Salam

Salam. Gowmy ýagdaýlaryñyz? Şu goşgyñ
" Ýùregimde bir hassalyk bar dogan,
Kimi sòýsem şondan gidesim gelýàr"
doly gòrnusin goyayyn bar bolsa.
2 лайков 206 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
23 апр 2023, 23:44
Salam.

Bu şäherde üýtgeşik bir bagt bar,
Penjiresi yşyk saçýar her öýüň.
…Halys öwrenşemok men beýle bagta,
Meni şu şäherden çykaryp kowuň.

Köçelerde gatnaw-gatnaw adamlar,
Nirden gelýär,
Nira barýar –
Bilen ýok.
Menem biri taşlap gitdi şu ýere,
Kimdigini, nirdeligni bilemok.

Sowuldy jebirli günleriň ýasy,
Gopup gitdi ýaralaryň kesmegi.
Tenha köçeleriň diwarlaryna
Siňipdir sergezdan itleň sesleri.

Sany-sajagy ýok jogapsyz jaňlaň,
Islemeýän ýakyn dostdan haraýam
(Meni çyn ýürekden söýen adamlar,
Siziň ähliňizden ötünç soraýan).

Birmeňzeş günleriň sagady durdy,
Ähli otaglardan öz sesim gelýär.
Ýüregimde bir hassalyk bar, dogan:
Kimi söýsem, şondan gidesim gelýär.

Begençgeldi ORAZOW
LIDER
24 апр 2023, 00:35
Mena goshgy bn aram gowy dal Sonagul
senagul
Автор 24 апр 2023, 10:16
Pegas,
Sagboluñ Şahyr
senagul
Автор 24 апр 2023, 10:28
LIDER, zyyany yok, janyn sagbolsun Lider akga.