar berýän apparat dynkyldamakdan ýaňa ýarylaýjak bolýar. Serwi howsala düşýär eken. Ýarym-ukuda ala-sarmyk bolup oýanan Mukam-aga nämäniň-nämedigine düşünmän az-salym gyzynyň gözlerine aňkarylyp galyp, soňam çynlakaý "Serwi köşeş" diýip gygyrdy. Serwi hem gorkup kakasynyň gözlerine seredip doňup galdy. Mukam-aga sözüni dowam etdi:
— Gyzym, düşün. Seniň howsala düşmegiň kömek edenok. Gaýtam tersine beterleşdirýär! — diýip aglamakdan ýaňa gyzaryp-awşapduran gözlerini owkalap-owkalap aýtdy. Serwi hem ýene aglamjyrap ýokary seredýär. Onuň seredişinden "Allahym, günäm näme!? Näme etmişim bar beýdip kösäriňýaly" diýýänini duýsa bolýar. Mukam-aga derrew gyzynyň ünsüni sowmak üçin bir-zatlar etmelidigine düşündi. Serwi inni bu palatada dört tam-stena seredip ömrüni ötürmelidäl ahyry. Näme etmeli!? Ilki bilen gyzyň joralary, dost-ýarlary bilmezýaly etmeli. Sebäbi olar gelip duýgudaşlyk bildiräýenlerindede Serwiniň ýüregi awamagy ähtimal. Şol sebäpli Mukam aga gyzynyň telefonyny alyp sim-kartasyny çykaryp döwdi. Soňra telefony işledip, içindäki kinodyr wideolary görüp, şol wideolara göräde gyzynyň ýatan ýerinde wideolary görmegi üçin başga meňzeş clipleri tapmagy zerur. Hemme telefonlar blokly. Gyzyňky hem... Mukam-aga ugur-tapyjy adam. Ol gyzyna garap:
— Gyzym, telefonyň çyzgyly-parolda duran eken. Emma göz-öňüňe getir, hemme çyzgy-nokatjyklar telefon nomeridir. Meselem ine şu çyzyk bir, bu ikinji sifir. Inni sen gözüňi gyrpda näçinji sifrda çyzygyň başlanýanyny aýt. Gözüňi iki gezek gyrpsaň "Ikinji" diýdigiň. — diýip Serwiniň göz gyrpmagyna garaşdy. Serwi göni "7" gezek göz gyrpdy. Muny çaltjak haýsydyr bir kagyza belläp alan Mukam aga:
— Inni ýedinji sifrda başlaýar, soň çyzyk haýsy sifra barýar? — diýeninden Serwi gözüni ýumup-saklap ýatlap, 3 gezek gözüni gyrpdy. Muny hem belläp alan Mukam-aga "Soňra...?" diýip soranyndan Serwi 9 ýa 10 gezek gözüni gyrpdy. Hasapda ýalňyşan Mukam-aga:
— Telefonyň klawişasynda 10-luk san ýok ahyry, ýa-da 9-my? - diýeninden Serwi göreçlerini aşak-ýokaryk hereketlendirip "Howwa" diýen manyny duýdurdy. Diýmek telefonyň çyzgyly-paroly 7-den 3-e we 9-a eken. Telefony açanyndan soň Mukam-aga:
— Gyzym, seň güýmenmegiň üçin kino, serial, clipler aljak hem palataňda telewizor goýdurjak. Sen ýat. Dynjyňy al. Özüňem aglama. Sagdyn bolup ylganyňda aglamakdan ýaňa gözleriň kör bolmasyn. Men soňrak gelerin. Darykma. Eger "Gal, gitme" diýseň galaýyn. Men telewizor getireýinmi? — diýip soranynda, Serwi gözlerini ýumup pikirlendi. Kakasynyň ýanynda oturany bilen hiçzat başa barjakdäl. Gowsy ugur-ýol alajyny gözlesin. Uzak wagtdan soň gözlerini açyp ýene "Howwa" diýen manyda göreçlirini aşak-ýokaryk oýnatdy. Kakasy ýaňybir gapydan çykjak mahaly gapydan iki sany ak-sakally, donly ýaşuly we iki sany garryja-ene girip:
— Essalawmaleýkim inim. — diýip saglyk-amanlyk soraşdylar. Mukam-aga bulary tanaman:
— Waleýkim, geliň ýaşulular. Sag-gurgunmysyňyz?
+ Saglyk inim saglyk...— diýip ýaşulylar az wagt juwan-gyzada, kakasynada göz aýlap dymdylar. Dymyşlygy Mukam-aga bozup:
— Ýaşulylar, bü neme, sizi tanamadymla!? Näme hyzmat?
+ Hä bizä "hal-ahwalyňyzy soraýaly, erbet ýaraňyzy paýlaşaýaly" diýip geldik. Gyzyňyz bilenem şeýle bolaýypdyr. Allajan emgek bolup geçsin. - diýeninden Mukam aga ýaşulylaryň we garryja-eneleriň "Töwella" üçin gelenini aňdy hem gahardan ýaňa bar gany depesine urdy. Ondada Mukam-aga ýaşulylaryň ýanynda edebi saklap, ýumrugyny gysyp:...

3-nji bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtor: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.
5 лайков 124 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
22 авг 2021, 17:14
LİKE dowamyna garaşýan
Annadursun
22 авг 2021, 23:38
Like
S❤
27 авг 2021, 13:28
Gowy pikiredipdirsiniz yatan gyzyn dilini tapmagy. Goz bn dil