Döwür beýle däldir

"Dünýe döräp,heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir.
Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny
döwrüň üstüne arýarlar.(Ýaşulular Geňeşinde bir
gojanyň aýdanyndan").

- A gyz, näme,hanmydyň sen!Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň - iki, goýun.Her ýüzügiň - bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr.
- Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.
*****
- Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr oyuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir...
- Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.
*****
- A-how ýigit, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak,
Hany, derrew il görmänkä, sertaraşa tarap ýüwür!
- Iller, şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.
*****
- Men-ä seni tanamadym! Gözleriň-ä örän tanyş.
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen! Saçyn näme ýarty garyş?
Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur...
- Iller kesdi, menem kesdim.
Döwür şeýle, döwür.
*****
Goňşym diýdi: "Toýdan bäri iş edenok oglum Anna!"
Ogluň Anna iş edermi! Öýüň goşy - dokuz tonna.
Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr...
- Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.
*****
Aýna bakyp bezenip durçynar boýly Ogulsenem.
- Hanha seret, hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany, derrew eliň ýuwda, iýjek nanyň özüň yugur!
- Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.
*****
- A-haw, dogan, düýn dälmidi öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür
- Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwü şeýle, döwür.
*****
Soradym men Döwre bakyp: "Dogrudanam, şeýlemiň sen?
Hany, antyň? Hany, haýaň? Serhoşmyň sen? Telbemiň sen?"

Döwür maňa jogap berdi: "Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly.

Biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap -
Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap.

Ýagşylara arka durdum, ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men, egrilige çagyrmadym.

Ýalan gepi diý diýmedim. Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny köýnek tikip geý diýmedim.

Münmek üçin maşyn berdim, ýüz elliden bas diýmedim.
Daranmaga darak berdim, dört örümiň kes diýmedim.

Dynç almaga wagt berdim, okamaga - bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym, öz kisämden mugt berdim.

Söýüşseňiz - ýigit berdim, söýülseňiz - gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň - goşgy berdim, gazal berdim.

Dertleseňiz - derman berdim, işleseňiz - zähmet berdim.

Ýaşamaga al baýdakly, adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi, doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli, käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...

Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!".
8 лайков 413 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
13 дек 2021, 22:29
Gowy gosgy.11 synpda okanlamy yadyma saldym
- Dani
13 дек 2021, 22:30
Wii 10*synp
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:30
- Dani,
howa men hem gowy görýän gosgyny hem-de sahyr B.Gurbannazarowy
Leyli Amanowa
13 дек 2021, 22:31
Hajar senmiň?
- Dani
13 дек 2021, 22:32
Цитата: мусульманка
- Dani,
howa men hem gowy görýän gosgyny hem-de sahyr B.Gurbannazarowy

Manysy +++
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:32
Nairobi,
ýok peri_kiz
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:32
- Dani,
howa
- Dani
13 дек 2021, 22:34
Peri kiz yahsyja nik acypsañ ozine
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:35
- Dani,
howa hihi
IDEALLIDER
13 дек 2021, 22:35
Awtorynam bellemegi ýatdan çykarmaýyňda??
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:36
IDEALLIDER,
wiiyyy bagyslarsynyz elim yadap,yazyp boldum diyip begenip yadymdan çykyp gidipdir
Şamuhammet
13 дек 2021, 22:37
Цитата: мусульманка
- Dani,
howa men hem gowy görýän gosgyny hem-de sahyr B.Gurbannazarowy


Kerim Gurbannepesow*
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:38
awtory: Kerim Gurbannepesow
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:38
мусульманка,
wiyyy yalnysypdyrn Kerim Gurbannepesow
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:39
Jeksparro,
eyy yalnysyp gidipdirn bagyslarsynyz
- Dani
13 дек 2021, 22:42
Цитата: мусульманка
Jeksparro,
eyy yalnysyp gidipdirn bagyslarsynyz

Bolyala her kimem yalnysya..onun un muñ sapar otinc soramak gerek dal?
IDEALLIDER
13 дек 2021, 22:49
[quote=мусульманка][/quote] Sen herbir posty eliň bilen ýazýaňmy?
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:51
IDEALLIDER,
howa
IDEALLIDER
13 дек 2021, 22:54
Цитата: мусульманка
IDEALLIDER,
howa

Copy paste=kopýalap telefonyň bloknodynda goýup, ýene gerek wagty şu posta kopýalap bileňokmy!???
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:58
IDEALLIDER,
men kitapdan alyp ýazyp otyrnda
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 22:59
IDEALLIDER,
onyalak zada menem düşünyan welin men Kerim Gurbannepesowyn kitabyndan alyp yazyp otyrnda
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:00
Цитата: мусульманка
IDEALLIDER,
onyalak zada menem düşünyan welin men Kerim Gurbannepesowyn kitabyndan alyp yazyp otyrnda

Skanirowat etseň ýazmak gerekdälä
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 23:01
IDEALLIDER,
düşünmediniz men elektronny kitap dal-da asyl kitapdan yazyp otyrn
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 23:01
ozam telim zarýady öldi sona kompyuterde yazyp otyrn
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:03
Цитата: мусульманка
ozam telim zarýady öldi sona kompyuterde yazyp otyrn

Telefon hem skanirowat edýär. Kamerasynda. Kameradaky zatlary bloknoda geçirip bolýar. Şuwagt barlapgördüm. Maksimum 30 sekundymy aldy.
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 23:10
IDEALLIDER,
mm bilyan telefon edyandigini yone kompyuter edenoga
Гость
13 дек 2021, 23:12
Цитата: IDEALLIDER
Цитата: мусульманка
ozam telim zarýady öldi sona kompyuterde yazyp otyrn

Telefon hem skanirowat edýär. Kamerasynda. Kameradaky zatlary bloknoda geçirip bolýar. Şuwagt barlapgördüm. Maksimum 30 sekundymy aldy.

Nädip,programma gerekmi oňa?
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:13
Цитата: мусульманка
IDEALLIDER,
mm bilyan telefon edyandigini yone kompyuter edenoga

Teliň zarýaddan dolýança garaşmaly 2 sagatjyk??
IDEALLIDER
13 дек 2021, 23:13
Kösenme diýjek bolýan
мусульманка
Автор 13 дек 2021, 23:14
IDEALLIDER,
ayy son men yatjakdymda ertir hem olimpiada tayyarlygym bar