''Parfiýa garlawajy'' ýa-da Annasoltany ýatlap
PARFIÝA GARLAWAJY
Moskwaly şahyra Olga Çugaý ýakyn günlerde Aşgabatda boldy. Ol özüniň A. Kekilowanyň ykbaly bilen gyzyklanýandygyny, onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny aýtdy. Şahyryň nähak ölümine bagyşlanan poemasy bilen tanyşdyrdy. Bizem ''Sowetskaýa molodýož'' žurnalynyň 1989-njy ýylyň 11 sanynda çap edilen 8 bölümden ybarat poemanyň bir parçaşy bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul bildik.
(80-nji ýyllaryň ortalarynda dälihanada aradan çykan türkmen şahyry Annasoltan Kekilowanyň ýagty ýadygärligine)
Parfiýanyň asmanyndaky guşlar,
Meger, Hudaý tarapyndan ýasalan.
Olar belentlige galýan derwüşler -
Hemişelik ýaşaýjysy Nusaýyň.
Olara nazary düşen Allanyň,
Guş däl, şahyrmydyr, çagamydyr ol.
Gülleýşini gördüm ýeke almanyň,
Ýa-da Parfiýanyň ýazymydyr ol.
Telegraf sütünne degen garlawaç,
Tok urup ölenden dogmanyň gowy,
Meniň şahyr uýam, mähriban uýam,
Aýtsana, sen barkaň nebläýin guwy?
Höwürtgäňi mynjyratjak bolsalar,
Dogulmak bir gerekmidi Nusaýda
Men neýläýin ganatyňy bolsalar
Neneň basyň goşdular seň bu söwda?
Olga ÇUGAÝ
Terjime eden: Remezan BAÝRAMMYRADOW
Çeşme:
http://site/news/parfiya_garlawajy/2021-12-13-18630

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.