MENANDRYŇ PÄHIMLERI
Garyplygy ýigrenme. Ynsanyň juda pese gaçan mahaly bolýar, onuň haçandyr bir wagt aýak üstüne galjakdygyna ynam edilmeýän pursady bolýar. Birdenem ykbal ony örän belende göterýär, şonda ähli kişi oňa hormat goýup ugraýar. Baýlygam garyplyk ýaly ebedilik däldir.
Eger-de, öýlenmekçi bolsaň, ömür ýoldaşy edinmekçi bolýan zenanyňyň diliniň nähilidigini biljek bol. Ýaňra aýal— duranja dowzahdyr.
Erbet är— başa düşen musallatdyr.
Iki dogan sögüşende ýanyna barma hem olary ýazgaryjy bolma. Bir çete çekil-de, dawalaryna goşulyjy bolma. Sebäbi süýtdeş doganlar tiz ýaraşar, iki arada seniň ýigrenji bolanyň galar.
Iňirdegen hem oňşuksyz bolma— beýle gylykly kişi hor-homsy günden çykyp bilýän däldir.
Daban azabyňdan gazanan emlägiňi aýawly sakla. Ogurlyga bolsa nälet oka. Seniň halal emlägiň ömrüňe ömür goşar, ogurlykdan düşen zat bolsa başyňa ölüm wehimini salar.
Öwünjeň özüne kest eder.
Dogry ýoldan başyňy belent tutup git. Niýetiň-päliň päk bolsun. Oňat pikir et hem taş-töeregiňe syn kyl. Sen öz aýalyňyň keseki biri bilen biwepalyk etmegini isleýän dälsiň ahyryn, şonuň üçin hem gatnaşykda bolýan adamlaryň aýaly bilen hyýalyňda-da biwepalyk etme.
Lybasyň tämiz, gapjygyň bolsa altyndan doly bolsa senden arzyly myhman bolmaz.
Tagamly nahar myhmanlaryň sanyny artdyrar. Egsilmez baýlyk dostlaryň sanyny artdyrar. Büdrän günüň welin myhmandanam, dostdanam jyda düşersiň.
Bikärlik ýalançylygy hem ogurlygy öwreder.
«Sözüň agzyňda» diýip, gürrüňdeşiniň sözüni bölüp, özi gep goşýan ýaňrany ýigren. Onuň muň duşmany bolanda hem diliçe zyýan edip bilmez.
Jedelde köplenç hakykat däl-de, gaýduwsyzlyk hem dilewarlyk üstün çykýar.
Erbet adam bilen tabakdaş bolma. Ol zadyňy iýer, soňam pes gylyklylygyny edip, gürrüňiňi eder
Biderek dawa başlan adam bilen gödek gepleş, ataňa dil ýetirjek bolsa, geçirimlilik etme
Tä soňky demiňe çenli dowam edýan çyn dostluga ýetesi zat ýokdur.
Jany sagat adam üçin ýaltalykdan ýaman zat bolmaz.
Ganygyzgynlyk jenjele elter.
Umyt ýüregiňi begençden doldurar.
Erbet niýetiň soňy hesret bilen gözýaşdyr.
Iýmit talap edýan garyn ynsany dek oturtmaz.
Durmuşda iň oňat zatlary alyp hem ähli erbetlikden çetde durup bilen adam ýokdur.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.