IDEALLIDER-den "Ne öli öli ne diri" eser.

Ne öli öli ne diri.

Ir säher asudalyk. Ýoluň gyrasyndan bolsa "Gijä-hä galamok, emma näçe ir-barsam şonça gowy" diýip pikirlenýän Serwi çalt-çalt ädimleri bilen haýdaşlap işine barýardy. Şol ýöräp barşyna Serwiniň gapdalyndan bir maşyn wazlap swetaforyň ýaşyl reňkine ýetişjek boldy. Serwi bu maşynyň boluşuna aňkarylyp, ädimini hem haýallatman şol maşyny synlap ýoluny dowam edip gelýär. Bara-barmaga ýaňky maşyn swetaforyň sary-durmaly yşygyna düşäýse nätjek!? Ýaňybir geçdim bolanynda ol maşynyň öňünden başga bir maşyn çykyp, iki maşyn hem göz açyp ýumasy-salymda kül owram derejede eplenen wagtlary, bu ýagdaýy synlap duran Serwi hem gorkusuna yzyna öwrüldi. Şol yzyna öwrülen mahaly hem, ýaňky maşynlaryň biriniň tekeri gelip Serwiniň arkasyna ýelmäp degdi. Tekeriň zarbyna ep-esli ara zyňylan Serwi huşundan gidip ýere ýykyldy. Birnäçe wagtdan soň zordan gözlerini titir-titir gyrpyldadyp açan Serwi ýokaryk seredip ýatan ýerinden ýuwaşlyk bilen daş-töweregini synlap ugrady. Hassahananyň bir palatasyna meňzeş. Özi hassanyň koýkasynda-krowadynda ýatyr. Gözlerini açaryna jany-teni bilen ýarym-ýaş bolup garaşyp, synlap duran Serwiniň kakasy Mukam aga gyzynyň üsdüne abanyp:
- Gyzym, gyzymjan, köşeş, darykma ýat, gymyldama, saňa gymyldamak bolanok. - diýeninden Serwi elleri bilen maňlaýyny saklamak üçin hereket etjek boldy. Emma hiç-hili hereket ýok, eller gymyldamady. Muňa hopugan Serwi beýleki elini galdyrmak üçin hereket etjek boldy, bolmady. Üsdüne abanyp duran kakasy bolsa gyzyny gujaklap, aýak aldygyna "Köşeş, gymyldama, köşeş gyzymjan darykma hopugma" diýip ýalbaryp aglamjyrap başlady. Kakasynyň aglanyna, elleriniň hereket etmeýänine, has-da beter hopugan Serwi, aljyrap demi-demine ýetmän krowatdan turjak boldy, ellerini, kellesini göwresini galdyrjak bolup jan etdi, barysy biderek. Asuda suw ýaly ýatan gyzyň, ýeke gyly hem gymyldamady. Ne aýak, ne el, ne göwre, agyz, kelle, hatda barmaklarynyň hem hijisi gymyldanok. Serwi 95% ysmaz-paraliž. Diňe garaňky gijeden beter, garaja gözleri hereket edýär. Serwiniň içki ruhy ot-alýan alowýaly, deňiziň äpet tolkunlary sunamy ýaly, hereket edýär, emma bedeni... Merhum adamyň bedenine çalymdaş... Bolan zatlara akyly ýetsede, Serwi gymyldajak bolup, turup ylgajak bolup jan-edýärdi. Kakasy Mukam aga hem, Serwi hem gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdüler. Lukmanlar Mukam aga "Köşeşdirjek boluň" diýip öň berk tabşyrypdylar. Özüniň bu derejä düşenine ynanman Serwi bolsa zol-zol eýläk-beýläk gözlerini oýnadýar, göz-ýaşlary bolsa durman çeşme deýin akýar. Mukam agada "Gymyldama, köşeş, darykma" diýen sözlerini gaýtalap-gaýtalap ýalbarmagyny dowam edýär. Ahyry Serwiniň bedeni, fiziki-psihiki basyşlara(stress) çydamady. Serwiniň gulaklarynda, burnundan gan gelip başlady, ylahym beýle güni hiçkime görkezmesin. Mukam aga balasynyň hal-ýagdaýynyň beterleşýänligini gyzynyň gözleriniň oýnadyşyndan görüp-duýup:
- Lukman, Lukman, dogtarlar, kömek edäýiňdä, geläýiňdä biriň. Lukman! Lukman! - diýip palataň içini uly-goh edip dogtarlary çagyrmaga başlady. Hiçkim kömege gelmänsoň, Mukam aga towsanaklap palatadan daşary çykdy. Şol mahalam şeýle ýagdaýda birinji gezek ýeke galyp, buda stresleriň üsdüne goşulup, Serwi öz bedeninden birugsat gözleri bilen ýokaryk seredip huşundan gitdi. Az salymdan kakasy bilen Lukman otaga girdiler...

1-nji bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtory: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.
5 лайков 183 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
22 авг 2021, 17:00
LiKE
Maksat
22 авг 2021, 17:01
like
S❤
27 авг 2021, 13:18
Gyzykly
Derrew b eyleki bolumini okayyn
Mnden like