Döwür beýle däldir

"Dünýe döräp,heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir.
Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny
döwrüň üstüne arýarlar.(Ýaşulular Geňeşinde bir
gojanyň aýdanyndan").

- A gyz, näme,hanmydyň sen!Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň - iki, goýun.Her ýüzügiň - bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr.
- Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.
*****
- Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr oyuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir...
- Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.
*****
- A-how ýigit, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak,
Hany, derrew il görmänkä, sertaraşa tarap ýüwür!
- Iller, şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.
*****
- Men-ä seni tanamadym! Gözleriň-ä örän tanyş.
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen! Saçyn näme ýarty garyş?
Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur...
- Iller kesdi, menem kesdim.
Döwür şeýle, döwür.
*****
Goňşym diýdi: "Toýdan bäri iş edenok oglum Anna!"
Ogluň Anna iş edermi! Öýüň goşy - dokuz tonna.
Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr...
- Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.
*****
Aýna bakyp bezenip durçynar boýly Ogulsenem.
- Hanha seret, hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany, derrew eliň ýuwda, iýjek nanyň özüň yugur!
- Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.
*****
- A-haw, dogan, düýn dälmidi öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür
- Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwü şeýle, döwür.
*****
Soradym men Döwre bakyp: "Dogrudanam, şeýlemiň sen?
Hany, antyň? Hany, haýaň? Serhoşmyň sen? Telbemiň sen?"

Döwür maňa jogap berdi: "Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly.

Biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap -
Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap.

Ýagşylara arka durdum, ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men, egrilige çagyrmadym.

Ýalan gepi diý diýmedim. Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny köýnek tikip geý diýmedim.

Münmek üçin maşyn berdim, ýüz elliden bas diýmedim.
Daranmaga darak berdim, dört örümiň kes diýmedim.

Dynç almaga wagt berdim, okamaga - bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym, öz kisämden mugt berdim.

Söýüşseňiz - ýigit berdim, söýülseňiz - gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň - goşgy berdim, gazal berdim.

Dertleseňiz - derman berdim, işleseňiz - zähmet berdim.

Ýaşamaga al baýdakly, adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi, doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli, käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...

Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!".
8 лайков 413 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:16
Цитата: Гость
Цитата: IDEALLIDER
Цитата: мусульманка
ozam telim zarýady öldi sona kompyuterde yazyp otyrn

Telefon hem skanirowat edýär. Kamerasynda. Kameradaky zatlary bloknoda geçirip bolýar. Şuwagt barlapgördüm. Maksimum 30 sekundymy aldy.

Nädip,programma gerekmi oňa?

Aý meňkidehä prog gerekdäl. Redmi 6pro. Emma başgalara gerek eken.
Гость
13 дек 2021, 23:18
IDEALLIDER,
Meňkemä redmi.kameraň özünde barmy ol
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:18
Цитата: мусульманка
IDEALLIDER,
ayy son men yatjakdymda ertir hem olimpiada tayyarlygym bar

Ok düşnükli??
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 23:19
IDEALLIDER,
ayy elde yazsan mana gowy kosnemok hem yatda galya hem onki adamlar hem sahyrlaram elde yazypdyrlara gaytam hazir elektron waryant bolup giden
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:23
Цитата: мусульманка
IDEALLIDER,
ayy elde yazsan mana gowy kosnemok hem yatda galya hem onki adamlar hem sahyrlaram elde yazypdyrlara gaytam hazir elektron waryant bolup giden

Onda özüňiz biliň??
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:25
Цитата: Гость
IDEALLIDER,
Meňkemä redmi.kameraň özünde barmy ol

Kameraň özünde däl, Emma telefonymyň radnoý proglarynyň içinde bar. Teli proşiwka etsemem şol prog durýar, galýar. Ady "Skaner"
Гость
13 дек 2021, 23:32
Цитата: IDEALLIDER
Цитата: Гость
IDEALLIDER,
Meňkemä redmi.kameraň özünde barmy ol

Kameraň özünde däl, Emma telefonymyň radnoý proglarynyň içinde bar. Teli proşiwka etsemem şol prog durýar, galýar. Ady "Skaner"

Skaner bar meňkide-de rodnoýy,barlap göreýin hany
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:38
Цитата: Гость
Цитата: IDEALLIDER
Цитата: Гость
IDEALLIDER,
Meňkemä redmi.kameraň özünde barmy ol

Kameraň özünde däl, Emma telefonymyň radnoý proglarynyň içinde bar. Teli proşiwka etsemem şol prog durýar, galýar. Ady "Skaner"

Skaner bar meňkide-de rodnoýy,barlap göreýin hany

Ok. Bir gazet ýa žurnal, kitap alyp skanirle. Soň bir ýerlerinde "Dil öwürmek" funksiýalary bardyr. Ony barla. Tm dili ýada türk dili bolmaly şoňa geçir. Olary kopýalap alyp teliň bloknodyna ýaz. Gerek wagty başga ýere kopýalap paýlaş!
Гость
13 дек 2021, 23:48
IDEALLIDER,
Sag bol
Ejegyz.
14 дек 2021, 08:42
like döwür ???
мусульманка
Автор 14 дек 2021, 09:09
Ejegyz,
hihi