Ýüregimde bir hassalyk bar, dogan: Kimi söysem şondan gidesim gelýär.

Bu şäherde üýtgeşik bir bagt bar,
Penjiresi yşyk saçyar her öyüň.
...Halys öwrenşemok bu seýrek bagta,
Meni şu şäherden çykaryp kowuň.

Köçelerde gatnaw-gatnaw adamlar,
Nirden gelip, Nirä barýar - bilen yok.
Menem biri taşlap gitdi şu ýere,
Kimdigini, nirdeligni bilemok.

Sowuldy jebirli günleriň ýasy,
Gopup gitdi ýaralaryň kesmegi.
Tenha köçeleriň diwarlaryna
Siňipdir sergezdan itleň sesleri.

Sany-sajagy ýok jogapsyz jaňlaň,
Islemeýän ýakyn dostdan haraýam.
(Meni çyn yürekden söyen adamlar,
Sizin ählinizden ötünç soraýan).

Birmeňzeş günleriň sagady durdy.
Ähli otaglardan öz sesim gelýär.
Ýüregimde bir hassalyk bar, dogan:
Kimi söysem şondan gidesim gelýär.

Begençgeldi ORAZOW
8 лайков 179 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:46
Gijeler şeýle garaňky bolany üçin olary görübem bolanok.
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:47
Ýaşaýyş adamlaryň gaty köp wagtyny alýar.
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:47
Şahyrlar — dünýä döredilmezden ýüz ýyl ozal doglupdyr.
R.Gamzatow
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:48
«Öň diýmäge söz tapmazdym öňüňde,
Indi söz tapýan-da, seni tapamok...»

D.Garkyn
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:50
Bulut ulam welin, kölegesi kiçi-le? Geň galaýmaly!
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:51
Her gün durmuşymda soňky günüm diýip ýaşaýan, ahyr bir gün dogry bolup
çykar...
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:51
Belki aglaýanyň däl, duýgusyny gizleýäniň söýgüsi güýçlidir.
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:52
Hemmeler bir aýakdan sürülse, iki aýaklylaryň dat günine.
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 03:57
Agyrmaýan kesel agyrýan keselden has beterdir.
Garlawaç
Автор 15 окт 2023, 04:01
Hatda onuň dymmasynda-da grammatik ýalňyşlyklar bardy.
Süleýman
15 окт 2023, 10:37
inçe duýguly setirler ýetirenňize sagboluň