Mähirli ene

Awustralýada şol güne dek bellige alnan gurakçylyklaryň iň ýowuzy höküm sürýärdi. Tokaýda ýabany haýwanlar suw tapman gyrylýardylar. Suwsuzlyk şeýle bir ýiti duýulýardy welin, ýabany haýwanlar adaty wagtlarda etmeýän zatlaryny edýärdiler. Oba ýerlerine, etraplara gelip, ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde içer ýaly bir ýuwdum suw gözleýärdiler.

Obadyr etraplardaky haýwanlaryň ýagdaýam olaryňkydan enaýy däldi. Sygyrlar, goýunlar hor düşüpdi, yzly-yzly ýykylýardylar. Maldarlaryň elindäki suwam halys gutaraňkyrlapdy. Özlerine hem mallaryna ýetäýse boldugydy. Gymmaty örän artan suwlaryndan ýabany haýwanlara bir ýuwdum içiresleri gelenokdy. Olaryň köpüsi eline ýarag alyp, howuzlaryň hem nowalaryň başynda garawul durýardylar.

Şolar ýaly günleriň birinde maldarlaryň birisi eline ýarag alyp garawulçylyk edip ýörkä, syrkynlaryň arasyndan şygyrdy sesi gelen ýaly boldy. “Ýabany haýwanlaryň biri öýdýän..” diýip oýlady. Assyrynlyk bilen şol tarapyna ýöneldi. Tüpeňinem ok sürüp, ataýmaly edip goýdy. “Indi-hä alkymyna baraýan bolsam gerek” diýip, ses gelen tarapa tüpeňini çenedi. Atmaga hyýallanyp, haýwanyň gara bererine garaşdy.

Birsalym soňrak syrkynlaryň arasyndan kiçijik çagajygyny torbasyna salyp bir ene kenguru çykdy. Mysalasyna seretseň, gaty suwsandygyny görnüp durdy, goňur gözler bilen eli ýaragly adama edil ýöne özelenip ýalbarýardy.

Ol adam mäşeden elini çekdi. Ene kenguruny öldürmäge bogny ysmady. Çagajygyny-ha ömürem öldürip biljek däldi.

Kenguru ýuwaşlyk bilen sygyrlara niýetlenen nowa tarap ýöneldi. Ýaragly adam olardan gözüni aýyrman seredýärdi. Kenguru-da ol adamdan gözüni aýyrman barýardy. Nowanyň ýanyna baryp, egildi-de, çagajygyny suwa golaýlaşdyrdy. Balajygy şeýle bir suwsan eken weli, tasdanam nowanyň içine gaçypdy. Ene kenguru henizem adama şol bir ýalbarýan gözler bilen garap durdy. Çaga kenguru doýýança suw içip, ahyry kellesini galdyranda, enesi ony şol bada öňki gelen ugurlaryna alyp gitdi. Sähel salymdan syrkynlaryň arasynda gözden gaýyp boldy.

Bolan zatlary synlap duran adam tüpeňini gyra goýup, sessizje aglap başlady. Ene kenguru ýeke ýuwdumam suw içmändi. Onuň ýalbarýan gözleri: “Gaýrat ediň, diňe balajygym üçin soraýan…” diýýärdi.



(M.E. Zimmerman)
3 лайков 99 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
꧁???????꧂
26 июл 2022, 14:17
Mähirli ene
Gowy
Yetirip durr :)