IDEALLIDER-den " Ne öli ne diri. 6-nji bölüm"

Ne öli ne diri. 6-nji bölüm.

...Bolýa, siziň ýagdaýyňyzda sudy çaltlaşdyraýars!!! — diýişip gapydan çykyp gitdiler. Mukam-aga şübhelenmekde saklanyp, suda garaşyp bu jaýda galyberdi. Gideýin diýendede hukugy ýok. Serwi bolsa, irden giden kakasynyň, günortana çenli gelmedigini alada edip ýatyr. Aslynda gyzyň bar arka-daýanjy kakasy, ol hem "oglandan ar-almagyň ýerine pul-para çolaşypýör" diýen pikrde. Aý ahyrynda ýene kakasyda, howandaryda. Ondan başga ýaplanjagy ýok. Mukam-aga hem gyzyna "Etjeklerini düşündirmän" gideniniň sebäbi, şeýle hereket etseň ynamyň berkeýänligini bilmeginde. Ýagny sizhärä ýagşylygy bildirmän etseňiz, başgalar hem eden ýagşylygyňyza ýamanlyk diýip düşünseler, ahyrynda bolsa ähli edilen ýagşylyklaryň üsdi açylsa, ýamanlyk diýip pikir edenler sizden utanarlar. Bu zatlary bolsa ýaş-gyz Serwi bilenok ahyry... Serwi öz-palatasynda naalaç kino görüp ýatyr. Kino gyzyganokla, nädibem bolsa gymmyldajak bolýar. Bolmanda barmaklarynyň ujuny. Ýok. Bolanok. Hiç gymyldysyz. Birdenem Serwiniň gözi ýene gapyň agzyndaky duran şol irdenki çagajyga düşdi. Ol çagajyk ýene aňkarylyp, Serwiniň ýatyşyny boýdan başa-synlaýar. Serwi ýene gözlerini ýumup, içinden dileg-etmäge başlady, ýene azajykdan gözlerini açsa, bu gezek çagajyk Serwiniň gapdalyndaky oturgyçda otyr. Serwiniň ýüregi ýarylyp hopugup, gözlerini elek-çelek edip aljyraňňylyga düşdi. Diňe gözleriniň oýnaýanlygyny geň gören çagajyk hem Serwiniň gymyldysyz ýatyşyna haýran-galmak bilen synlaýar. Serwi bar-bedeni bilen çagany ugratjak bolýardy. Emma peýdasyz. Gyzjagaz Serwä garap:
— Sen nämçün ýatyrsyň? Ýatyp ýadamadyňmy? — diýeninde Serwiden hiç-hili jogap ýok. Ahyry hem gapydan şepagat uýasy=ýaş gyz dogtar girdi. Girip:
— Salam Serwi. Men siziň täze şepagat-uýaňyz, dogtaryňyz. Inni siz meniň gözegçiligimde. Adym Asal. Häää Jennetjik senem bärdemiň, ejeň seni gözlemezmi? — diýip Serwiniň gözlerine seretmän, Serwiniň jan-saklaýyş apparatlaryndaky ýazgylary öz depdderine belleşdirip başlady. Ýarawsyz gyzjagaz:
— Asal, bu gyz nämçün gymmyldanok?
+ Ol hem ýaranok.
— Menýaly keselläpdirmi?
+ Aýýý bu joramyzda kesel ýok. Ol... Ol ýöne soooooň ýöräp başlamaly? — diýeninde ýarawsyz-gyzjagaz oý-pikire batdy. Soňra bolsa, ýaşaýyşdan, umutdan doly gözleri bilen begenip:
— Asal, men barybir ölýän ahyry, janym biderek gideninden... Janymy bu gyza beräýiň. Bu gyz ýöräýsin. — Diýip Asal-dogtaryň jogabyna umydygärlik bilen garaşdy. Asal, ýarawsyz-gyzjagazyň duýdansyz bu jogabyny eşdip, üsdünden gaýnag suw dökülenýaly bolup, bir-hili bolup aňkarylyp durdy. Näme jogap tapjagyny bilmän esli wagt synlap durduda, baryp ýarawsyz-gyzjagazy gujaklady. Serwi gözlerini gyrpman gyzjagaza seredýär. Asal gyzjagazy gujaklap-durşuna:
— Wahhhh janajygym, käşkä başga adamlaryň ýüregi hem seniňki ýaly bolaýsadyda. Aklyňa döneýin mähribanym. Gynansakda beýle edip bolanoga...
+ Nämçün bolanok? Men berýänä, agyrsada agyrsyn. Çydaryn...
— Balajygym... Oňa biz-dogtarlaryň güýji ýetenok. Ýör öz-palatamyza baraly. — diýip gynandy hem Asal gyzjagazyň elinden tutup çykmakçy boldy. Gyzjagaz tä palatadan çykýança Serwiden gözüni aýyrmady. Dogtarlar gyzjagaza, aňyrsy 1 aý hasap-goýupdurlar, şol wagt dolar-töweregi gyzjagaz... Gyzjagazyň bu halyna ýeketäk-biribar kömek edip biler. Emma oňada iň gowysy gerek. Bir-näçe wagtdan soň, Asal, Serwiniň ýanyna dolanyp gelip, onyň ýanynda oturup:
— Gyzjagaz, ir-gitýänine gaty gynanýar. Hiçzat kömek edip bilemzok. Adamlaryň arasyndada gowular gaty köp. Halaýyk-millet bolup pul goşuşdular, operatsiýada arkaýyn başlabermeli. Emma gyzjagazyň ejesi gelip, dogtarlardan "Dogtar, anyk aýdyň. Gyzjagazymyň sagalmasyna umyt barmy? Ýok bolsa gyzymy operatsiýalar, kesim-çapymlar bilen kösejekdäl. Gyzjagazym bu dünýe bilen hoşlaşsa, onda ol dünýede duşarynda" diýip sorapdyr. Dogtar dogrysyny aýdypdyr. Şol sebäpli inni ol gyzjagaz öz-wagtyna garaşýar. Wii ýogsada biz jora-bolup bilersmi? Sen gözleriňi çalt-çalt gyrpsaň "Howwa" ýumup saklasaň "Ýok" diýdigiň!?... — diýip Asal Serwiniň jogabyna garaşdy. Howwa, Serwi Asal bilen razylaşdy. Asal ýene:
— Işime degişli hemdäl weli, elleriňi-aýaklaryňy owkalasam, peýdasy degmezmikä!? — diýip Asal ýuwaş hem emaý bilen Serwiniň ellerini owkalap başlady.
Ertesi irdene çenli prokuraturanyň saklanyş-jaýynda, öz suduna garaşyp oturan Mukam-aganyň pikirlerini Hazar gelip böldi:
— Ýaşuly. Sudumyz başlady. Baralyň... — diýip, Mukam-aga bilen tirkeşip sud-jaýyna bardylar...

6-njy bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtor: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.
2 лайков 140 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Annadursun
23 авг 2021, 00:11
likee
S❤
27 авг 2021, 22:14
Mbah
S❤
27 авг 2021, 22:15
Mbahmndn like