Ruhy dünýämiň şahyry

BU ŞÄHERDE

Bu şäherde üýtgeşik bir bagt bar,
Penjiresi yşyk saçýar her öýüň.
…Halys öwrenşemok bu seýrek bagta,
Meni şu şäherden çykaryp kowuň.

Köçelerde gatnaw-gatnaw adamlar,
Nirden gelip,
Nirä barýar –
bilen ýok.
Menem biri taşlap gitdi şu ýere,
Kimdigini, nirdeligni bilemok.

Sowuldy jebirli günleriň ýasy,
Gopup gitdi ýaralaryň kesmegi.
Tenha köçeleriň diwarlaryna
Siňipdir sergezdan itleň sesleri.

Sany-sajagy ýok jogapsyz jaňlaň,
Islemeýän ýakyn dostdan haraýam.
(Meni çyn ýürekden söýen adamlar,
Siziň ähliňizden ötünç soraýan).

Birmeňzeş günleriň sagady durdy.
Ähli otaglardan öz sesim gelýär.
Ýüregimde bir hassalyk bar, dogan:
Kimi söýsem şondan gidesim gelýär.


Begençgeldi ORAZOW.
4 лайков 159 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:22
Hemme şahyr saňa aşykmydy? Her okan goşgymda sen barsyň!..
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:24
Kä wagt, seniň barlygyňy duýmaklary üçin ýitip gitmeli bolýar...
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:24
Bu şäherde bir kemçilik bar. Hiç köçesinde sen ýok...
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:28
Gül satýanam, aşygam: «Gülümi alýan ýok» diýip nalady.
(Oraz Ýagmyr)
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:28
Alla saňa diňe kalby berer, içini özüň doldurarsyň.
(Şemsi Tebrizi)
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:31
47.Unutma! Garaňkydan ybarat diwarlarymyň senden başga penjiresi ýok.
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:31
Bizi ynjydýan sözler däl, sözleri kimiň aýdanlygydyr
Garlawaç
Автор 27 сен 2023, 00:32
Men ulalmaryn-la... Henizem şo-ol çaga ýaly täsinliklere, söýgä we gowy adamlaryň bardygyna ynanyp ýörün :))
OrazMuhammet Aşyrow
27 сен 2023, 06:38
Indi oturda agla göz ýaşyň tükenýänçä (öz özüme beren göwünligim..)