Kakama.

Ol gün gar ýagypdy diýýär ejem-ä,
Şondan başga ýokdur meger, bilýänem.
Dönüp misli gelnaljyly kejebä,
Kaka, girendirin seniň dünýäňe.

Gijelerne aglap ýatan däldirin,
Uklap bilmän, ýürek-bagryň ýakansyň.
Belki, seň göwnüňe ýeten däldirin,
Belki, her dem buýsanç bilen bakansyň.

Aýak bitip, ýörjen-ýörjen bolansoň,
Oýnandyryn öýe köwlenip bilmän.
Belki-de sen menden nadyl bolansyň,
Öwretjek zatlarňy öwredip bilmän.

Bar zat geçdi gitdi sil ýaly bolup,
Günleriň kirini ýuwdy ýagyşlar.
Başarmadyk bolsam il ýaly bolup,
Kaka, kelpez perzendiňi bagyşla!

Serimde ýaşlygyň yşky gaýnaýar,
Bilmedim joşgunmy ýa boş salgymmy?!
Durmuş derýasynda boýum boýlaman,
Ýa-da deň-duşlamdan üzlüp galdymmy?!

Günleň tüweleýne erk edip bilmän,
Gökde gaýyp ýören tozga ýaly men.
Bilmedim, nireden serime gelýär,
Öz ykbalym üçin özge ýaly men.

Kalbymyň gül açyp, joşmaly wagty,
Deprege däl, aşyk boldum gyjaga.
Meger, şonuň üçin Aýdan-a ýagty,
Gijedenem ylham girýär gujaga.

Gynanma, joşaryn sil ýalyp bolup,
Köňülleň gussasyn ýuwar ýagyşlar.
Wah, men başaramok il ýaly bolup,
Ýalňyşýan bolsamam, meni bagyşla!

Aşyr Hanow.
5 лайков 170 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
Автор 23 мар 2023, 17:01
Rigel, Aşyr däde goşgy ýazanok))
Edepli Gödek
Автор 23 мар 2023, 18:49
Rigel,
Rigel
_Bayat,
Aşyr Hanowy diýýän

Näme sebäpden "işdäň alanok"?
Poems
24 мар 2023, 00:25
Rigel,
Goşgy saña nahar dala işdå alar yaly
Poems
24 мар 2023, 00:31
Rigel,
Goşgy bir sungatdyr sözleñ çeşmesi,
Goşgy bir ylhamdyr kalbyñ keşdesi,
Goşgy bir gudratdyr Tañryñ peşgeşi,
Goşgy her ynsanyñ kalbynyñ sesi…

Goşgyñ namedigni goshgy bilen beyan edeyin
Edepli Gödek
Автор 24 мар 2023, 02:19
Jemsitpoet,
Indi "goşgyňam" nämedigini goşgy bilen beýan edip berseňiz?)