Noýabr gijesi
Neçün gussa şat günlerden tiz gelýär?
Nirä elter ykballaryň öwrümi?
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?
Adat bolan endigine baş goşup,
Ýaprak bilen hoşlaşyp dur agaçlar.
Ýaşap ýörseň, ýene birje ýaş goşup,
Öňkisi deý geçip gider bu gyşlar.
Sany azalýarmy munda ýagşynyň,
Il dilinde "adamçylyk" ölüpdir.
Tygşytlylyk diýip öljek goňşumyň
Daşarky çyrasy ýene sönüpdir.
Bütin dünýä bilen habarly ýaly,
Bilmän durkam obamyzyň çetlerin.
Gije örän ümsüm - onkiniň ýary,
Sesleri ýok "hat alyşýan" itleriň.
Kalpdaky gohlary diňlejek bolýan,
Şondan uly, aýylganç bir ses bamy?
Ulydan dem alyp, ýeňlejek bolýan,
Içimden çykaryp gyzgyn tüssäni.
Bolanlary bir men bilýän, güýz bilýär.
Şükür diýip, awlap ýörün göwnümi.
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?
Ylham GURBANALYÝEW
24.11.23
Nirä elter ykballaryň öwrümi?
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?
Adat bolan endigine baş goşup,
Ýaprak bilen hoşlaşyp dur agaçlar.
Ýaşap ýörseň, ýene birje ýaş goşup,
Öňkisi deý geçip gider bu gyşlar.
Sany azalýarmy munda ýagşynyň,
Il dilinde "adamçylyk" ölüpdir.
Tygşytlylyk diýip öljek goňşumyň
Daşarky çyrasy ýene sönüpdir.
Bütin dünýä bilen habarly ýaly,
Bilmän durkam obamyzyň çetlerin.
Gije örän ümsüm - onkiniň ýary,
Sesleri ýok "hat alyşýan" itleriň.
Kalpdaky gohlary diňlejek bolýan,
Şondan uly, aýylganç bir ses bamy?
Ulydan dem alyp, ýeňlejek bolýan,
Içimden çykaryp gyzgyn tüssäni.
Bolanlary bir men bilýän, güýz bilýär.
Şükür diýip, awlap ýörün göwnümi.
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?
Ylham GURBANALYÝEW
24.11.23
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.