IDEALLIDER-den "Ne öli ne diri. 8-nji bölüm"
Ne öli ne diri. 8-nji bölüm.
Elbetde "Ar-namysyň, diniň, çagasyna-bolan söýgüniň we gahar-gazabyň" birleşip görülip-eşidilmedik güýç ýasaýandygyny ýaş-prokuror Hazar entek bilenok. Şondada inni näme jogap ederkä!? Hazaryň uzak wagt dymyp-pikirlenip oturanyny synlamakdan ýaňa takady gutaran sudýa:
— Bejidow, biz, zal, ähli adamlar size garaşýar. Dowam ediberiň. Ýaňky soran zatlarym barada maglumat sizde barmy? — diýeninden Hazar, gözlerini ýerden galdyryp:
— Ýok hormatly sudýa. — diýip mundan başga hiç-hili hüjüminiň ýoklygyny anyk duýdurdy. Sudýa esbaplaryny ýygnap:
— Beýle ýagdaýda, emin-agzalar we oturdaşlar bilen anyk netijeler çykarmak üçin, sud 1 sagada golaý arakesme alýar. Iş 12:00-da dowam eder! — diýip çekijini kakyp zaldan gitdiler. Mukam-aga oturan ýerinden birjigem bytnaman, suda garaşmagyny dowam etdi. Hazar haýal ädimler bilen Mukam-aganyň ýanyna baryp:
— Mukam-aga, ýalňyşanlygymy duýýan. Daşary çykyp belki bir käse kofe içers!? — diýip az-kem ýylgyrdy. Başga adamlar bolanlygynda edilen hezzete "Ýok" diýmän ylalaşar. Emma akylly-paýhasly, başga adamlardan başy çykýan Mukam-aga öňünde "Tilkiniň sapalagynyň" barlygyny gaty-gowy duýýar. Hazaryň hem niýeti ýaşula ilki gowy görünip, soňra eýdip-beýdip gaharyny getirip(prowakatsiýa) sözlerinde-azaşdyryp ýalňyşdyrmak. Mukam-aga garry-köne möjek, elbetde ýüz-döndürdi. Beýle ýagdaýlarda wagt hem çalt geçýär. Göni 1 sagatdan jogaplar taýyn. Sudýa gelip öz-ýerine ornaşanyndan soň netije çykardy:
— Hormatly egindeşler, şu günki sudymyzy dowam edýäs. Ýagny "Raýat Mukam-agany, ýurdumyzyň 184-maddasyna laýyklykda bigünä" diýip yglan-edýäs. — diýip çekijini urdy. Hiçkimden begençli ses çykmady. Bir Mukam-aganyň göwnüne nur çaýyldy. Ähli halk sessiz-otyrlar. Hazar, Pena, ýene olaryň nökerleri, gahardan ýaňa gözleri hanasyndan çykaýjak bolup titreşýärdiler. Sud-işgäri gelip Mukam-agany saklawdan boşatdy. Mukam-aga çaltlyk bilen sud-jaýyndan çykyp gyzynyň ýanyna howlugýar. Haýdaşlap barşyna, Pena onuň öňünden çykyp, Mukam aganyň egninden eli bilen saklap:
— Entek hemmezat gutarmady. Dowamy bolar. — diýip gülümsiredi. Mukam-aga Penanyň elini kakyp egninden aýyrdyda:
— Sen maňa "Para aldy" diýip aýtdyň. Sud bolsa seň aýdanlaryňy ýalana çykardy. Beýle diýmek "Sen maňa töhmet atdyň" diýmekdir. A ýönekeý raýata töhmet atmagyň hem statýasy bar. Dowamy şu bolar. Garaşyber!!! — diýip ýoluny dowam etdi. Az-wagtda gyzynyň ýanynda häzir bolan Mukam-aga Serwiniň hal-ahwalynyň gowydygyny bilip uludan demini aldy. Şeýdip ataly-gyz günlerini ne kösençlikde ne gowlukda geçiriberdiler. Serwiniň kakasy hem, inni ýakyn bolmasada jorasy Asal hem onuň ýanyndan uzaklaşanoklar. Öň gelip, Serwiniň ýanynda oturup Asal bilen gürleşen gyzjagazdan hem hiçhili, gowy ýa erbet habar hem bolmady. Belki sagalandyr, Asal hem aýtmagy unudandyr, belki... Serwi beter gynanmasyn diýibem aýdandäldir. Anyk zat ýok. Asal bilen Serwi bolsa gün geldigiçe ysnyşýarlar. Asal "Eger men Serwi gyza çyn ýüregim bilen azap çekmegimiň üsdüne, ruhum bilen sagalmagyna ynamymy goşsam onda Serwi hökman aýaga galar" diýip ynanýar. Asal her gün gelip Serwiniňi ellerini, kellesini, bedenini, aýaklaryny, tas-hemme ýerlerini owkalap-massaž edýärdi. Şeýle günleriň birinde Asal adatdakylary ýaly Serwiniň ýanyna gelip:
— Salam jorajan. Gowmy ýagdaýlaryň. Bu gün saňa gowy kino getirdim. Ady nämedä, ol hä "Сумерки". Öňem gördüňmi? — diýip Serwiniň jogabyna garaşdy. Serwi bir gezek gözüni gyrpyp "Ýok" diýip jogaplanyndan soň Asal kinony bile görmäge başladylar. Asal bolsa Serwiniň endamyny owkalap, ahyry bolup:
— Bor jora, men çykaýyn. Işim bar. Sen görüber. — diýip çykjak wagty Serwiniň ýaňagyndan ogşap:
— Wii bagşla, sorap ogşamalydym. Ol neme... Sennnn garşydälsiňä!? — diýip sorady. Serwi hem aljyrap näme jogap berjegini bilmän hopugup "Howwa garşydäl" diýip Asal bilen ylalaşdy. Serwiniň aljyramagynyň sebäbi ol posa-ogşalmak ýönekeýdäldidä...

8-njy bölümiň soňy. Dowamy bar.
Awtor: IDEALLIDER.
Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.

26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.