Zeýtun agajy — iň gadymy ösümlik
Nuh eýýamyndan gelýän bir rowaýat bar. Nuh pygamberiň döwründe görlüp-eşidilmedik ýagyş ýagyp, dünýäni suw-sil alypdyr. Nuh pygamber bu boljak hadysany öňünden bilip, adamzady halas etmek maksady bilen, biçak uly gämi ýasadyp adamlary, janly-jandarlary alyp, ýola rowana bolýar. Bularyň näçe ýol ýöräni belli däl. Gämi bir zada degip saklanýar. Şonda Nuh pygamber kapasanyň agzyny açýar-da, kepderini uçuryp goýberýär. Kepderi ençeme wagt garaşdyryp, agzy göm-gök ýaprakly yzyna gaýdyp gelýär. Muny gören pygamber gury ýere gelendigine düşünýär. Olar şol ýerde düşleýärler. Şeýlelikde, halas bolan adamlardyr janly-jandarlar täzeçe ýaşaýşa başlaýarlar. Kepderiniň alyp gelen ýaprajygy bolsa zeýtun agajynyň ýapragy eken.
Zeýtun agajy barada başga-da aýdylan zatlar kän. Garry adamlaryň hasasy zeýtun agajynyň şahasyndan, gelin-gyzlaryň monjuklary zeýtun agajynyň şäniginden edilýän eken. Munuň özüne ýeterlik sebäbi bar. Aýtmaklaryna görä, bu agajyň şahasyndan we şäniginden edilen zatlar adam eliniň ýylysynyň täsirinde özünden zyýanly zatlara garşy ýag bölüp çykarýar. Tesbilerdir monjuklaryň, hasalaryň şol agaçdan ýasalmagynyň hem manysy şundadyr. Bu häzirki döwürde ylmy taýdan subut edilip, zeýtun agajy hiç bir yrýasy bolmadyk agaç hasaplanýar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.