IDEALLIDER-den "Ne öli ne diri. 9-nji bölüm"

Ne öli ne diri. 9-nji bölüm.

...Serwiniň aljyramagynyň sebäbi ol posa-ogşalmak ýönekeýdäldidä. Ýagny Asal Serwiniň ýaňagyndan ogşanda, Asal iki-dodagynyň arasyndan çalaja dilini çykaryp, Serwiniň ak-gyzyl ýaňagyndan çalaja bäbegiňkiýaly bir-wagtda hem ogşady hem ýalapgöýberdi. Mümkin Asal oýun edendir, degişendir, mümkin ogşap bilýändäldir, belki bu başga birzatdyr... Mukam-aga gyzynyň ähli zadynyň gowlukdygyna anyk göz-ýetirip, gyzyny aýaga-galdyrmagyň ugruna çykdy, başdada belleýşimizýaly Mukam-aga gyzyny aýaga galdyrmak üçin hatda "şeýtan" bilen hem iş salyşmaga razy. Näme, nämeler nämeler etmeli!? Hazar-prokuror bilen Toýlynyň turuzan tupany, gyzynyň hal-ýagdaýynyň ýanynda hiçzat. Mukam-aga gyzynyň ýanynda Asalyň barlygyna arkaýynlanyp "Bir zat bolsa jany bilen goramagyny" Asalyň boýnuna goýup, hassanadan çykyp gitdi. Nirä gitmeli, kimiň ýanyna barmaly??? Herkim beýle ýagdaýda bu soraga jogap tapyp bilmez. Emma Mukam-aga paýhasly adam. Ol Mukam-aga şol owalky hossarsyz-gyzyň obasyna baryp, ol obanyň iň uly ýaşulysynyň öýüni tapyp, şol öýe bardy. Jaý aramlyk halda. Gapyny kakyp Mukam-aga jaýyň daşynda jogaba garaşdy. Öýüň içinden uly ýaşly ak-sakal ýaşulynyň sesi eşidildi:
— Geliber, giriber.
+ Ýaşuly Salawmaleýkim. Sagaman-otyrsyňmy?
— Waleýkim inim. Saglyk-amanlyk. Gel-geç. — diýip Ýaşuly radio diňläp, gazet okap oturan ýerinden Mukam-aga göz aýlap, oturmak üçin, öýüň töründen ýer görkezdi. Soňra ýaşuly agtyjagyny çagyryp:
— Aý gyzym. Gel hany, çaý-nahar al. — diýip myhmana hödürledi. Mukam-aga, hojalygyň artyk-aşa zadynyň ýoklugyny hem özüniň howlukmaçlygy sebäpli:
— Ýaşuly, azar-edinmäň. Men bir az howlukmajyrak.
+ Hä inim azary bolmaz. Howlukmaç bolsaň habaryňy ber. Tanamadymla!?
— Ýaşuly aňrymyz şäherli. Kakama Halyk, atama Nejep-aga diýerler. Men hem şäherdede obadada Mukam-aga diýip tanalýan eşiden bolsaňyz...
+ Hä howwa. Şol hossarsyz 10 çagalyja maşgala göz-gulak bolýan Mukam diýsene...
— Howwa ýaşuly. Bolanymyzdan ol maşgala bilenem paýlaşýan.
+ Howwa inim aýdyber, diňleýän.
— Diňleseňiz ýaşuly maňa bir öwüt berjek gerek. Dogrysy gyzym hiç gymyldysyz, paralij bolup ýatyr. Ilki bilenä ähli zat Alladan geler, soňam, şondada adam çyg süýt emen, balasyna alaç gözleýär. Dogtarlar "Turjagyna biziň ynamymyz bar, ýöne haçandygy, nädipdigi bellidäl" diýýärler. Şoňa ýardam edip biljek islendikzadyň gözleginde. Sizem bir zatlar maslahat berip bilseňiz!?...
+ Şeý diýsene. Wah inim bu ugurdan bilýänzadym ýokdyr. Haý bilmedimdä...— diýeninden Mukam-aga ýüzüni sallap umytdan düşdi. Biraz dymyşlykdan soň Mukam-aga:
— Haý... Borda ýaşuly. Sag-oturuň. Men ýola düşeýin...— diýip ardynjyrap hoşlapşyp ýerinden turup, gapa ýöneldi. Mukam-aga ýaňybir gapydan çykjak mahaly ak-sakal ýaşuly saklap:
— Ýogsada Mukam. Ahmyr-goja barada eşidipmidiň!?
+ Ahmyr-goja. Ýok.
— Ol pahyr dünýede bar bolsa sen şoň ýanyna bar, belki kömegi deger. Barybir ýitirýän zadyň ýok. — diýip Ýaşuly ýerinden turup, Mukam-aga bilen bile daşary çykyp:
— Şu dagy görýäňmi? Şo dagyň eteginde "Keýik-Şah-ujy" diýip ýeri bardy. Ol goja şol dagyň derelerinde, düzlerinde ýatyp-turup şol ýerde ýaşaýar. Ol adamlaryň arasyna hijem gelenok. Kämahal meň ýolum düşse şol ýere baryp, zordan gözläp-tapyp hal-ýagdaý soraşyp gaýdýan. Ol goja "Köp-okymyş" köp kitaplar okap köp-zady başdan geçiren derwüş. Kimler oňa "Ters okan" diýseler, kimler ony "Ahunlyk" derejä galdyryýarlar. A kimler bolsa "Ol goja iki güýjiň arasy" diýip aýdýar. Ýagny "Halallyk bilen Haramlygyň arasyndaky adam" diýýärler. Sen ýanyňa köpräk suw al, iýmit al. Şol dagdan şol gojany gözle. Şol hökman kömek eder. Ýanyňa köpräk süýji hem al. Ol goja süýjini gowy-görýändir. — diýip ýaşuly ýylgyrdy hem Mukam-agany ugratdy. Mukam-aga wagt ýitirmän aýdylan ýere ulag hakyna tutup barjak bolanda ol ýerde ýoluň ýoklugyny bildi. Hany onda 45-ýaşly adama bu daglar ýardam edermikä ýa-da...

9-njy bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtor: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.
5 лайков 166 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
babahanowa_g
22 авг 2021, 20:13
eser näçe bölüm
Ogulşirin Bayramowa
22 авг 2021, 20:15
Dowamyna garaşýan!
IDEALLIDER
Автор 22 авг 2021, 20:17
eziz babahanow,
Gyzygy bolmaz!
babahanowa_g
22 авг 2021, 20:18
IDEALLIDER,
goýaýyňdaaa dowamyny
IDEALLIDER
Автор 22 авг 2021, 20:31
eziz babahanow,
Hökman goýular!
babahanowa_g
22 авг 2021, 20:32
IDEALLIDER,
nesip bolsa
Men_we_Sen
22 авг 2021, 22:12
????
Anjela
23 авг 2021, 05:49
Jora bet yazyjay sen ?
S❤
28 авг 2021, 12:53
Birazyrak? uytgejek bolyamy!