Meň şu wagt juda aglasym gelýär

Meň şu wagt juda aglasym gelýär,
Ger dökülen gözýaş egsiltse derdim.
Ýüzümiň tuwagy haýa, utanjym,
Diýmeli sözlerim diýdirmän otyr,
Damja çykarardan ejiz gözlerim.
Bozulanym görse ezizlejek ýok,
Bagra basyp, başym sypap gyýyljak,
Dertlerime şypa boljak melhemim,
Menden alyslarda bagty gözläp ýör...
A men ýetip bilmän nurly meňzine,
Küýsegden, gussadan agraldy egnim.
Umyt berenlerim sessiz-sedasyz,
Goldawy ýetjegim öwürdi ýüzün...
Didaryna suwsan gara gözümiñ,
Kalbyny ynjytman gowuşmak üçin,
Hakdan ýetjek delalata garaşyp,
Sabyr käsäm pürlense-de syr bermän,
Ynjanymy duýmadykdan bolanlaň,
Garagyna bakyp ýylgyrsam, gülsem...
Agyly dünýämiň ahyn duýdurman,
"Dokuzy düzüw şuň" diýdirip bilsem,
Başga zat gerek däl, hantama-da däl.
Baýlygyňam nesip etsin özüňe,
Birje begenjime dözmedik şaýlaň,
Gadyry gymmaty ýer tutmaz gözde.
Ýaşaýşyň yşky bar göwnüm töründe,
Ýetilmejek menzil ýokdur isleseň.
Sen bagty tapmarsyñ dünýäň ýüzünde,
Millýonlaň, milýardlaň sany ýitse-de.
Ýanyňdakam gadyryma ýetmeseň,
Görmeseň gözlemden ideýän zadyñ,
Düşündirip bilmän düşünip bilmän,
Neçünleň hatary bulaşdy serde,
Çäresiz, alaçsyz, sessiz-sedasyz,
Ger dökülen gözýaş egsiltse derdim,
Meň şu wagt juda aglasym gelýär...
8 лайков 635 просмотров
103комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 22:17
geçip barýaka sowlan,
entägem Wengriya unsumi sowup dur şuwagt bolmanda kyn bolardy maňa
Ýury
24 дек 2021, 22:22
Gaýrat et...
Lakshmi Baýyny göreñokmy şonça goşuna garşy durýa ýekeje topdan tank edip söseşýä....
Nairobi,
Ýury
24 дек 2021, 22:22
*söweşýä...
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 22:22
geçip barýaka sowlan,
Bolya :)
Ýury
24 дек 2021, 22:25
Nesip bolsa ýene okuwçy taýynlap başlajak täze ýyldan....Nairobi,
Leyli Amanowa
24 дек 2021, 22:26
geçip barýaka sowlan,
ustunlik saňa
Ýury
24 дек 2021, 22:28
Ssen näme taýynlanjak dälmi....Nairobi,
Ýury
24 дек 2021, 22:31
Nireli köşek sen....
Dove,
Ýury
24 дек 2021, 22:33
Niresi....
Dove,
Ýury
24 дек 2021, 22:35
Ahalyñ niresi
Dove,
Ýury
24 дек 2021, 22:41
Köşek öziñä soñ aýdaryn diýäñ öziñem öwret diýäñ nähili düşinmeli.....
Dove,
Ýury
24 дек 2021, 22:47
Dove,
Köşek gördä okuw öziñe gerek....
GuljemilE
24 дек 2021, 22:59
Nairobi,
Zagranni aljak bolsan pul beryan bir gune tayyar etya