ENÄNIŇ SÖÝGÜSI
Awustralýada şol güne çenli bellige alnan iň agyr guraklyk höküm sürýärdi. Tokaýda ýaşaýan ýabany haýwanlar suwsuzlykdan gyrylýardy. Hatda olar şeýle bir çäresizdiler welin, adaty şertlerde asla edip bilmejek hereketlerini edýärdiler – etrapdyr obalara aralaşyp, öýleriň ýakynlaryndan içer ýaly bir ýuwdumlyk suw gözleýärdiler.
Aslynda, oba ýerlerindäkileriň ýagdaýy hem olaryňkydan enaýy däldi. Sygyrlardyr goýunlar hor düşüpdi, ikiden-ýekeden ölýärdiler. Maldarlar ellerinde galan bir owurt suwy hem özlerine, hem mallaryna ýetirjek bolýardy. Şol sebäpden ellerindäki örän gymmatly bu suwy ýabany haýwanlara içiresleri gelmeýärdi. Olaryň ençesi ellerine tüpeň alyp, suw nowalarynyň hem howuzlaryň başynda garawulçylyk edýärdi.
Şol guraklyk günleriniň birinde eline ýarag alyp garawulçylyk edýän maldarlaryň biri syrkynlaryň arasyndan gelýän şykyrdy sesini eşitdi. Öz ýanyndan: “Bu hökman ýabany haýwanlardan biri bolmaly” diýip pikir etdi.
Sesiň gelen tarapyna ýuwaşjadan haýal ädimler bilen ýöräp ugranyndan eýýäm tüpeňini atyşa taýýar edipdi. Ýeterlik derejede golaýlaberende nyşana aldy we haýwanyň orta çykmagyna garaşyp ugrady. Sähel salym soňra syrkynlaryň arasynda çagasyny torbasynda göterip gelýän bir kenguru çykdy.
Bolup gelşine seretseň, gaty suwsandygy belli bolýardy, goňur renkli gözleri bilen, göýä diýersiň, daýhana ýalbarýardy.
Daýhan mäşeden elini çekdi. Ol bu ene kenguruny öldürip biljek däldi. Onuň çagajysyny öldürmek barada-ha pikir edibem oturmaly däldi.
Kenguru ýuwaş ädimler bilen sygyrlar üçin goýlan suwly nowanyň ýanyna ugrady. Daýhan henizem oňa seredip durdy. Kenguru hem ondan gözüni aýyrmaýardy. Nowanyň ýanyna baran ene kenguru çagajygyny suwa golaýlaşdyrdy. Neresse çaga kenguru şeýle bir suwsan eken welin, tasdan nowanyň içine gaçypdy. Ene kenguru bolsa, şol bir ýalbarýan gözler bilen daýhana seredip durdy. Çagasy suwdan gana-gana içeninden soň, kellesini nowadan galdyrdy, enesi onuň başyny galdyraryna mähetdel, gelen ugurlaryna tarap ýöneldi-de sähel salymdan gözden gaýyp boldy.
Bolan zatlary synlap duran daýhan tüpeňini bir gyra goýdu-da sessiz aglamaga başlady. Ene kenguru ýeke ýuwdum hem datmandy. Onuň ýalbarýan garaýyşlarynda: “Haýyş edýän, diňe çagam üçin!” diýen many bardy.
Awtor: (M.E. Zimmermman)
Terjime taýarlan: Arsen blogger

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.