Italiýada Türkmenistanyň gadymy sungatyna degişli täze kitap

Italýan arheology we sungat taryhçysy, professor Antonio Inwernissiniň «Nusaýyň ellin skulpturasy» atly ylmy monografiýasy çapdan çykdy. Bu kitap Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen hyzmatdaşlykdaky arheologiýa barlaglarynyň we gazyp-agtaryşlaryň Turin merkeziniň işleriniň tapgyrynda Florensiýada neşir edildi.

Kitap Aşgabadyň golaýynda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlik bolan Köne Nusaýda 60 ýyla golaý mundan ozal tapylan mermer şekilleriň kolleksiýasynyň sungaty öwreniş taýdan jikme-jik seljermesine bagyşlanyldy. Mälim bolşy ýaly, Parfiýanyň Köne we Täze Nusaý galalary 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Ondan öň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň goldamagynda türkmen hünärmenleri we halkara ekspertleri uly işleri bitirdiler.

Köne Nusaýyň patyşa hazynasyndan tapylan antik medeniýetine degişli eserleriň kolleksiýasy häzirki döwürde meşhur bolan ritonlar bilen bir hatarda öz döwründe dünýä boýunça ylmy açyşlara öwrüldiler. Akademikler Mihail Masson bilen Galina Pugaçenkowanyň tapyndylar hakyndaky işleri ol açyşlary giňden meşhur etdi. Ondan bäri köp barlagçylar bu täsin materiallara birnäçe gezek ýüzlendiler. Olar materiallaryň gelip çykyşynyň syrlaryny açmaga, Türkmenistanyň çeperçilik mirasynda olaryň ornuny kesgitlemäge çalyşdylar.

Gündogarda ellin sungaty gadymy grek medeniýetiniň güýçli täsiri astynda döredi. Ony Aleksandr Makedonskiniň basybalyjylykly ýörişlerinden soň, Alynky we Merkezi Aziýanyň halklary döretdiler. Parfiýa beýik döwlet bolup, ol ýerde ýerli medeni däpler grek-rim dünýäsi bilen döredijilik gatnaşygynda boldy. Parfiýa binagärliginiň we skulpturasynyň nusgalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem meşhur Nusaý ritonlaryndaky, Nusaýdan tapylan mermer heýkellerdäki sýużetlerde Gadymy Gresiýanyň mifleriniň meşhur gahrymanlary şekillendirilipdir. Her bir önüm üçin A.Inwernissi özüniň monografiýasynda aýratyn bap bagyşlapdyr. Awtor öňi bilen deňiz köpürjiginden emele gelen söýginiň we gözelligiň nusgawy hudaýy Afrodita Anadiomenany, ikinji bapda bolsa aý hudaýy Gekatany beýan edýär. Onuň şekili kitabyň daşky sahypasyny bezeýär. Kitapda beýan edilýän beýleki personażlaryň arasynda topragyň önüm beriji güýjüniň hudaýy Dionis, hasyllylyk demony Satire daýanýan awçylyk hudaýy Artemida we başga-da birnäçe mermer şekiller bar. Ýöne olaryň kimi şekillendirýändigini kesgitlemek aňsat däl. Şeýle-de bolsa kitabyň awtory gadymy grek Olimpiniň atlandyrylan eýeleriniň Aziýadan gelip çykandygy baradaky öz çaklamalaryny öňe sürýär.

Turin uniwersitetiniň professory A.Inwernissi Gadymy dünýäniň sungaty boýunça iri häzirki zaman hünärmenleriň biri hasaplanýar. 60-njy ýyllarda Yrakda Parfiýa şäherlerini gazyp agtarmagy oňa meşhurlyk getirýär. 1991-nji ýylda bolsa ol Türkmenistanda Italiýanyň arheologik işine ýolbaşçylyk edýär. Şonda onuň bar ünsi Köne Nusaýda jemlenýär. Häzirki döwürde A.Inwernissiniň mirasdüşeri doktor Karlo Lippolisiň ýolbaşçylygynda gazuw-agtaryş işleri dowam etdirilýär.

Olar iki ýyl mundan ozal Köne Nusaýda 15 ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň birinji tapgyry barada bilelikdäki düýpli işi çap etdiler we «Parfika» atly halkara ýyllyk neşiriň 11 tomuny goýberdiler. Olarda köp alymlaryň Parfiýa taryhynyň we medeniýetiniň dürli ugurlaryny beýan edýän makalalary çap edilýär. Mundan hem başga 2001-nji ýylda A.Inwernissi «Nusaýyň demir skulpturasy» atly monografiýasyny çap etdi. Onuň Nusaýyň taryhy hakyndaky kitaplarynda gürrüňi edilýän gadymy ussatlaryň ähli döredijiligi häzirki döwürde Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde saklanylýar.
0 лайков 106 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.