Ölüm bolmadyk bolsa...

“Ölüm bolmadyk bolsa, durmuşyň hiç bir gymmaty bolmazdy.” (Gogol)

Altynjy synpda perişdelere iman etmek baradaky temany işleýäris. Şonda perişdeler erbetlik, günä iş etmeýärler diýip öwredýäris. Olaryň ähli işi Allaha ybadat hem-de gulluk etmekdir.

– Ýöne, mugallym – diýip, Mähri ýerinden turýar we şeýle sorag berýär:

– Ezraýyl bulara degişli däl gerek?

– Näme üçin beýle pikir edýäň?

– Sebäbi ol ähli adamlaryň janyny alýar. Hemme kişiniň ruhuny teninden sogrup öldürýär. Bu iş hem gowy işleriň hataryndamy?

– Hawa, gyzym, bu-da gowulyk. Ölüm hem ynsanlar üçin haýyrly zatdyr.

Okuwçylaryň barysy çaga bilesigelijiligi bilen, göýä dem alman üns berip diňläp otyr.

– Hawa, ölüm hem gowulykdyr. Allanyň adamlar üçin ýaradan haýyrly işleriniň biridir.

Temany has içginräk düşündirmäge çalşyp oturşyma, esasan-da, gyzlaryň ýüzleriniň reňkiniň üýtgäp durandygyny gördüm. Içlerindäki gorkulary ýüzlerinden bildirýär. Ýöne şonda-da diňleýärler.

– Özüňiz pikir edip görüň. Garrylar hiç ölmese nähili bolardy?

Şu soragdan ugur alyp, düşünjeler bir-birini yzarlamaga başlady:

– Şunça tapdan düşen adama kim seretsin? Işleýän, gazanýan adamlar azalýar; taýyn aşyň eýeleri, işlemäge ukyby bolmaýanlar, üstesine-de idege mätäç adamlar köpelýär. Onsoňam bize şunça kynçylyk döredýän adamlary nädip yzygiderli hormatlap, söýüp bileris? Aslynda olara seretmek, sylamak, söýmek biziň borjumyz ahyry! Soňsuza çenli seretmäge mejbur bolan adamlarymyz üçin bulary başarmak mümkinmi? Sebäbi barha olaryň ýagdaýlary erbetleşer. Elleri titräp, gözleri görmän başlar. Naharlaryny iýip bilmän, suw içip bilmän, çemçe, käse tutup bilmän başlarlar. Naharlaryny üsti-başlaryna döküp-saçyp, suwlaryny ezeneklerinden akdyryp başlarlar. Bular ýene-de ýagşy. Has beteri, hajatlaryny edip bilmeýän ýagdaýa gelerler. Gün-günden durmuş olar üçin has kynlaşyp başlar. Indi siz aýdyň, şular ýaly durmuş gowumy? Ýa-da güýç-gurbatyňy, abyraýyňy ýitirmän ölmekmi? Onsoňam, çagalar, musulmanlarça bir durmuş ýaşap, musulmanlarça ölen adam üçin ölüm erbetmi näme? Dogruçyl, ar-namysly hem-de dindar durmuşdan soň, imanly ölen adam üçin ölüm gorkunç wakamy?

Indi soragyň jogabyny özleri berýär:

– Ýok, mugallym, bular ýaly adam üçin ölüm, şu perişan, aladaly dünýä durmuşyndan halas bolup, gyzykly, gaýgy-gamsyz jennet durmuşyna gitmek diýmekdir.

Şeýdip, gyzygyp giden söhbetimiziň arasynda kösenýän hem-de kynçylyk çekýän ençeme hassalar, garrylar üçin ölümiňhalas bolmagyň bir ýoludygyny düşündirdim. Eger ahyrýeti üçin sogap işler eden bolsa, ebedi bagtyýarlyga, tükenmeýän şatlyga açylýan gapydyr. Diýmek, Ezraýyl erbetlik edenok. Imanly adama, jennetiň pasportyny getirip berýär. Dünýä kösençliginiň dynandygyny, ebedi bagtly durmuşyň başlandygyny habar berýär. Indi siz maňa aýdyň:

– Ezraýyl atly uly perişde, adamlara ýagşylyk edýärmi ýa-da ýamanlyk?

Şol pursat kakylan jaň temamyzyň nokadyny goýdy. Mähri begençden ýylpyldaýan gözlerini gyrpyp, şeýle diýdi:

– Mugallym, indi düşünýärin. Imanly adam üçin ölüm gorkunç hem-de erbet zat däl eken. Alla ähli zady ajaýyp hem-de owadan ýaradypdyr. Ýaradan zatlarynyň ählisi-de peýdaly hem owadan.

Sözlerime Allah şaýatlyk eder,
Meniň janym bu tenime myhmandyr.
Bir gün wagty dolup, çykar-da gider,
Kapasadan uçup giden guş deýin...
(Ýunus Emre)
6 лайков 187 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
29 янв 2022, 17:34
egerde elimizi hemmishe ene atamyz tutup saklasady biz durmushda yoremegi hem bilmezdik,eger bizi gynandyran bolmasady shatlygyn gadry bilinmezdi
Gultac
29 янв 2022, 17:54
Salam askim Jan et 65180866 dom 824671555 ejemjana aylasamam bolya
Gultac
29 янв 2022, 17:55
Sana uns bereli Doglan guni baslik sana gabat gelyanlar Bar bolsa Mugallymlar syyasatcylar Aktrisalar cykyar Men senami Hasapladym Pegas yaly Syrlygy Dinlemegi Owrenin
Gultac
29 янв 2022, 17:56
Pegas senkini gosmaly bolyada 30,03 92
Gultac
29 янв 2022, 17:57
Soygiden yanan Diyip Pegasa at dakyas Bu yyl sahyr bars yylnda Halkyn Arkadagly zamanasy yylynda sanly Sene 30yasyny belleya Cagyrmasav barjak
Gultac
29 янв 2022, 18:00
Menem yandym.soygiden Ilkinji soygimi 2014de namazly Yenis diyen oglany Soydum Sizinki soygi dal Ngly Balkanym sadyyandy Kellamde Rak bar uzak yagbnbdiyip Elimden tutmadyk oglan Bagtly bolmagyby isleyan diyip daslasdy Adam bir gezek soter Galan omrunde Sona menzesini gozlar. Diymek
Gultac
29 янв 2022, 18:01
Ucmahda yada Yasaya In uly jeza habarsyz galmak
Gultac
29 янв 2022, 18:02
Dogtoryn yalnyysy Goni aydypdyr Yone ony 2015de gorduma Rybka diyerdi Balyjakly koynegim bn uniwera Kosa gelipdi
Yeyeyey
29 янв 2022, 18:11
Gyzlaryñ gorkany bildiryardi diyipsiñ ooo klasda oglan ýokmy