Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

turkmenmaglumat.com
Doglan ýeri:Kaka etrabynyň Ýüzbaşy obasy
Doglan senesi:1960-njy ýylyň 8-nji iýuly
Aradan çykan senesi:2014-nji ýylyň 24-nji apreli
Bilimi:Respublikan Ýörite sazçylyk mekdep internaty, Kaka etrabyndaky 13-nji orta mekdebi, Türkmen döwlet sungat institutyny tamamlan
Gysgaça maglumat:
Halk arasynda «Sabo Artykow» ady bilen tanalýan aýdymçy, sazanda, Togrulbeg Artykowyň çagalygyndan aýdym-saza bolan höwesiniň uly bolandygy üçin ol ilki şol wagtky Respublikan Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda, soňra 9-10-njy synplaryny Kaka etrabyndaky 13-nji orta mekdepde okaýar. Orta mekdebi tamamlansoň, şol döwürdäki Türkmen döwlet sungat institutynda ýokary bilim alýar. Ol mekdep-internatynda okaýan wagtlary futbol ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar eken. Onuň futbol oýnamaga-da ukyplydygyna göwünleri ýetip, «SSSR-iň ýygyndy toparynyň belli oýunçylarynyň biri Ýožef Sabo ýaly ussat oýunçy bolarsyň» diýip, deň-duşlary adyna Sabo diýip ýüzlenipdirler. Ol öz döwründe «Alagaýyşly» festiwalynda ýeňiji bolýar. Onuň bäş gyz perzendi bolup, ählisi maşgalaly. Häzirki wagtda şol gyzlaryndan onuň 16 sany agtygy bar. Togrulbeg Artykowyň aýaly Orazgül gelneje ýokary bilimli taryh mugallymy. Özi-de ol meşhur «Şükür bagşy» filminde Gulam bagşynyň keşbini janlandyran ussat artist Hojan Öwezgelenowyň körpe gyzy.

Döredijiligi:
Togrulbeg Artykow ussat sazanda, dörediji, hem ussat ýerine ýetiriji. Onuň döreden ajaýyp aýdymlary häzirki wagtda-da halypalar hem ýaşlar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Oňa muşdaklary: «Sabo Türkmenistanyň ilkinji estrada täzelikçisi. Onuň owazy bahar şemaly ýaly mylaýym. Ol sazandarlyk edende, entek aýdymyň sazy başlandan saz guralyny aýdymçynyň keýpine görä düzüp bilýärdi. Hat-da ol ýeke özi sazandarlyk edende-de topar bilen sazandarlyk edilýän ýaly, çalasynlyk bilen dürli saz guralyň owazyna geçiş ukyby güýçlüdi» diýip baha berýärler. Ol «Gara bägüller» filmini saz bilen bezedi. Onuň döreden aýdymlaryny Parahat Amandurdyýew, Jahan Tagyýewa, Nurýagdy Rejebow, Zöhre Gurtnyýazowa, Guwanç Ýazmämmedow, Annaguly Babaýew, Rahman Hudaýberdiýew we başga-da ýurdumyzyň sungat ýyldyzlarynyň ençemesi ýerine ýetirýär. Togrulbeg Artykowyň döredijiligine degişli «Patyşahym», «Biwepa», «Leýlim», «Maýa gyz», «Obadaşym», «Perizada», «Eý, gözel», «Durnalar», «Garaşdyrma», «Ezizim», «Mährim», «Mährijemal», «Aýralyk», «Arkadag»…atly aýdymlar häzirki döwürde teleradio ýaýlymlarda ýaňlanyp dur. Ol «Baga seýle», «Yrakda durma», «Arabyň gyzy» we başga-da ençeme türkmen halk aýdymlarymyzy estrada geçirdi.

Çeşme:Maşgala arhiwine salgylanyldy
Taýýarlan:Akgül SAPAROWA.
Taýýarlanan senesi:07/06/2022
4 лайков 180 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
14 июн 2022, 12:47
Oňat aýdymçy.