Tymsal

Özüniň pespälligi bilen Rabbimiziň söýgüsini gazanan bir müminiň depesinde hemişe bir bulut saýa salar eken. Rabbiniň guluna söýgüsiniň bir nyşany bolan bu bulut ol kişiniň hemişe günüň jokrama yssysyndan gorar ekeni. Bir gün onuň bu halyny gören bir garyp bende öz ýanyndan: “Nähili beýik adam! Bolup bilse bu bir ýagşyzada bolmaly. Gör-ä, yssy meniň depämi deşip gelýär, ony bolsa hemişe bir bulut saýalap ýör. Gowusy, ýanyna baryp ol mübärek ýagşyzada bilen tanyşaýyn, elini togap edeýin, saýasynda saýalaýyn” diýip oýlanýar.
Yzyndan biriniň haşlap gelýänini duýan depesi bulutly adam yzyna seretse, ynha eleşan eşikli bir garyp ýetip gelýär.
Gele-gelmäne garyp bende: “Eý, Allanyň söýen guly! Näçe wagt bäri sizi synlap ýörün: bir bulut nirä gitseňiz sizden galman, size kölegesini salýar. Diýmek, siz beýik ynsan bolmaly. Rugsat beriň, bir pursatlyk hem bolsa, men hem siziň buludyňyzyň astynda siziň bilen bile ýöremek bagtyna gowşaýyn” diýýär.
Şol wagt ruhy ahwalaty gowşak bolan ol müminiň kalbynda ulumsylyk we gedemlilik uçgunlary peýda bolýar. Özüne göwnüýetijilik bilen: “Gel, gel, has golaýrak süýş! Meniň saýamda seniň ýalylardan entek gör näçesi saýalanar!” diýýär.
Şunlukda, ikisi bile ýöremäge başlaýar. emma, şeýtan boş durýarmy?! Ol: “sen hak nazary düşen beýik adamsyň! Sen alym, dana, başynda bulut gezdirýän kişisiň! Ýeňiýoluklar, misginler, ejiz biçäreler bilen egin-egne ýöremegi özüňe nähili rowa görýäň?..” diýip gižže bermäge başlaýar. Şeýtanyň bu sözüne ynanan adamyň kalbyndaky gedemlik uçgunlary uly ataşa öwrülýär, ol hasam gabarylyp ýöräp ugraýar. bir çeşmäniň başyna baranlarynda, şol ýerde aýak çekip, dem-dynçlaryny alýarlar. Ulumsylyk derdine uçran adam ýene ýoluny dowam edýär. emma onuň ýöreýşinden, özüni alyp barşyndan, gürleýşinden pyglynyň bozulandygyny, häsiýetiniň üýtgändigini aňan garyp ondan aýrylyp galýar.
Ulumsylyk eden adam bir salym soňra başynyň gyzyp ugrandygyny duýýar. Ýokary seretse, özüni penalaýan bulut ýok. görse, ol hanha hälki garybyň depesinde saýalanyp dur. Asyl, bulut ulumsy, gedem adamy terk edip, pespäl garyby saýalamaga başlan bolsa nätjek…
Ahlak, fazylat barada ýazylan kitaplarymyzda bu tymsal getirilip, yzyndan şu nesihat berilýär:
"Başyňyzda bulut gezdirjek derejede beýik mertebelere ýetenem bolsaňyz, asla ulumsylyk etmäň, gedemlikden daş duruň, hiç kimi äsgermezlik etmäň. Eger, bu nesihatlara gulak asmasaňyz, allah siziň emriňize beren ol buludyny alar, siziň göwnüýetmezçilik bilen garan adamlaryňyzdan birine berer"
6 лайков 187 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yurek lukmany
05 янв 2022, 18:22
haladym bagulum sagbol
Enesh
05 янв 2022, 18:35
like
Enejan
05 янв 2022, 18:46
Gowy
noname
05 янв 2022, 18:56
brawo . . .
GuljemilE
05 янв 2022, 18:57
Like
myhman
05 янв 2022, 19:13
Adam ogly çig süýt emen, gyzyl görse Hydyr azar diýilýäni bolaýýada. Manyly ýazgy ýetireniňize sagbol.