Halyl Kylyýew - Göwnüm seni küýseýär

Käte ýalňyzllykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip,ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim,göwnüm seni küýseýär.

Göreşlerde gujur bilen batlansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam,
Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagym gyýsa ýar!
Gara gözlim,göwnüm seni küýseýär.

Bahar geler,güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut''Ýagsammy''diýip oýlanyp
Gara gözlim ,göwnim seni küýseýär.

Meýdana ýazylypdyr bahar halysy,
Gel bile keşt etseň,ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular:''Yşkyň dälisi'',
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim ,gönim seni küýseýär!!!
2 лайков 162 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
17 авг 2021, 18:41
like jana
Annadursun
Автор 17 авг 2021, 18:45
Miss_minnosh,
sagbol joram
#динара.
17 авг 2021, 19:27
принцесса04,
aha
Queen oo5
03 сен 2021, 13:55
like