Türkmenler.

Türkmenler bu gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy bilen yslam dinini, yslam dini bilen birlikde bolsa, arap kowmuny, onuň milli özboluşlylygyny ýok bolup gitmekden halas etdi. Ynha, dünýä söweşiniň birnäçe wakalary şuny tassyk edýär. Ýöne yslamyýeti gahrymanlarça şunça ýyllap gorap, hatda ony Hindistandan, Wena çenli ýaýradan türkmenlere, dindeşlerine hristianlaryň sapyna geçip, hyýanat edipdirler. Türkmenler Ýewropanyň üstüne hunlar, parslar, awarlar, osmanlylar ady bilen çozup, rowaçlyk gazanypdyrlar. Ýewropalylaryň ganly ýörüşlerini ýenede türkmenler togtadypdyr. Anadoluda, Malazgirtde garaşsyzlyk söweşi bolmadyk bolsa Aziýanyň işi gaýdardy. Türkmenler Ýewropanyň, Aziýanyň aňynda ýeňilmezek, beýik halk hökmünde ýaşaýardy.
Ruhnama ikinji kitap.
4 лайков 406 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
Автор 12 апр 2022, 17:51
Beýik Serdarymyz Türkmenbaşy şeý diýipdir. Biz bolsa zeýrenen bolýas, beýik halk ekenigä. Türkmeniň demi daş ýarýan eken.
Hiayress
12 апр 2022, 17:58
Başarnyksyz adamlar geçmişe salgylanýar.
Maksat
Автор 12 апр 2022, 18:05
Цитата: Hiayress
Başarnyksyz adamlar geçmişe salgylanýar.

Türkmenbaşa başarnyksyz diýmek bolýamy teswiriňe düşünmedim( orta bilimim bar geň görme) ýa türkmenler taryhyndaky başarnyklary bilen tanalmaz şu güni gerek diýmekmi?
Hiayress
12 апр 2022, 18:16
Bayker,
Ilki bilen-ä geçmişiň bilen magtanmak, şu günüň şowsuzlygyndan gaçmak. Ikinji bilenem geçmişde biziň ata-babalarymyz demlerinde ot sowrup, beýik ýörüşleri amala aşyryp, täze ýurtlary binýat eden bolsalaram, şu günki günümize gram peýdasy ýok. Üçinji bilenem taryh durnukly däl. Her ýurduň öz taryhy bar we şol taryhynda ýerine ýetiren beýik işleri bar. Dördünji bilenem taryhda ilkinji türkmen ady Abulgazy Bahadyr hanyň "Türkmenleriň nesil daragty" kitabynda agzalýar. Ol kitabam 17-nji asyra degişli. Onda-da iki kelam söz bolmaly. 17-nji asyryň soňlaryndan öňki türkmen taryhy rowaýat.
#B.S
12 апр 2022, 18:25
Hiayress,
Mena turkmen sozi seljukly zamanynda dorapdir diyip bilyadim. Abulgazy hanama turkmen sozi barada menkiden bashga pikirde...
Maksat
Автор 12 апр 2022, 18:47
Hiayress,
Özbek sözi soň mongollar döwründe döräpdir diýseň hä diýjek welin, türkmen sözi seljukly taryhynda, osmanly taryhynda bar Soltan Jelaleddin türkmen diýip şahsyýet bar. Bäş müň ýyllyk taryhymyz bar diýýäler sen o zatlara ynanaňokmy?
Pegas
12 апр 2022, 18:48
Bu ýokarky maglumatlardaky oguzlara, hunlara, seljuklara, osmanlylara türkmen pasport berjek bolmagymyz näderejede dogruka?! Onda olara gagauzlaram, türklerem, azerilerem... dawa etmezmi? Sebäbi biz bilen des-deň hukukly şolar ýokarkylar babatda.
Indi Ruhnama babatda: bu bir anyk faktly ylmy kitap däl. Filosofiki, awtorynyň öz teoriýalaryny düşündirýän bir ýygyndy kitap bu. Mysal üçin türkmenleriň "türk"+"iman" - "asly nurdan" bolan diýen ýaly teoriýalar)))
(Dinimiz adamyň toprakdan emele gelenini aýdýar, ateistik ylym maýmyndan emele gelenini aýdýar... Gel-gel, türkmeniň nurdan emele geläýşini!)))
Maksat
Автор 12 апр 2022, 18:55
Geçmiş bilen magtanmak dälde, bir akan ýerinden akarmyş aryk diýýäler. Geçmişde beýik millet bolanlygymyza buýsanyp bileris. Ärden är dogar.
Hiayress
12 апр 2022, 19:01
Bayker,
"Ärden är dogar" Seljuklardan soň Osmanlylary hasap etmeseň (olar ilerä göçüp gitdi), är pederden haýsy är dünýä inipmiş?!
Maksat
Автор 12 апр 2022, 19:16
Hiayress,
Beý diýme how senä masgara etdiň türkmen agany)) otagyň ýarsyny tutup ýatyrdym weli ýygrylyp gitdimaý.))
Hiayress
12 апр 2022, 19:22
Bayker,
Nusga getirip bilmeýän bolsaň masgara eden men däldirin. Özi özüni masgara edendir. Bar Seljuklar (türkleri) türkmen ekendä, ärden är dogýan eken. Seljuklardan soň 8 asyr geçdi, hany ärleriň dowamaty?! Hany türkmenleriň ilhalar garadaýgaýtmaz şirleri?! Seljuklardan soň türkmen üçin uly iş bitiren ýeketäk adamyň adyny, Gaýgysyz Atabaýewi agzap bolar, olam arassa türkmen däl.
Maksat
Автор 12 апр 2022, 19:24
Pegas,
Dogry men şuny diýjek boldum welin terse gidip barýa. Biz mydama zor bilen ýaşamalymykak, berim bilen, ýallaklamak bilen, öwmek bilen öň mukaddes diýdik indi elimiz tersi bilen zyňyp ýaňsylaýas. Bukdaklap ýaşaýas magtanar ýaly türkmenimiz ýok. Pulyň bolmasa zehiniň daş ýarsada okuw ýok, tanşyň, arkaň (gö*üňde durýan)bolmasa dogry sözüň ýalan baram bolsa näme etseňem seňki dogry.
Maksat
Автор 12 апр 2022, 19:27
Hiayress,
Senem men ýaly jany ýanan taňrysyna gargar edip gidip otyrsyň. Öwen bolarlar senem.
Hiayress
12 апр 2022, 19:28
Bayker,
Öwüp-öwlüp şu güne geldik agam.))
Maksat
Автор 12 апр 2022, 19:42
Цитата: Hemedany
Intek türkmen öz neslini öwrenip bilenok welin illeňkä:"Ynha şu biz bolmaly" diýip dawa edýä.

Köpräk dawa etsek goşaýmazlarmyka))
Maksat
Автор 12 апр 2022, 20:16
Hiayress,
Gaýgysyz Atabaýew Täçgök serdaryň ogly dälmi? Täçgök serdar Gowşut han ölenden soň özüni han saýlarlar öýdýä uly tiräň serdary eken, ýöne ýaşulular Täçgök serdary gyzma, kakabaş bolanlygy üçin han saýlanoklar şeýdibem Marynam Nurberdi hana tabşyrýalar olam Güljemaly han edip goýýa. Täçgök serdaram öz syçmaz tiresini alyp Tejene çekilýä bir gapdalyny guma diräp. Öýkeleýädä garaz diýip eşitdimmi ýa bir ýerde okadymmy ýadyma düşenok. Gaýgysyz Atabaýew ýetim bolup orslaň terbiýesini alan.
Resul
12 апр 2022, 21:42
Hiayress edil bu dushunjelerin gaty nadogryla. Name taryhyñy agzamak bizin basarnyksyzdygymyzy yada hokman shu gune peydasy degmelidigini anladyarmy ? Ady aydyp dur taryh, gecmishde galan zat. Ozem her hili dowur bar, dowur uytgap dur. 1220-nji yyllaryn Mongollary bn shuwagtky mongollaryn arasynda dag yaly tapawut bar. On hemme kishini zalym shekilde gyryan Yaponiya barka indi dine ylalasyga eygeryan Yaponiya bar. Edil bizem sholar yaly, on hemme yere yan salan Turkler bar bolsa indem dowre gora boljak bolyan, her kimin oz bashyna yetdigi turkler bar. Taryhy agzap "ana bize peydagy degmedi" diymek bagyshla welin caga gurrun.
Resul
12 апр 2022, 21:45
Tema gelsek turkmenlerin taryhda shanly taryhy bardygynam unutmansana. Bayker agza "owunen bolayarlar" diyipdir, kashga erbet bolup owjek bolyan yaly. Yok beyle dal, gaty guycli millet bolandyrys we kabir yerinde ruhnamaca bardyr aydylyan zatlar. Hayran galyan intek bir yerde sazlasyp ylalashybam bilenzok shu temada. Muny edyanlerem yashlarymyzyn akyl alayjak, maslahat sorayjak kishileri
Resul
12 апр 2022, 21:51
Ozem shu gunden zeyrenyaniz welin hic bir yurdam shundan uytgesik dal siz arkayyn bolun. Turkiyede zatlaryn bahalary ucup baryar, Amerikada gaz almak un ocurlar bar, Russiyanky shuwagt bozuk geljekde hasam bozulmaly. Germaniya Italiya esasy energiya krizisi bilen alada edip yorler. Umuman kabir yurtlar diyaymesen kop yurt sheyledir. Sho sebapli taryhy agzalanda bu gunden zeyrenjek bolmak nabileyin gaty manysyzda. Ol dowrun gercekleri yok diyyar, eysem o gunden shu gune nameler bolup gecip nahili zatlar yashadyk uytgeshmsler boldy muny neuzeli Hiayres agza bilenokka.
Maksat
Автор 12 апр 2022, 22:34
Цитата: Voyvoda
Tema gelsek turkmenlerin taryhda shanly taryhy bardygynam unutmansana. Bayker agza "owunen bolayarlar" diyipdir, kashga erbet bolup owjek bolyan yaly. Yok beyle dal, gaty guycli millet bolandyrys we kabir yerinde ruhnamaca bardyr aydylyan zatlar. Hayran galyan intek bir yerde sazlasyp ylalashybam bilenzok shu temada. Muny edyanlerem yashlarymyzyn akyl alayjak, maslahat sorayjak kishileri

Senem öz pikiriňi ýazypsyň. Entegä akyl alyp maslahat soran ýok saýtda köpbilmişsiräp özüm goşulaýmasam. Zeýrenmek diýeniňde şükür çöregimizä tapýas şükür etmänem başarjak bolýan. Öwmek diýen sözüm olam jany bar zat.
Hiayress
12 апр 2022, 22:43
Bayker,
Gaýgysyz Atabaýew Täçgök serdaryň owgan aýalyndan bolan ogly. Mänede dogulýa, tejende başlangyç bilim alýar, Taşkentde ýokary bilim alýar. Familýasy (Atabaýew) nohur dostunyň familýasy, aýalam ors bilen tat bolmaly.
Maksat
Автор 12 апр 2022, 22:46
Eger biz häzirki döwürde öz taryhymyzy bilmeýän bolsak, innem düzüwli bilen zadymyz bolmaz. Men öňem agzadym okamany, öwrenmäni gowy görýän ýaşlykdan, tema hakda birnäçe çapraz pikir bolar ýöne dogrusy ýürege ýakyn bolar. Taryham, edebiýatam gowy görýän ( bilýän diýemok)okaýan.
Hiayress
12 апр 2022, 22:51
Voyvoda,
Gynansagam men ata-babalarynyň ýurt talap, maşgala tozdurýan taryhyna guwanýan adam däl.
Resul
12 апр 2022, 22:52
Bayker,
Ine munyn gowy pikir. Okamak gerek, owrenmek gerek we yene-de durman dine bilmek gerek.
Resul
12 апр 2022, 22:55
Bayker,
Yo umuman aytyanda kabir yashlarymyz taryhdan bizi gunali cykarjak derejede yalnysh maglumatlara eye. Sho sebapli belki sholar bir zat soranda siz yaly akyly duzuw birlerinden maslahat alaymasa ol ondan mundan eshdip yorenlerini samrayan dayylaryn informasiyasyna sezewar galayyar. Munyn mysalyny shu saytdada kop yerde-de gormek bolyar.
Hiayress
12 апр 2022, 22:57
Bayker,
Biz hiç haçan taryhymyzy öwrenmedik diňe tosladyk. Türkmeniň iň görnükli şahsy Magtymguly Pyragydyr. Ýaşap geçenine 300 ýylam geçenok, ýöne şol şahs hakda näme bilýäs?! Hiç zat. Awtobiografiýasyny doly bilemzok, ýaşap geçen ýyllaryny bilemzok, maşgala ýagdaýy bilemzok, ömrüniň käbir böleklerini diýmeseň galan parçalaryny bilemzok, goşgularynyň gelip çykyşy hakda hiç zat bilemzok, garaz şahyr hakda bilgimiz "0" bolmasa-da "5~10"-larda. Onsoň biz nireden 5müň ýyllyk taryhymyzy bileris.
Resul
12 апр 2022, 22:58
Hiayress,
Hm bolup biler, yone bu diyyanin dine bizin milletimize mahsus zat dal munam unutma. Eger bu sozunden yol alyp gitjek bolsan hemme ynsanlarynam ayyraymaly bolyar we bulam yalnysh zat. Senin ozunem aytdyn bular yaly konfliktler hemme yerde bar dp bir temada. Umuman bulam sheyle zat.
Resul
12 апр 2022, 23:01
Hiayress,
5 mun yyllyk taryhy bilmek un turkmen mediyalaryna seretmegine gerek yok. Bu biohimik agzanyn dine rus gorup rusy goldayshy yaly bir zat. Turkmen mediyalaryn tembol cyn daldigini bilmeyan bolup bilmersin.
Hiayress
12 апр 2022, 23:02
Voyvoda,
Men taryhyň "sapakdygyny" bilýän. Ýöne taryhdan sapak alýanlara derek taryh bilen magtanyp şol bir ýalňyşlary gaýta-gaýta gaýtalaýan adamlara sataşýan.
Maksat
Автор 12 апр 2022, 23:04
Ýegen ujy ýagydyr ýagam bolsa gowudyr. Diýip eşitdiňizmi şu söz nireden döräpdir? Hiayress,
Ýurt talap maşgala tozduryp diýeňde şu söz ýadyma düşdi. Gaýgysyz Atabaýew ejesi owgan ekenow onda. Gorkut ata kitabynda bir boý bar Tekemuhammet diýip. Şonda Salyr Gazanyň ogly Tekemuhammet owgan aýalyndan bolan diýilýä. Gabat gelýä şular.