Atabaý Çarygulyýew

Doglan ýeri: Aşgabat şäheri.
Doglan senesi: 1958-nji ýylyň 3-nji oktýabry.
Aradan çykan senesi: 2009-njy ýylyň 21-nji marty.
Bilimi: Gämi obasyndaky 5-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Halk hojalyk institutyny tamamlan.
Gysgaça maglumat:
Atabaý bagşynyň hakyky ady Hojanazar eken, ýöne at dakylan bolany üçin kakasynyň: «atambaý, atambaý» diýip soygülemegi bilen Atabaý ady ýörgünli bolup galypdyr. Ol on doganyň bäşinjisi bolup, iki oglan sekiz gyz dogan bolan. Atabaýyň kiçilikden aýdyma höwesi uly bolupdyr. Okuwçy döwri aýdym aýdyp başlapdyr. Bir gezek çaga wagty ol ejesi bilen toýa gidipdir. Toýda-da Annaberdi Atdanow bilen Öwezgeldi Tekäýew aýdym aýdypdyr. Toýdan soň dolanyp öýe gelensoňlar Atabaý: «Eje jan, ýaňy toýda diňlän aýdymlarym etim, süňküm bilen içime girdi» diýip, bir ýerde oturyp karar tapyp bilmändir. Atabaýyň üç ogly, bir gyzy, on iki agtygy bar. Ogullary Kuwwat bilen Muhammet kakasynyň ýolundan aýdym aýdýarlar. Atabaýyň diňe bir aýdym-sazdan däl, suwagçylykdanam, gurluşykdanam, ulag ussaçylygyndanam hat-da tikin-çatyndanam başy çykýar eken. Ol oglanlaň gyýma balaklaryny özi biçip tikmegi başarypdyr. Onuň ejesi bilen şahyr Gurbannazar Ezizowyň kakasy dogan. Belki, şondandyr, ejesiniňem, Atabaýyňam zergärçilikden başy çykýar eken. Ol Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, döwlet hem halkara derejesindäki bäsleşikleriň birnäçe gezek yeňijisi, ussat aydymçy. Özüniň gysga ömründe öçmejek ýol goýdy. Muňa onuň ýoluny dowam etdirip, özleri halypalyga ýeten şägirtleriniň aýdym-saz çykyşlaryndanam göz ýetirip bolýar. Onuň ýolundan aýdym aýdýanlar bir ýa iki däl. Şonda eýýäm aýdymyň sazy başlandan, Atabaý bagşynyň özboluşly täsin bokurdak gaýnawlary bilen sazlaşykly hereketdäki sahna ussatlygy göz öňüňde janlanyp, bagşynyň özi sahna çykaýjak ýaly ünsüni egleýär. Onuň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary bilen birlikde öz döreden aýdymlary-da uly meşhurlyga eýedir.
Döredijiligi:
Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow, «Atabaý aýdyma diýenini etdirip bilýärdi» diýen bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Kyýas Durdyýew, «Sungat gözi bilen seredeniňde Atabaý özbaşyna bir mekdep bolup dur. Ses babatda aýdanymda bokurdakdan alynýan ses bar, kükrekden alynýan ses bar, agyz boşlugyndan gaýnaw bilen alynýan wagty bolýar, burnuň üstünden aýlap gaňşyrawugyňdan alynýan wagty bolýar. Şulaň hemmesi Atabaý halypada jemlenen. Atabaýyň aýdymlaryny diňläniňde, hem estrada sungatyny diňläp bolýar, hem ata-baba gelýän halk aýdymlarymyzy diňläp bolýar. Sahy aga, Magtymguly Garly ýaly halypalara çemeleşäýmek oýun oýunjak däl. Sebäbi olar sungatyň eýeleri. Olar her aýdymy gaýtalanmaz ýaly edip, nusgalyk mekdep edip goýup giden halypalar. Atabaý halypa şeýlebir tebigy berlen sesi bilen, tebigy berlen zehini bilen, şol beýik-beýik halypalara çemeleşip, baş alyp çykan halypa. «Daglara», «Jan-eý, jan» ine, şu aýdymlary estrada sungatynda aýdyp bolaram öýdülenokdy. Atabaý halypa şol aýdymlary-da estrada geçirip, ussatlyk bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelmegi başardy. Ýene bir ýagdaý türkmen bagşyçylyk ýolunda belent sesde ýerine ýetirilýän aýdymlary göni aýtmak kyn. Ilki bokurdagyňy pessaý heňde gyzdyryp, beýik sesde aýdylýan aýdymlary onsoň aýtmaly. «Zülpüň seniň, «Ýetişsem», «Akyl peri» şirwan perdeden aýdylýan, beýik aýdymlar hasaplanýar. Bu aýdymlar özümiziňem ýaýdanyp-ýaýdanyp aýdýan aýdymlarymyz» diyýär. Onuň bu aýdanlarynyň üstüni Türkmenistanyň halk artisti Parahat Şyhymow, şu gürrüňleri bilen ýetirýär. Ol: «Atabaý sesi beýik bolansoň, şunuň ýaly aýdymlary aýtmakdan çekinmezdi. Çeküwli aýdymlary aýdanda-da, hiç-hili kemini goýman aýdardy. Özem ol hemme welaýatyň ýolundan aýdardy. Ýaryň güli geldi, özi gelmedi», «Ol ýylan»... Halypalaryň aýdan türkmen halk aýdymlaryny estrada-da, şeýle dürs hasaply edip Atabaý halypadan başga aýdanam bardyr öýdemok. Ol aýdymlary ähli ýollardan, özem şeýle bir ýerine düşürip, halkyň ýüregine ornar ýaly edip ýerine ýetiren halypa» diýip baha berýär. Zehinli aýdymçy Jumamyrat Gylyjow bolsa: «Ussat halypalaryň aýdymlaryny estrada geçirmek bar, öz ýoluňa salyp aýtmak bar. Her bir ýoluň öz aýratyn jukguldysy bar. Atabaý halypa aýdymyň arasynda hiç jukguldy etmeýärdi. Ol jukguldy bilen aýtmagy başarman taşlamady. Öz ýoluny goýdy. Aýdymlary özüçe bokurdagynda estrada gelişýän süýji gaýnawlar edip ýerine ýetirdi. «Hatyja», «Ýar senden» başga-da aýdymlar bar. Onuň bu hili ýerine ýetiriş aýratynlygyna hiç bir halypa bellik etmedi, gaýta goldadylar. Ol bu aýdymlary Sahy halypadan öwrendi, ýöne özüçe özboluşly öwüşgin berip, ýerine ýetirdi» diýip pikirini aýdýar. Munça bolanyna görä, Atabaý bagşynyň döredijiligine şeýle uly baha beren kärdeşleriniň ýene biriniň aýdanlaryny goşaýyn. Türkmenistanyň halk artisti Kerim Gurbanalyýew, «Yrakda durma» halk aýdymy halypa bagşy Orazgeldi Ylýasow özboluşly bokurdak gaýnawlary bilen aýdan bolsa, Atabaý özüçe üýtgeşik çeküw bilen estrada-da ýerine ýetirip halka söýdürip bildi. Onuň ýene bir ýerine ýetirijilik aýratynlygy bar. Üýtgeşik, özüne gelişýän sesi bilen çekip, «Siz sazandalar bolmasaňyz, men kim» diýen ýaly sazandalaryny ruhlandyrýar. Şol hereketem özüne gelişýärdi» diýip baha berýär. Munuň özi, tejribesi ýetik, halkymyz tarapyndan hem Döwletimiz tarapyndan ykrar edilen bagşy-sazandalaryň Atabaý Çarygulyýewiň sungatyna goýýan uly mertebesiniň subutnamasy. Atabaý bagşynyň döredijiligi hakynda aýdylýan ajaýyp jümleler, onuň ykbal ýolundaky täsin maglumatlar juda kän. Onuň hat-da daşary ýurtly aydymçylar bilen bagly pursatlarynyň özi aýratyn ýazylmaga mynasyp. Sebäbi ol ýigrimiden-de gowrak daşary ýurtlaryň sahnalarynda çykyş edip, türkmen aýdym-saz sungatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýyp ýaşyl tugumyzy belentden parladan beýik ussat.
4 лайков 436 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
28 июн 2022, 20:35
Sag bol ýetireniňe minnetdar s
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 20:51
Atawatandan aldym diyip aytda
wordless
28 июн 2022, 20:52
Ol gün toýa gelli ogly
Döwlet Şöhradow
Автор 28 июн 2022, 21:32
Nairobi,
Ýok o saýtdana alamok. Meň girýänim diňe şu saýt. Ýöne siz aýdaňyz soň girip gördüm.
Döwlet Şöhradow
Автор 28 июн 2022, 21:33
Elif,
Howa, menem aýdymlaryny gowy görüp diňleýän. Uly adamlar köneräk (öňki) aýdymlary diňlemegi gowy görýäler, meňňem Kakam şeýle.
A....
28 июн 2022, 21:39
Gowy aýdymçy. Menem aýdymlaryny gowy görip diňleýän. Esasysanam "Bilbil gördüm" aýdymyny halaýan. Şu günjik 50 ýaş toýunam görüpdim. Köp aýdymçylar bar. Selbi Tuwakgylyjowa zat..
Ötegçi
28 июн 2022, 21:49
Elif,
Gyzykly maglumat. Birinji gezek eşidýän.
*
Sözleri ýoýman aýdýar. Hormata mynasyp?
Apples
28 июн 2022, 21:54
Sebabi ol Atabay
Soho
28 июн 2022, 23:04
instituty doly tamamladymy name!?
My life
28 июн 2022, 23:57
Gowy aytyar, gowy aydymlary bar. Yetirip dur.
Kerbaba
29 июн 2022, 00:14
Гурбанназар Эзизовын егени болярмы онда? Менем биринжи гезек эшитйарин....
Soho
29 июн 2022, 01:42
Soho
instituty doly tamamladymy name!?

ululardan "kabir sebaplere gora (sebabini bilyanler bardyr aranyzda) instituty doly tamamlap bilmedi" diyip eshdipdik...
Döwlet Şöhradow
Автор 30 июн 2022, 00:38
Atabaý Çarygulyýew-iň aýdymlary:

Atabaý Çarygulyýew — Keçpelek
Atabaý Çarygulyýew — Ýaman ykbal
Atabaý Çarygulyýew — Bilbil gördüm
Atabaý Çarygulyýew — Ýazgül
Atabaý Çarygulyýew — Bibiniň
Atabaý Çarygulyýew — Arabyň gyzy
Atabaý Çarygulyýew — Aýdym
Atabaý Çarygulyýew — Mährijemal
Atabaý Çarygulyýew — Näzlim
Atabaý Çarygulyýew — Seniň gözleriň
Atabaý Çarygulyýew — Daglar
Atabaý Çarygulyýew — Aýdyma laýyk
Atabaý Çarygulyýew — Aglar men
Atabaý Çarygulyýew — Bu derdi
Atabaý Çarygulyýew — Aýrylsa
Atabaý Çarygulyýew — Seniň gözleriň
Atabaý Çarygulyýew — Perwana boldum indi
Atabaý Çarygulyýew — Ýatlaýyn
Atabaý Çarygulyýew — Baharym
Atabaý Çarygulyýew — Bu derdi
Atabaý Çarygulyýew — Ýetir
Atabaý Çarygulyýew — Men özüne
Atabaý Çarygulyýew — Neýläýin
Atabaý Çarygulyýew — Seniň üçin
Atabaý Çarygulyýew — Seniň gözleriň
Atabaý Çarygulyýew — Gara bägüller
Atabaý Çarygulyýew — Gyzylgül
Atabaý Çarygulyýew — Bagyşla meni
Atabaý Çarygulyýew — Neýläýin
Atabaý Çarygulyýew — Amangül
Atabaý Çarygulyýew — Keçpelek
Atabaý Çarygulyýew — Ýaman ykbal (Ykbal ýaman eken)
Atabaý Çarygulyýew — Bilbil gördüm
Atabaý Çarygulyýew — Ýazgül
Atabaý Çarygulyýew — Bibiniň
Atabaý Çarygulyýew — Aýdyma laýyk
Atabaý Çarygulyýew — Aglar men
Atabaý Çarygulyýew — Bu derdi
Atabaý Çarygulyýew — Aýrylsa
Atabaý Çarygulyýew — Aglama sen
Atabaý Çarygulyýew — Ýokdur taýyň, aglama sen