Günleriñ bir gûni menem ölerin

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Umydym üzerin ýagty jahandan.
Şol tabydym göterlende asmana,
"Gowy adam": diýen boluñ ýalandan.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Zar çekip aglarlar kyrkyma çenli.
Dost, dogan, garyndaş hemmesi üýşdi,
Geliñ geçiñ töre çaýlaram demli.

Ýöne mende dem ýok, jan çykdy tenden,
Ana şol gün geldi, aglamañ goýuñ.
Men siz üçin kimdim ýönekeý ynsan,
Men sizi doýurdum, mensiz bir doýuñ.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Aý borla Jemşitdir gitse hiç bolar.
Bir pursadam meni ýatlap gynanmañ,
Ýöne gynansañyz belki giç bolar.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
El çekerin dünýäñ ähli zadyndan.
Emma meniñ ýekeje bir haýyşym,
Gowlyk bilen tanalaýyn ýadyñda.

Günleriñ bir güni menem õlerin,
Saralmasyn geýdirilen kepenim.
Elimiñ ustune goýup başymy,
Goşgy ýazdym, doñup galdy çep elim.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Ýaşaýjysy bolup mazarystanyñ.
Baş ujymda aglanlara seredip,
Aglamañ diýerdim, ýetmez zybanym.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
4 лайков 241 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
25 ноя 2023, 01:49
Aýda birje gezek alýan aýlygyň,
Bazarda bir günde sowulşy ýaly.
Jemşit däl, bir güni hemmeler öler,
Günleriň bir güni dogulşy ýaly.
Süleýman
25 ноя 2023, 16:06
Massimus,
goşgyny özüň ýazdyňmy üýtgeşik setirler dolylygna ýokmy
Massimus
25 ноя 2023, 16:25
Hasratly ýürek,
Bu reklama, galany pully:)
Venus
25 ноя 2023, 17:08
Massimus,
Setirine 10$ diý agam))
Venus
25 ноя 2023, 17:11
Dünýe myhmanhana, a men myhman däl,
Ynanmaýan geläýsinde, göräýsin.
Soho
25 ноя 2023, 17:26
Massimus,
Super brat
Myrat
26 ноя 2023, 21:21
Gowy goşky!
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:09
Çynnanam özüň ýazdyňmeýý şuny?
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:10
Wir hillli özüň ýazan bolpduňda
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:10
*özüň ýazan
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:10
*özüň ýazan ýaly
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:10
*özüň ýazan ýaly
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:11
*özüň ýazan ýaly
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:13
Jemşit halypa bileňä özüň seň dörödüjülügüňe nähili "ullakanbeýigräkdenşymmylkädi"ýaly hormat goýýanymy. Döressene bizem okaly irmän
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:14
"Şü şymmylkädi sözüniň nirden ol sözüme gelenine özümem haýran??‍♂️ haýyran galaýymaly
Edepli Gödek
27 ноя 2023, 18:14
Ýo ýöne sen bet ýazeňneý näme diýseňem
ýüreksözi
28 ноя 2023, 00:15
Olsem men yzymdan aglasan bolman
Dirikam yuregmi sogryp gidenler