Okamana bolan höwes
Biziň göwnümize bu meseläni oglanyň özi çözmeli ýalydy hem okuwa barmanlygy üçinem öz ýanymyzdan ony günäkärleýärdik. Oglan «Näme üçin mekdebe baraňok?» diýen sowalymyza ýere bakyp, jogap berip bilmän durdy. Kakasy ara goşuldy: „Ony men okuwa goýbermedim». Biz: „O nämüçin?“ diýip, geň galdyk. Oglanyň kakasy ýüzüni kese sowdy-da: „Häzir oglumy Könä ugradyp okatmaga ýagdýym ýok“ diýip jogap berdi. Biz oglanyň ýiti zehininden söz açdyk. Emma öý eýesi: „Ýagdaýym ýok“ diýip, bir depen ýerini depip durdy. Şonda Ferit beý: „Siz zady gaýgy etmäň. Ogluňyzyň okuwa gitmegine razylyk berseňiz, ýagdaýyny özümiz taparys“ diýdi. Emma munuň bilenem ol adam razy bolmady. Ýogsa olar biziň gelenimize begendiler. Myhman aldylar. Duz-çörek iýdik. Oglan mekdebe gitmäge hernäçe höwesli bolsa-da, kakasy razy bolmasa gidip biljek däldi. Biz yzymyza gaýtdyk. Bir-iki gün oglan geler diýip garaşdyk. Emma ol gelmedi. Ferit beý onuň yzyndan ýene-de gitdi. Köneürgençden azyndan kyrk kilometr uzaklykda çöl içinde ýerleşýän şol oba gumak ýol bilen gidip geläýmek aňsat däldi. Üstesine-de işiň bitjeginden bitmezi ýakyndy. Hakykatdanam Ferit beýiň ikinji gezek gitmesem netije bermedi. Emma ol üçünji gezek gitdi. Şol gezegem oglany ýany bilen alyp geldi. Ferit beýiň azaby ýerine düşdi. Ol çaga klaslarynda iň oňat okuwçylaryň hatarynda mekdebi tamamlady. Oňa Tagandurdy Tekemädow diýýärler. Soň Türkiýäniň Konýa şäherindäki Seljuk uniwersitetinde okady. Tagandurdynyň mekdepde okan ýyllarynda birnäçe gezek kakasam, ejesem mekdebe gelipdir. Öýlerine barsak Ferit beýe şeýle hormat edip nirede oturjaklaryny bilmeýän bu maşgala, mugallymlar bolup birnäçe gezek bizem myhmançylyga gidipdik. Her baramyzda olar bize alkyş baryny aýdardylar.
Arda beýiň gürrüň berýän oglany Tagandurdyny men tanamaýaryn. Olam ýurdumyň ýaşlaryndan biridir. Konýa ýaly meşhur şäheriň uly uniwersitetinde okany üçin özüni bagtyýar duýýandyr. Mugallymlaryna — Ferit beý, Arda beý ýaly adamlara duşmagyň nesibesinde bolandygyna şükür edýändir, hem olara baky minnetdardyr. Belki onuň şolardan öňürti minnetdarlyk aýtjak adamsam ýokdur.
Hajy Muammer Türkýylmazyň mekdep açyşlary baradaky gürrüňinden ýene bir parça:
„Biziň Türkiýede ilkinji hususy mekdebi açmagymyza bir geň waka sebäp bolupdyr. Bizde Amerkianyň Birleşen Ştatlaryndan gelip mekdep açanlar hem bar. Şol mekdepleriň birinde okaýan oglanjykdan: „Okuw gowumy?“ diýip sorapdyrlar. Olaryň arasynda şeýleräk gürrüňdeşlik bolup geçipdir.
— Hawa gowy.
— Mugallymlaryňam gowumy?
— Hawa.
— Mekdebiňem gowumy?
— Gaty gowy.
— Sen mugallymlaryňy gowy görýärmiň?
— Elbetde, gowy görýän.
— Nähili gowy görýäň?
— Nahilimi?! Mugallymlarym kakaňy ur diýseler uraryn.
— Çynyňmy?
— Eger çynym. Çünki kakam men ýatyrkam işden gelýär, turmankamam işe gidýär. Dynç günlerem dostlarynyňka, ýa-da balyk tutmaga, awa-şikara diýip çykyp gidýär. Maňa barmysyňam deýenok. Emma mugallymlarym mydam ýanymda. Okuw okadýarlar. Erbet baha alsam „Zyýany ýok, gowja taýýarlansaň bahalaryň gowlanar“ diýip, maňa göwünlik berýärler. Gowy baha alsam „Berekellamy“ ýetirip meniň bilen oturyp şokaladly çaý içýärler. Mugallymlarym meni kakamdanam gowy görýär. Onsaň näme üçin men olaryň ur diýenini urmaýyn…
Ine şu gürrüňdeşlikden soň ol adam Türkiýede türkleriň özleriniň şeýle mekdepleri açmalydygyna göz ýetiripdir. Şeýdibem türk hususy mekdepleri açylypdyr.
Amerikanlaryň açan mekdeplerinde zehini ýiti, aýratyn tapawutlanyp okan okuwçylar soň Amerika okuwa gidip, şol ýerde-de galypdyrlar. Muňa dünýäde zehinlileriň göçüp gitmegi diýýärler. Bizde welin beýle niýet ýok. Türkmen çagalaryna Watany söýmegi, onuň Prezidentine wepaly bolmagy ilkinji günlerden öwretmäge başlaýarys. Ene-atalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Hakykatdan-da biziň mekdebimizi türkmenleriň iň zehinli çagalary okap gutarýar. Olaryň ilkinji toparlary dünýäniň dürli künjeklerinde bilimlerini ýokarlandyryp öz Watanlaryna gaýdyp geldiler. Bu ýagdaý göz öňünde tutulyp, düýnki okuwçylarymyzdan düzülen mugallymlara aýratyn mekdep bölünip berilse, olaryň näderejede Watansöýüji, nä derejede başarnykly bolup ýetişendigi iş ýüzünde görünerdi. Men şeýle günleri görmegiň arzuwyny köp edipdim. Allaha şükür o günlerem gelip ýetdi…“
Gadymy Merwiň ylym ojaklaryny ýatladýan Mary şäherindäki türkmen-türk mekdebine aýlanyp ýörüs. Asmanda aý dogup, ýyldyzlar patrak ýaly bolupdyr. Mekdep welin henizem hereketde. Çagalara agşamky taýýarlyk sapaklary berilýär. Olaryň iki-ýeke öňümizden çykany edep bilen salam berip gyra çekilýärler. Ýumşak, mylaýym sesli, alňasaman gürrüňini dowam etdirip gelýän müdir Arda beý çagalaryň salamyna baş atyp jogap bermegem unutmaýar. Olam içinden edil hajy Muammer aga ýaly öz elinden uçurym bolan okuwçylarynyň bu günler ýokary bilimli, berdaşly ýigitler bolup Watana gaýdyp gelip başlanyna begenýärdi, şükür edýärdi. Hemem olaryň arasynda halanmaýanlarynyň bolmazlygyny dileg edýärdi. Biz türkmen-türk mekdepleriň açylan ilkinji ýyllaryny, Arda beýiň Köneürgençde işlän döwürlerini ýatlap dowam etdirdik. Men oňa Ferit beýiň beren gürrüňini ýatlatdym.
— Ferit beýem siz barada bir wakany gürrüň berdi. Dogrusy ynanar ýalam däl. Köneürgençde gyrasyny syçan deşen gutulardaky miwe suwuny dökmäge dözmeýşiňiz hakynda.
— Hä-ä. Şeýle waka bolupdy. Türkmenistana ýaňy gelen döwürlerimizdi-dä. Köneürgenjiň suwuny duzly görüp içip bilemokdym. Şonda müdirimiz Kayr Baljyň Aşgabatdan getiren miwe suwlary hezil beripdi. Ol kagyz gutujyklardaky miwe suwlaryny hemmämize deň paýlap berdi. Her kim paýyny ýaşaýan otagyna äkidip islän wagty alyp içýärdi. Men ol wagtlar taryh mugallymy, degişmäni halaýan Ýusuf Karakaş bilen bile ýaşaýardym. Syçan deşen miwe suwly gutularam şoňky bolmaly. Ol miwe suwlaryny az-azdan tygşytly içýän eken. Men öz paýymy sanaýmaly günüň içinde içip gutaryp onuňkydan haýyş etmäge başladym. Ol maňa öz paýyndan bermedi. Hakyňa kaýyl bol dost diýdi. Menem ilki bolýar diýdim. Emma bir-iki günden ýene dilenip ugradym. Olam maňa ýekejesini bermäge razy boldy. Miwe suwlaryny ol ýatýan krowadynyň aşagynda uly kagyz çelekde saklardy. Biz çelegi çekip çykaryp gösek içi gök suw. Içindäki miwe suwly gutujyklary syçan deşipdir. Aşagyndan deşilen gutujyklar boşapdyr. Bilinden deşilenleri ýarty. Depesinden deşilenlerem bar. Garaz özümiziň gysganyp, içmäge dözmän ýören suwlarymyzy syçanlar paýhyn edipdir. Biz derrew içinde miwe suwy dökülmän galan gutujyklary penjiräň öňüne düzüp goýduk. Akanlaryny daşaryk zyňdyk. Ikimiziňem gözümiz syçan degen gutujyklarda. Näme etmeli? Olaram zyňmalymy? Syçandan keseliňem geçip biljekdigi ikimizede belli. Emma şonda-da negözel miwe suwlaryny daşaryk dökmäge dözmedik. Ilki men birini içdim. Soň ýoldaşymam içdi. Hernä ikimize-de zat bolmady. Häzir o wakalara ynanar ýalam däl. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynyň gytçylyklaryny bizem gördük. Häzir bolsa bazara çyksaň islän zadyň bar. Ýene-de on ýyldan dagy Türkmenistan gör nähili bolar! Şonda biziň mekdeplerimizi tamamlan okuwçylarymyzyň hersi bir käriň eýesi bolar. Şonda olaram edil ikimiz ýaly hem buýsanç, hem azajyk gussa bilen geçenleri ýatlasa gerek…

28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.