Ýalňyzlyk

Güneş batdy daştöwerek garaňky,
Cerlekdir tomzaklar başlady saza.
Otyryn menem ýekeje özim
Olaryň calýan sazyny diňläp.

Köcämiz ümsümlik, hemmesi toýda
Goňşymyz toý etýar, men bolsa öýde.
Belki olar joşýandyrlar ``Baharda``
Bir-birinden owadanja tans edip.

Aý menem ýeke däl dostlarym ýetik,
Iki gecim, birde pişijegim bar.
Ondan başgada ketejigiň icinde
50 sany owadanja jüýjäm bar.

Asmanda-da birnäce sansyz ýyldyzlar,
Ay bilen bileje mana bakýarlar.
Menem synladym olary bir az
Olar meni tanamady, menem olary.

Aýtmasy birhilirak bolsada belki
Näme ücindir ýatlaýan seni.
Ýüregim gysýardy kararym ýokdy
Seniň bilen dertlaşesim gelýardi.

Emme sen ýokdyň, ýazan hatlaryň bardy.
Gaýtalap, gaýtalap okadym esli.
Soňrada elime alyp ruckamy
Ýazdym sen hakda bir sany goşgy.

Men şahyr däl, ýönekeýje oglanjyk.
Ýöne men onda-da, ýazdym bir goşgy
Bu goşgymy okap gatygöme dost,
Bagyşla sen meni! Bagyşla meni!!!



Bellik "Bahar" - restoranyň ady.


Awtory: Pashka
2 лайков 125 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
23 авг 2021, 13:02
O diyen däl! Manysy belki bar welin kapya hiç hili yok!