Geliň goşgy ýazalyň?!

Ýaz gelmänkä,

ot çykmanka,

bedenimden bit çakmanka,

analiz,

opimizm,

pessimizm,

Leýli,

Humaý,

Enegül,

Mamajan, Mamajanyň daýzasynyň gyzy

Ogulsonabossantyllatäç dagy we ş.m.

gaýraky obadaky Selbi (ho marožna satýan

bar-a)

şolar meni söýmänkä,

banka,

tomat,

kompot,

sok,

salýonny

bu zatlar açmak üçin ýapylýamy?

gelmänkäm,

görmänkäm,

barmankam,

entek hiç zat

diýmänkäm,

hajathana gitmänkäm,

ýitmänkäm,

bal günüme batmankam,

mysal,

mesele,

sinus,

kosinus,

kotangens,

himiýa mugallymy Annabaý,

aýdýan sözi göwne jaý,

ilkinji gezek elimi ýakmankam,

seň obaň garynjalaryna at dakmankam,

dogtordan gorkmankam,

ýykylyp aýagymy agyrtmankam,

bilmänkäm,

ilkinji gezek ölmänkäm,

gülmänkäm,

gün giçlemänkä,

it dişlemänkä,

guduzlamankam

Men birin-ä garaşýardym.
8 лайков 841 просмотров
56комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
19 июн 2022, 12:53
Massimus
Pegas,
"Poeziýa" näme seň pikiriňçe? Gel, pikir alyşaly-la.

Bir söz bilen-ä düşündirip biljek däl ine şu zat diýip. Ýöne poeziýa bolanda adam ony okadygyça, okasy gelýär, gaýtalap, gaýtalap, ahyrynda ýat tutýar. Ýöne eliňi ýüregiňe goýup aýt, özüň şo goşgyny näçe gezek gaýtalap okap gördüň, men-ä bir gezegem doly okap bilmedim. Ýene bir gezek ýatladýan. Men Suraýy tanamok, oňa garşylygym, dawam ýok. Eger ol beýik şahyr bolup ýetişse men muňa diňe begenerin...

Elimi ýüregimiň üstünde goýup aýdýan: bir gezek okadym we geregimi aldym.
Okadygyňça okasyň gelýän zada poeziýa diýlenok.
Hiayress
19 июн 2022, 12:55
Antimanti,
"Programistlar bar. Has hazirki zaman kop zady bilyan oglanlar."

Şu köp bilýän programistleriňden käbir zatlary sorap bersene.
1) 2*2=5 nädip?!
2) Haýsy haýwan ulalmaka dört sapar dogulýar?!
3) "“Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly," diýende magtumgyly nämeni göz öňüne tutdy?!
4) Haýsy şahsyň kellesi bir ýerde, göwresi başga ýerde jaýlandy?!

"Olan yazyan kodlarynda sizin gosgylanyzdan has kop peyda, has uly many bar."

Programma kodlary "0" we "1" sanlarynyň kombinasyýalaryny ulanmak arkaly dürli zadaçalar goýulýar. Ol ýerde many ýok. Haýsy hem bolsa bir zady ýerine ýetirmek üçin kod hökmünde girizilen zadaça bar.
Massimus
Автор 19 июн 2022, 13:00
Pegas,
Elimi ýüregimiň üstünde goýup aýdýan: bir gezek okadym we geregimi aldym.
Okadygyňça okasyň gelýän zada poeziýa diýlenok.

Bir gezek zordan okadym diýsene. Ikimiziň poeziýa baradaky düşünjelerimiz meňzeş däl eken, men-ä aç boldum dost, bir zat iýäýmesem, sen ýazyber, gelip jogap beräýmesem.

men aç boldum, gidip bir zat iýäýmesem,
sen ýazyber gelip jogap beräýmesem,
açlygymdan harplaram tans oýnaýar,
garnym doýrup, soň täzeden göräýmesem.
Aýnur
19 июн 2022, 13:03
Massimus

men aç boldum, gidip bir zat iýäýmesem,
sen ýazyber gelip jogap beräýmesem,
açlygymdan harplaram tans oýnaýar,
garnym doýrup, soň täzeden göräýmesem.

Ýylgyrtdy :)
Ötegçi
19 июн 2022, 13:05
Suraýyñ ömrem döredijilik ömrem uzak bolsun! Aslynda gowur turuzubilmese geñ galardym!??
Öwreniji
19 июн 2022, 13:06
Poýeziýa-şygyr diýmek şeýle dälmi?
Pegas
19 июн 2022, 13:08
Massimus
Pegas,
Elimi ýüregimiň üstünde goýup aýdýan: bir gezek okadym we geregimi aldym.
Okadygyňça okasyň gelýän zada poeziýa diýlenok.

Bir gezek zordan okadym diýsene. Ikimiziň poeziýa baradaky düşünjelerimiz meňzeş däl eken, men-ä aç boldum dost, bir zat iýäýmesem, sen ýazyber, gelip jogap beräýmesem.

men aç boldum, gidip bir zat iýäýmesem,
sen ýazyber gelip jogap beräýmesem,
açlygymdan harplaram tans oýnaýar,
garnym doýrup, soň täzeden göräýmesem.

Beh, goşgy gowy bolsa gaýtalap okalýarmy?)))
Pegas
19 июн 2022, 13:08
Remezan
Poýeziýa-şygyr diýmek şeýle dälmi?

Şeýle däl.
Öwreniji
19 июн 2022, 13:11
Pegas
Remezan
Pegas,
Sapa Poeziany men bilemok düşündirsene.

Ýokarky ýazan teswiriň-ä beý diýenok.

Men öz düşünjämi aýtýan, men tepritiki subut etmeli diýilse Poýeziýa diýmek, şygyr diýmek, grekçeden terjime edilende, döredijilik diýmek, Ýöne bu ýerde çeper söz bilen beýan edilen, labyzly, äheňli, sözler birleşmesi bolýar
Hiayress
19 июн 2022, 13:24
Poeziýa - häzirki manysy şygyr bilen ýazylan ähli çeper döredijilikdir. Liriki eserler, poemalar, liriki poemalar we şygryň beýleki görnüşleri poeziýa girýär. Kämahallar bu termin tutuş edebiýat manysynda ulanylýar. Şeýle bolanda, edebiýat žanrlara bölünende, poeziýa sözüniň öňünden žanryň ady getirilýär. Meselem: epiki poeziýa, liriki poeziýa we drama poeziýasy.

Gepiň keltesi: Pikiriň ýiti täsir etmesi üçin, sözüň şahyrana forma salynan görnüşi.
Harmony
19 июн 2022, 13:28

Tutuş edebiýat manysynda diýmesene.
Öwreniji
19 июн 2022, 13:31
Hawa şeýle onsoň şygyrýet poýeziýasyna nähili düşünmeli onuň teoriýasynda labyz sazlaşyk bolmaly dälmi
Hiayress
19 июн 2022, 13:31
Granger,
Diýme diýseň diýmerinem weli, "Gepiň keltesinden" ýokarsyny R.Rejebowyň "Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi" kitabyndan aldym. ))
Bahara
19 июн 2022, 15:00
suray repi gowy yazyar. Käşgä yazyan zatlary bilen hereketi den gelsedi.... Käşgö tanamasadyk. Diñe replerinde tanasadyk diydirdi. Hawwa öwen öwübersin, sadaja tarapyn gören tarapyn tutubetsin....öñden aydylan bir söz bar "açylan etek yapylar, emma göreniñ gözünden gitmez"....
Öwreniji
19 июн 2022, 15:27
Bahargül,
Beý diýseň ýene haçan gördüň ,ýa şoňňaly bir topar sorag ýüze çykaýmagy mümkin
Enegul
19 июн 2022, 16:47
Men adymam bamy hehehe
Oksimiron
19 июн 2022, 17:38
Goşgy oýunjak we prikol bolmaly däldir. Siz özüňizi poeziýanyň hossary saýyp (beýleki mowzukdaky goşgyňyzy göz öňünde tutup aýdýan), näme üçin beýle bolgusyz zat ýazýaňyz. Eger siz üçin şol goşgy biderek zat bolsa, näme ýene bir biderek zady artdyrdyňyz? Poeziýa oýunda-çynda samahyllama goşmaň. Bolýar, o gyz düşünmän ýazýar diýeliň (ol ýogsa herkimçede düşünýär), ýöne siz düşünip näme üçin beýle zat ýazdyňyz? Poeziýa beýdip hossar çykmaly dälmikä diýýän.
Bahara
19 июн 2022, 17:44
Oksimiron,
Senem suraya beydip "hossar" cykmaly däl! Öz yanynda cykyber. Sitelerde, inetde artykmac suwjarşmalaryñyz.
Bahara
19 июн 2022, 17:52
site gowy formdy. admin bn surayyñ samahyllamalary netijesinde ne gözel abyrayy gacdy kitapcyñ. Bar okyjysyny yitirdi kitapcy suray sebäpli.
Ol yer gözden düsdi. Indi baramok. Bärde bir yürek bulamasanyzla
Bahara
19 июн 2022, 17:53
#Kitapc. Com site
Gumly gelin
19 июн 2022, 18:18
Bir päk ýüreklije,kiçijik ynsan ýüregine sygmadyk duýgujyklaryny,pikirjiklerini ak kagyzy dökýä we biz bilen paýlaşýar.Onuñ şeýtmek bilen bizden hiç zat hantamaçylygy ýok.Ol "MEN"şahyr diýip"Men-men"-lik satybam ýörenok.Ol garşysyna çykanlara"Meñ bar ýazyp bilşim-dä şü,ýazmanam oñup bilemok"-diýip jogap berýär-de oñaýýar.Onsan bu ýerde "Poeziýañ goragçylarna" söweşe çykmak nämä gerek bolduka.Bu poeziýa üçin hakyky söweş bolsa ne ajap.Ýöne...
Eger "Poeziýañ goragçylary"poeziýañ hatyrasyna söweş edýän bolsalar Suraýyñ örän köp kapiýaly,bogun sanly,açyk manyly,ajaýyp goşgularnyñ üstüne atanak çeken mysaly,birki sany kapyýasyz goşgusyny ara alyp ýañsy meýdanyna öwürmezdiler.Olar hakyky edebiýatçy bolsa oña ak ýürek bilen maslahat bererdiler.Tankydy medeniýetli usulda alyp barardylar...
Ýañsy we gülki bilen poeziýa goralýan bolsa"Dymaýyn-la"-diýdim.Ýöne,ýene dymmagy başarmadym.Ýañsyly sözler Suraýyñ "Gyýçak daş"diýen goşgusyndaky gyýçak daşa öwrülip bagrymy dildi.Dymmagy başarmadygym üçin"Poeziýañ goragçylary"-ndan ullakan ötünç soraýan...
#B.S
19 июн 2022, 18:22
Turmaka
Başlamanka
Gelmänkä
Uruş bolmanka
Kyýamat gopmanka
Giç bolmanka
Geliň goşgy ýazalyň.
#B.S
19 июн 2022, 18:27
Aýtmaka
Diýmänkä
Gørmänkä
Bilmänkä
Düşünmänkä
Älem
Jahan
Kosmos
Nasa
Planeta
Wiý ýer tekiz
Nämedegaldyk
Yzyny dowam edeli
Massimus
Автор 19 июн 2022, 18:32
Gumly gelin,
Bir päk ýüreklije,kiçijik ynsan ýüregine sygmadyk duýgujyklaryny,pikirjiklerini ak kagyzy dökýä we biz bilen paýlaşýar.Onuñ şeýtmek bilen bizden hiç zat hantamaçylygy ýok.Ol "MEN"şahyr diýip"Men-men"-lik satybam ýörenok.Ol garşysyna çykanlara"Meñ bar ýazyp bilşim-dä şü,ýazmanam oñup bilemok"-diýip jogap berýär-de oñaýýar.Onsan bu ýerde "Poeziýañ goragçylarna" söweşe çykmak nämä gerek bolduka.Bu poeziýa üçin hakyky söweş bolsa ne ajap.Ýöne...
Eger "Poeziýañ goragçylary"poeziýañ hatyrasyna söweş edýän bolsalar Suraýyñ örän köp kapiýaly,bogun sanly,açyk manyly,ajaýyp goşgularnyñ üstüne atanak çeken mysaly,birki sany kapyýasyz goşgusyny ara alyp ýañsy meýdanyna öwürmezdiler.Olar hakyky edebiýatçy bolsa oña ak ýürek bilen maslahat bererdiler.Tankydy medeniýetli usulda alyp barardylar...
Ýañsy we gülki bilen poeziýa goralýan bolsa"Dymaýyn-la"-diýdim.Ýöne,ýene dymmagy başarmadym.Ýañsyly sözler Suraýyñ "Gyýçak daş"diýen goşgusyndaky gyýçak daşa öwrülip bagrymy dildi.Dymmagy başarmadygym üçin"Poeziýañ goragçylary"-ndan ullakan ötünç soraýan...

"Poeziýaň goragçylary" gowy at tapypsyň gelneje, ýöne men şol manysyz "goşga meňzeş zada" teswir ýazmaga başlamda aýdypdym. Suraýyň ýazyş stilini gowy görýärdim, ondan beýle "goşgulara" garaşmandym diýip. Men oň döredijiligine garşylygym ýok, onuň Siz ýaly okyjylary bar eken, ol islän zadyny ýazyp biler. Ýöne şol gyzy halaýan, sylaýan, düşünýän adam hökmünde däl-de goşgy ýazmakdan baş çykarýan biri hökmünde düýnki goşgulary haladyňyzmy?
Gumly gelin
19 июн 2022, 18:50
Massimus,hawa haladym.
Ýöne sizi goşgyny halamadygyñyz üçin hiç hili günäkärlemeýãrin.Diñe ýañsy bilen şu goşgyny ýazyşyñyzdan utandym.Ýañsy medeniýetli kişä gelişmeýãn zat.
Eger-de siz poeziýa hakykatdanam düşünýãn bolsañyz Suraýdan göwnüñize ýaraýjak,diýýän stiliñizde ýazan goşgy tapardyñyz we şeýle stilde ýazsa okyjy üçin has ýakymly bolýandygny sypaýyçylyk bilen aýdardyñyz.Ýañsyly ýazgylary zenanlardan aýybam görüp durmadym.Ýöne sizden welin...
Öwreniji
19 июн 2022, 18:59
Elbetde bir goşgusy erbet diýip, beýleki goşgularyna garşy çykýan ýok, ýöne şunuň ýaly goşgyny kim halaýa menä düşünemok, eger şuňa döredijilik, ýa üýtgeşik stil diýilýän bolsa onda her kişi şeýle görnüşde ýazyp biler, ýok Suraýyň goşgularyny halamok diýýän ýok, ýöne bu hili goşgy men okabam, ýa labyzynam tapyp biljek däl, düzübersin, ýöne meniň ýaly okyjylaryndan, birnäçesi daşlaşsa gerek.