Ene peryady...

( Şu goşgyny, öz mähriban öýünden gaçyp, durmuş gurýan gözel gyzlara bagyşlaýaryn )

Soňlanmanka çagalygyň bahary,
Ýalňyşdyň, ýaz günüm gyş etdiň gyzym!
Başa urdy nämeleriň heseri,
Aglatdyň gözlerimi ýaş etdiň gyzym!

Başyma deňänim, derek boýlaryň,
Höwes bilen tutuljakdy toýlaryň,
Ne sebäpden goýduň ýaýnan öýleriň
Entetdiň, bagrymy , daş etdiň gyzym!

Bilmedim näpelek, näkysmat boldy,
Ölümden öteräk bir hasrat boldy,
Kimseler gynandy,kimse şat boldy,
Ýakynjak araňy daş etdiň gyzym!

Nädeýin baryny çekip otyryn,
Ýene-de ýoluňa, bakyp otyryn,
Ene men, günäňi ötüp otyryn,
Ýaradan ýabşyrdy,duş etdi gyzym!
Jumagozel Annaberdiyewa
8 лайков 172 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DIYER BI PRODAKSHYN
07 окт 2021, 21:06
gacmak nama gerek barybir hickim kowalanok.yone like
- Dani
07 окт 2021, 21:12
ликенинем ликеси.манылы гошгы. шонун ялы самсык гызлара созим йок hosh
Aýnur
07 окт 2021, 21:20
Hudaay saklasyn biziň obadaa mundan 2-3yyl oň bir gyz gaçypdy kop wagta galman kakasy yuregine alyp yogalypdyr
Mr.JUMBA3
07 окт 2021, 21:20
biz turkmenler gaty genay gyzlar gacya bolya gacsa ozi un gacya seydip saytda intde yazak hokman dalmika diyyan ondada ma 1like dislikem bassammykam diyyan
Ýury
07 окт 2021, 22:16
Dina like
Gudrat
07 окт 2021, 22:40
Käbir ene atalar bar, gowy öýden sawçy barsalaram berenoklar, hamala çagasynyň bagtyny islemeýän ýaly. Gördüm şeýle ýagdaýy. Bialaç gaçmaly bolýa. Şonuň üçin hemme gyzy deňaýakdan sürmäň. Meslige gaçýanam bar, mejbur bolup gaçýanam bar. Ýöne başarsaň alyp gaçmaly däl.
Mr.JUMBA3
07 окт 2021, 22:46
Gudrat,
MNM SONY DIJEK BOLDYM TURKMEN KINO BARA YKBAL DIYIP GORUN SONY AYGYTLY ADIMDEDE BAR
Yok
08 окт 2021, 11:21
real y bolan zady aydyp bereyinmi size ?
Nahili many çykarýañyz öziñiz biliñ!
Gysgarajyk edip yazayyn .

shu yylyn 23-nji mayynda klasdash oglan guda goyberip bir maşgalanyñ iñ uly gyzyny alyp örän gowy uly toy etdi...
Son şo toydan son şo toyy bolan gyzyn kiçi dogany äre gaçyp gitdi we sonundan guda goyberip zat ylalaşdylar galyñ (süýt haky) geçirdiler toyam etdiler meni geñ galdyran yeri şo alyp gaçana giýew çagyrma boldyda birinji alyp gaçmadyk klasdaşym intäk giýew çagyrma edilenok we näme many çykarjagymam bilemokda.
Anyk bilýän zadym olam gaçmaklyk gowy zat däl!