Meň şu wagt juda aglasym gelýär

Meň şu wagt juda aglasym gelýär,
Ger dökülen gözýaş egsiltse derdim.
Ýüzümiň tuwagy haýa, utanjym,
Diýmeli sözlerim diýdirmän otyr,
Damja çykarardan ejiz gözlerim.
Bozulanym görse ezizlejek ýok,
Bagra basyp, başym sypap gyýyljak,
Dertlerime şypa boljak melhemim,
Menden alyslarda bagty gözläp ýör...
A men ýetip bilmän nurly meňzine,
Küýsegden, gussadan agraldy egnim.
Umyt berenlerim sessiz-sedasyz,
Goldawy ýetjegim öwürdi ýüzün...
Didaryna suwsan gara gözümiñ,
Kalbyny ynjytman gowuşmak üçin,
Hakdan ýetjek delalata garaşyp,
Sabyr käsäm pürlense-de syr bermän,
Ynjanymy duýmadykdan bolanlaň,
Garagyna bakyp ýylgyrsam, gülsem...
Agyly dünýämiň ahyn duýdurman,
"Dokuzy düzüw şuň" diýdirip bilsem,
Başga zat gerek däl, hantama-da däl.
Baýlygyňam nesip etsin özüňe,
Birje begenjime dözmedik şaýlaň,
Gadyry gymmaty ýer tutmaz gözde.
Ýaşaýşyň yşky bar göwnüm töründe,
Ýetilmejek menzil ýokdur isleseň.
Sen bagty tapmarsyñ dünýäň ýüzünde,
Millýonlaň, milýardlaň sany ýitse-de.
Ýanyňdakam gadyryma ýetmeseň,
Görmeseň gözlemden ideýän zadyñ,
Düşündirip bilmän düşünip bilmän,
Neçünleň hatary bulaşdy serde,
Çäresiz, alaçsyz, sessiz-sedasyz,
Ger dökülen gözýaş egsiltse derdim,
Meň şu wagt juda aglasym gelýär...
8 лайков 635 просмотров
103комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 21:03
geçip barýaka sowlan,
Tanyşam 5 gunde zagran yetişdirip bolanok diyyä 30njy dekabra gerek
Enesh
24 дек 2021, 21:05
geçip barýaka sowlan,
sende bişey var
yoksa dün istemeye geldiginde çok iýidi
Hanguly
24 дек 2021, 21:05
Bäh daşary ýurda gidip bolýan bolsa Ysraýyla bolmazmyka gaty bilesim gelýärdä ýöne ýok öýtýän
Ýury
24 дек 2021, 21:05
Tanyş pesiräk eken köşek ....Nairobi,
Ýury
24 дек 2021, 21:06
O jagaş birine aşyk bolypdyr....şondandyr....Enesh,
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 21:08
geçip barýaka sowlan,
orunbasar tanyş diyyänimem ertir täzeden gurlesip gör birzat etjek bolarys synagdan geçjegiň belli dälä zagran gerek diyer yaly özem 1 yyllyk möhletli diyyä
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 21:09
Wlad,
gyzyklanyp gör oblano baryp klassifikator edilip goylan tassyklanjak yokary okuw jaylary şo yerde iňlis diliniň inspektory bn maslahatlaş
Enesh
24 дек 2021, 21:09
geçip barýaka sowlan,
hmm
gowa bolmandyr
Ýury
24 дек 2021, 21:09
Tanyş pes diýänä köşek....
Menä zagran bilen pasporty ikisini bir günde aldym....şo gün tabşyrdym şogünem aldym gaýtdym....
Nairobi,
Ýury
24 дек 2021, 21:12
Irden 8-de baryp dokumentleri tabşyrdym agşam 18-de baryp alyp gaýtdym hem pasport hem zagran...
Nairobi,
Hanguly
24 дек 2021, 21:13
Nairobi,
Sen Wengriýada haýsy ugur boýunça okajak bolýaň ? Nähili okadýarlar gyzyklanyp gördüňmi ?
Aýnur
24 дек 2021, 21:14
Цитата: geçip barýaka sowlan
Irden 8-de baryp dokumentleri tabşyrdym agşam 18-de baryp alyp gaýtdym hem pasport hem zagran...
Nairobi,

Howa şeytyanler bar yone seňki bet ekendey
Aýnur
24 дек 2021, 21:14
2 gunede tayyn edyar o dagy orunbasar bolsa dymam eder yone $ datdyrmalymy namemi))
Ýury
24 дек 2021, 21:15
Bet bolmak üçin bet bolup başarmaly.....
Köşek....
Mona Songz,
Aýnur
24 дек 2021, 21:15
Şu Wengerlerem iş bolorow indi ??
Aýnur
24 дек 2021, 21:16
Цитата: geçip barýaka sowlan
Bet bolmak üçin bet bolup başarmaly.....
Köşek....
Mona Songz,

Şony ayt $$ betjesi gerek oň uçin..?
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 21:16
Wlad,
5 ugur: ykdysadyyet esaslary ( 1adam) tebigy ylymlar (2 adam) doktorçylyk (2adam) inžinerçilik (3adam) kompyuter (3adam)
Okuwlary iňlis dilinde okadylyar hokman bilaymeli iňlis dilini
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 21:17
geçip barýaka sowlan,
passporty 1 gunde aldym welin zagranam birzat etjek bolaryn ertire bir çykayyn
Ýury
24 дек 2021, 21:18
Ýok how $ gerek däl.....Mona Songz,
Ýury
24 дек 2021, 21:19
Mona Songz,
Şeýlede alyp bolýa....
Diñe öziñi oñarmaly...
Aýnur
24 дек 2021, 21:22
Цитата: geçip barýaka sowlan
Mona Songz,
Şeýlede alyp bolýa....
Diñe öziñi oñarmaly...

O nadip? dillije bolmalymy oňada?
Ýury
24 дек 2021, 21:23
Ýooo
Güýjiñ bolmaly....
Mona Songz,
Hanguly
24 дек 2021, 21:23
Nairobi,
Komp bar eken meňki. Indi sen gitmäne toçna meýillimi ? Näme üçin bärde okasyň gelenok bäremä kem däldir
Ýury
24 дек 2021, 21:25
Bärsi nairoby üçin däl.....
Wlad,
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 21:26
Wlad,
Kem däl bäri bilemokda Wengirya höwes etdim birhili :) Gitjek diyenim bilen bolanok synag bar entek ))
Aýnur
24 дек 2021, 21:30
Цитата: geçip barýaka sowlan
Ýooo
Güýjiñ bolmaly....
Mona Songz,

Guyjiň diyyan welin tutup urmalymy ya ber diyip?
Anygrak aýtsana jan Yuri
Ýury
24 дек 2021, 21:31
Abraýyñ gerek didigim...Mona Songz,
Hanguly
24 дек 2021, 21:32
Nairobi,
Hawa, ýo gowy etýäň höwesiňem gowy. Okamaly, gitseňem iň azyndan ýurt gezdigiň bolar. Eger birden bolmasa bu ýere girjekmi ? Girseň haýsyna ?
Aýnur
24 дек 2021, 21:34
Maňa Ruminiyany tapyň..?
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 21:35
Wlad,
TDU turkmendili we edebiyaty fakulteti Seydi bolmagam garaz şul ikisiniň biri