Ýazylmadyk goşgularym..

Bu neneňsi durmuş, bu niçik ahwal,
Ömür maňa berlen, ýöne meňki däl.
Özge birniň ýazan kada-kanunna,
Uýup ýaşamaklyk adatmy munda?
Eginlerňi gysyp, başyňy egip,
Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp.
Özgäň göwni diýip, öz göwnüň döwüp,
Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp,
Kalbyň aram tapman çekýärkä jebir.
Ýaşamagam agyr, ölmegem agyr.



Belki-de bu zatlar meň göwnümedir.
Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir.
Ýöne meň kalbymyň gussasy nedir?
Belki gamlanmaga sebäp hem ýokdur?-
- Diýsem-de, ynam ýok, pany pelekdir.
Onda näme üçin meniň kalbym hem,
Aglap bilmän dymýar bulutlar ýaly.
Nämüçin gussaly geldikä ylham?
Entek bir goşgy hem ýazmadym doly.
Wagt ber bir şygyr döreder ýaly...

0 лайков 123 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
07 сен 2021, 19:42
Dani nirä okuwa girdiñ