HAS OŇADY BOLMAK
“Allah gözeldir, gözel bolany hem söýýär” (hadys)
Kär saýlamak dersinde okuwçylarymdan geljekde haýsy käri saýlap aljakdygy barada sowal berdim. Nobatma-nobat we käbiri çekinjeňlik bilen jogap berýärdi. Sebäbi özleri üçin peýdaly hünäri aýdanlarynda käbiri gülýärdi, käbiri bolsa haýran galýardy. Dostlaryna aýdýan hünärlerini halamaýanlar hem bardy. Ýöne käbirleriniň hünärlerine gülmeýärlerdi...
Ýeňil hünär saýlanlaryň üstünden gülýärdiler, peseldýärdiler. Soňunda sözi men aldym we dogry, dürs berjaý edilmek şerti bilen ähli hünärlere mätäçlik çekilýändigini aýtdym. Oňat hünärde dogry we dürs bolmak, üstünlikli bolmak gerekdir. Oňat hünäri nädogry berjaý etmegiň ähmiyeti ýokdur. Aslynda ähli hünärler möhüm we gereklidir. Diňe adamyň ony dogry we dürs berjaý etmekligi gerekdir.
Bu pikirlerden soň depderlerine Douglas Mallaçyň aýdan sözlerini ýazdyrdym:
“Dagyň depesinde arça bolup bilmeseň, sährada pes saýaly we çybykly bag bol... Ýöne şol ýerdäki iň peýdaly bag sen bolmalysyň!
Pes saýaly bag bolup bilmeseň, bir owadan gül bol, bir ýola şatlyk ber...
Bir kiçijik gül bolup bilmeseň, bir saz bol!... Emma ýüreklerdäki owaz bolmalysyň!
Ählimiz kapitan bolup bilmeris, esger bolmaga mejburdyrys. Dünýäde ählimiz üçin bir iş bardyr. Berjaý edilmeli ululy-kiçili işler bar...
Berjaý etjek işiňiz size has ýakyn bolan işdir.
Şaýol bolup bilmeseň, ýodajyk bol!
Gün bolup bilmeseň, ýyldyz bol!
Üstünlik gazanmak ýa-da ýeňilmek esasy ölçeg däl.
Näme bolsaň-da, sen şonuň iň kämili bolmalysyň!”
Haýsy iş we hünär bolsa bolsun, onuň iň dogrusyny we gözelini berjaý etmek, aslynda musulmana gelişýän häsiýetdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Sebäbi Pygamberimiz bu manyny hem öz içine alýan örän oňat bir söz aýdypdyr:
“Allah gözeldir, gözel bolany we gözelligi söýýändir...”
Bu hadysy depderlerine uly harplar bilen ýazmaklaryny haýyş etdim...
- Ýokardaky aýdanlarymdan we bu hadysdan ugur alyp, indi biziň işimiz näme bolmaly, indi biz näme etmeli?
Bu sowaldan soň synpyň pelsepeçisi hasaplanýan Mehmet şeýle ajaýyp jogap berdi:
- Ýoldaş mugallym, bu hadysyň manysy şeýle bir giň welin... biziň ähli hereketlerimizden başlap, gülmekligimiz, gürrüňlerimiz we goş-golamlarymyza çenli ähli zatlarymyz düzgün-tertipli we gözel bolmalydyr. Hatda depderlerimizi, kitaplarymyzy oňat daşlap, arassa saklamagymyz zerurdyr. Okuw esbaplarymyzy daşaýan sumkalarymyzy tertipleşdirmek hem şol hadysyň mazmunyna degişli...
- Berekella, Mehmet, saňa ýöne ýere pelsepeçi diýmändirler... Elbetde, durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan gözellikler bar bolsa, şolaryň ählisi hadysyň manysyna degişlidir... Ýagny, gepiň gysgasy, musulmanyň ýaman işi bolmaýar. Her bir iş elinden geldigiçe gözel, ýagşy, dogry we dürs bolmalydyr...
"Mugallymyň bellikleri"

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.