Ne öli ne diri. 10-nji bölüm.

Ne öli ne diri. 10-nji bölüm.

...Hany onda 45-ýaşly adama bu daglar ýardam edermikä ýa-da... Mukam-aga gowy ýol şaýyny tutunup, daga baryp, ol ýerlerdäki çopanlardan, ýaşaýjylardan, ähli duşan adamlardan "Şol syrly goja" barada soraşdyrdy. Kimler "Ol goja birmahal öldi" diýseler, kimleri "Bir aý-mundan owal akyly-üýtgän ol gojany plan ýerde gördük" diýip ýene başga ýerleri salgy berýärdiler. Şeýdip argynsyz gözleglerden soň Mukam-agan ýadap bir agajyň düýbünde oturdy. Şol mahal onuň ýanyna nirdendir birýerlerden çykyp, bir oglanjyk gelip "Seniň gyzyňa uly, üýtgeşik, täsin, bolmajak, başga hem haram hem halal güýç birzat gerek. Ol zat seniň başyňdadyr" diýip aýtdyda, ýylgyryp yzyna öwrülip gidiberdi. Mukam-aga oglanjygyň bu aýdanlaryna aňkarylyp-galyp, pikirlenip, oý-hyýallara çümüp, ol oglanyjygyň nirden gelip nädip gidenini hem bilmändir. Megerem bu şol "Gudratly goja" bolmaly. Adamlaryň arasynda "Okap ylymyň aňyrysyna çykyp bolmaýar, emma bärisine golaýlan alym-ahunlar, öz jynslaryny-sypatlaryny üýtgedip bilýärmiş" diýilen gürrüňlere Mukam-aga köp duşupdy. Ol hä diýmän gyzynyň ýanyna howlukdy. Gelse gyzy şol öňki boluşunda ýatyr. Şeýdip esli-günleri geçiren Mukam-aga "Nämäniň üýtgeşik güýji, nämäniň täsin bolmajak zady" diýip pikirlenip geziberen. Aýlar geçdi. Adaty günleriň birinde agşamlar, sagat 12 töweregi Serwi gündekikeri ýaly uka gidipdi. Asal hem öz işleri bilen gümrä. Mukam-aga şol hassahananyň ýokarky üçeginde, açyk howada, ol oglanjygyň aýdan zatlaryny aklynda jemlejek bolýar. Aşakda Serwiniň palatasynda bolsa... Ýuwaşlyk bilen Serwiniň ýatan palatasynyň gapysy açyldy. Otagda Serwiden başga hiçkim ýok. Ol giren "Adam" gara eşikde, ýüzi ýarym-nikapda, sakalynyň barlygy bildirýär. Ol adam ýuwaşlyk bilen Serwiniň ýorganyny(odeal) çekip aýyrdy. Serwi lampa-gözlerini açyp zähresi ýaryldy. Şondada arman hiç-hili hereket ýok. Serwi gabaklaryny-gyrpman, gözlerini-hanasyndan çykaraýjak bolup ol adamy synlap başlady. Ol adam hem özüniň synlanýandygyny bilip ýuwaşlyk bilen palatanyň aýnalarynyň tutylaryny(žalýuz-ştory) görünmezýaly ýapyşdyryp, soňra bolsa gapynyň gulpyny 2 gezek şarkyldadyp gulplady. Belki Serwi ol adamyň haram-pälini duýandyr, aglamakdan başga çäresi ýok. Kakasy Mukam-aga üçekde, jan-ýaly jorasy Asal öz işleri bilen gümra. A bu çala-ösgün sakally haramzada bolsa... Ol adam ýuwaşlyk bilen Serwiniň üsdüne münüp ornaşdy. Serwi ömründe beýle hala düşüpgörmänsoň, hatda ölümede kaýyl. Ol haram ýuwaşlyk bilen Serwiniň elini sypalap, soňra gollaryny, soňra boýununy owkalap ýuwaşlyk bilen öpmek üçin Serwiniň ýaňagyna golaýlady. Deýýusyň hyşşyldap-eşidilýän demini Serwi bar-bedeni bilen duýýar. Ol nejis aňyrbaşy merez bolmaly, gyzyň ýaňagyndan ogşaman uzyn dili bilen ýalady. Serwi içinden "Öleýin, öleýin, öldüriň, bilmäýin, duýmaýyn" diýip gaýtalap gözlerini ýumdy. Deýýus Serwiniň köýnegine elini sokup ýaňybir aýagyna degeninde "KAKA" diýip Serwi bogazyna sygdygyndan gygyrmaga başlady. Bu ne zat!? Hiçzat edip bilmeýän gyz özüne haýran galyp "Kaka, Kaka, Alla, kaka, Alla" diýip gygyrmaga başlanynda Mukam-aga "Gyzym" diýip gapydan okdurylyp girdi. Bu gara eşikde haramy, gyzynyň üsdünde görüp bir depdi haram aňry aşyrylyp, ýykylyp, hasanaklap otagdan çykyp ylgaşlady. Mukam-aga nämäniň nämeligine düşünmän Serwä aňkarylypgaldy. Serwi:
— Kaka, kaka, ol haram, meni, meni... Meni... — diýip sojap bar sesi bilen aglap, kakasyny gujaklap, hatda krowatda oturan ýerinden aýakalary bilen hem gujaklaýardy. Mukam-aga hem jogap edip gyzyny pamyk-pagta, ýelekdeýin emaý bilen gujaklaýar, sebäbi edil şu sekuntda gyzynyň hereket etmegine, gyzyny bagryna-basyp isleýşi ýaly gaty gujaklaýsa, gyzynyň oňurgasyna şikes ýetmegi ähtimal. Mukam-aga:
— Köşeş gyzym, ähli-zat yzda. Gitdi. Ýitdi. Senem gymyldaýaň. Hemmezat gowy. Köşeş. — diýip gyzynyň başyndan sypalady. Serwi hem:
— Men gymyldaýan, gymyldaýan, kakam, kakamjan...— diýip gaty köp wagt gujaklaşyp durdular. Esli wagtdan soň Mukam-aga:
—Men dogtarlary çagyraýyn, sen otur. Garaş...
+ Kaka meni ýeke taşlama...
— Bolýa köşeş, ine şu gapydan gygyraryn. Dogtar, Asal. Asal... — diýip Mukam-aga palatadan çykman hemmeleri gygyryp çagyrmaga başlady. Baş-dogtar gelip Serwini barlamaga başlady. Yzyndan Asal hem geldi. Mukam-aga Serwä eşitdirmän:
— Depenim üçin bagşla. Agyrmadymy!?
+ Ýokla, esasy zat meniň söýgüm aýaga galsa bolýar. — diýip Asal jogap berip ol hem gelip Serwini gujaklady. Inni ne öli däl, hökman diri.

Soňy. Yzy ýok. Tamam. Gutardy. Dowmy ýok. Tamamlandy. Dowamsyz. Başga bölümleri ýok. Nokat.

Awtor: IDEALLIDER
4 лайков 242 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
23 авг 2021, 12:32
Asal gyzmy yaa oglan?
Şeker
23 авг 2021, 12:44
Asal -gyz ady,türkmençe "Esel"köne söz ýagny "bal" diýmek
Halima_Oraztaganova
23 авг 2021, 12:46
Haha eserem beter gvy blpdyr wln onnada onun soñy beter gvy gutardypsynyzda...sony yzy yok tamam gutardy....???
Şeker
23 авг 2021, 12:47
Like
babahanowa_g
23 авг 2021, 13:22
ýetireniňize minnetdar!!!
örän gyzykly eser!!!
NIGHTSTAR
23 авг 2021, 13:57
Gaty gyzykly eken :-)
S❤
28 авг 2021, 12:58
Penany tutdurmaly ekeniz o deyyusy bos goyupsynyz