Gizlin söýgi
Saňa "söýýän" diýip bilmen bagyşla!
Ýygralygym muňa hiç ýol bermeýär.
Şu goşgymy gyz kalbyňa nagyşla
Jahyl kalbym diňe seni küýseýär!
Oturýarys gürleşipjik seň bilen
Degişýäris, gülüşýäris seň bilen
Kä wagtlar iç dökýarsin meň bilen
Şahyr kalbym dine seni küýseýär!
"Bu sözümi aýdýaryn men çyn bilen
Bir ömüri geçirermiň meň bilen?"
Diýsem saňa seredermiň geň bilen
Aşyk göwnüm diňe seni küýseýär.
Wagtal-wagtal kalendara seredýän.
Seniň bilen geçjek günlem gysgalýar.
Saňa duşarynmy diýip pikir edýän
Pikir etdigimçe göwnüm darygýar.
Seretsene laýyk bir aý galypdyr,
Ak mekdepden uçup gitmegimize.
Ýatlamalar ýüregmize siňipdir,
Hem-de gat-gat kitap, depderimize.
Belkide görmesem sowar ýüregim
Ýa-da sen gidäýseň boşar ýüregim
Gideňden soň näm boljagy belli däl
Ýöne ýanymdakaň hoşal ýüregim.
Alnymda bar bolsan alaryn hokman
Bu syry gizlarin hic kime aytman
Aýtmaryn hiç haçan ýakynlarma hem
Bagyşla!
Bagyşla!
Ýene bagyşla!
Bu syry hiç haçan saňada aýtman.
Awtory: Orazberdi Baýhanow
Ýygralygym muňa hiç ýol bermeýär.
Şu goşgymy gyz kalbyňa nagyşla
Jahyl kalbym diňe seni küýseýär!
Oturýarys gürleşipjik seň bilen
Degişýäris, gülüşýäris seň bilen
Kä wagtlar iç dökýarsin meň bilen
Şahyr kalbym dine seni küýseýär!
"Bu sözümi aýdýaryn men çyn bilen
Bir ömüri geçirermiň meň bilen?"
Diýsem saňa seredermiň geň bilen
Aşyk göwnüm diňe seni küýseýär.
Wagtal-wagtal kalendara seredýän.
Seniň bilen geçjek günlem gysgalýar.
Saňa duşarynmy diýip pikir edýän
Pikir etdigimçe göwnüm darygýar.
Seretsene laýyk bir aý galypdyr,
Ak mekdepden uçup gitmegimize.
Ýatlamalar ýüregmize siňipdir,
Hem-de gat-gat kitap, depderimize.
Belkide görmesem sowar ýüregim
Ýa-da sen gidäýseň boşar ýüregim
Gideňden soň näm boljagy belli däl
Ýöne ýanymdakaň hoşal ýüregim.
Alnymda bar bolsan alaryn hokman
Bu syry gizlarin hic kime aytman
Aýtmaryn hiç haçan ýakynlarma hem
Bagyşla!
Bagyşla!
Ýene bagyşla!
Bu syry hiç haçan saňada aýtman.
Awtory: Orazberdi Baýhanow
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.