Awtory tanaýanyňyz barmy?

Talyplar
"Ölsem"
"Ölsem jynazamy bilbil okasyn"
(Özbek şahyry)

Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,
Daşdan doly durmuşyñ her ädimi.

Ölsem, ýüregimde bir arman bolar:
Ejem elin goýup bilmez başyma,
Men uka giderin her gijeki deý,
Emma ejem gelip bilmez gaşyma,
Mährem sesi ol gün meni oýarmaz,
(Durmuş sen ne zalym, beyle oýunbaz!)

Irde-giçde ölüm hökmün ýöreder,
Dostlar, diñläñ size birje arzymy,
Ölsem, menden närazylar tapylsa,
Mümkimcilik bolsa töläñ karzymy.

Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Arzuwlarym bersin maña patyýa,
Meniñ size goýup biljek zadym ýok,
Goşgularym bolsun size hatyra,
hem ynamym galar menden ýadygär,
Gorañ ony, sizi Tañryýalkasyn!
Ölsem, ak bulutlar kepenim bolup,
Sayrak bilbil jynazamy okasyn!

Aýsapar EMELOWA.

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 5 hours ago
9 лайков 315 просмотров
36комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
Автор 22 фев 2023, 09:35
ssaparay
Salam! Awtory men. Edil şu goşgyny ýazanyma puşmanlar edýän şu wagt.

Salam, waýý...näme üçin puşman edýäň?! Negözel goşgyny bu dünýä getiribem soňundan puşman etmegiň birhili bahyllyk bolýa. )
Гость
Автор 22 фев 2023, 09:37
Venus23
Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,


"Hemem oňa oýup ýazmaň adymy"

Şeýle bolsa gowy bolaýjak ýaly.

Aýý...ýok, şol öňki durşy gowy. Gulaga has ýakymly eşidilýä
Goklors
22 фев 2023, 10:03
@ssaparay ýagşy , emgek bolup geçdigi bolsun.
Şu goşgy ün puşman etme. Eziz Nesini ýatlatýar.
ssaparay
22 фев 2023, 10:12
Гость,
Bu goşgyny ýazamda 20-21 ýaşlarymdadym. Şol döwür şu goşgyň orginalyny bir kinoda eşidipdim, gaty täsirlendim, netijede şu goşgy döredi. Mundaky pikir umuman meniň pikirlerim däl, biriniň pikirini ogurlan ýaly duýýan her sapar okanymda. Goşgyň orginalynyň awtorynam bilemok. Onsaňam ol döwürler ölüm barada ýazamak meň hetdime däldi. Bu wagt bolsa Ölüm baradaky pikirlerim has başgaça. Garaz şeýleräk. Sylagyňyz üçin size sagbolsun aýdýaryn! Minnetdar!:)
ssaparay
22 фев 2023, 10:13
Goklors,
sagboluň!:))
Гость
Автор 22 фев 2023, 10:30
ssaparay,
Şol ýaşyňda şeýle goşgyny ýazyp bilen bolsaň, muňa utanmaly däl-de buýsanmaly )
ssaparay
22 фев 2023, 10:35
Гость, ? belki