Hikmet...

Bir gezek Isa pygamber günä işe baş goşan zenanyň daşyna hümerlenişip duran adamlaryň ýanyna barypdyr. Adamlaryň her biriniň elinde birlän-ikilän daş bar eken. Zenany bu ýazygy üçin daşlajak bolup duranmyşlar. Isa pygamber bu adamlara bakyp, asyrlara siňen sözlerini aýdypdyr: «Kim ömründe hata iş edip görmedik bolsa, şol daşlasyn...» Adamlar biri-birine bakypdyrlar. Soňam, hersi öz ýoluna gidiberipdir, çünki hatasyz adam ýok.
4 лайков 238 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
30 июн 2022, 11:41
Hemedany,
Pygamberleriň hatalydygyna berk çeşmeler bar. Hadyslarda-da hata eden pygamberler görkezilipdir, hadysa ters gürläňokmy sen?!
Dowsypat
30 июн 2022, 11:42
Hatasyz adam diňe pygamberlerdir.

Onda Isa pygaberiň özi daşlap gidäýmeli eken.Miflere aşa üns berýän adam reallykdan daşlaşýar.
Maksat
30 июн 2022, 11:48
Hemedany,
Ýusup pygamber zyndanda galanda şerapçydan ýardam isleýär. Allatagala ony özünden däl-de ynsandan kömek diläp hatada edendigi üçin ylahy jeza berýär we 7 ýyl zyndanda galýar. Yslamda Allatagaladan başga kişi hata eder. Pygamberleriňkä hem "zelle" diýilýär.
Aýnur
30 июн 2022, 11:49
Pygamberlerem ynsandyra?
Ogulşirin Bayramowa
30 июн 2022, 12:04
Mona Songz
Pygamberlerem ynsandyra?

Ýok, adam.
noname
30 июн 2022, 12:12
Pygambermiz guna iş etmedik
Dowsypat
30 июн 2022, 12:29
Hatasyz adam diňe pygamberlerdir.


Pygambermiz guna iş etmedik

Indi siz şuny nämä esaslanyp ýazýaňyz?
Dowsypat
30 июн 2022, 12:34
Hemedany off № 1 Şu gün, 11:02
Hatasyz adam diňe pygamberlerdir.

Hemedany off № 8 Şu gün, 12:05
Men muny bilmän ýazmadym. Elbetde, pygamberlerem hata edendirler. Ýöne adaty ynsalaryňky ýaly däl.

Indi,pygamberlerem ynsanlaryňky ýaly hata edip biler,ýöne olar pygamber adamda.Olary tankytlamagam külli günä-diýip ýaz!
Maksat
30 июн 2022, 12:35
Hemedany,
Nasi häkimiyetiniň ynsanlary gul ýaly edip, eugenika esaslanyp synagda ulananda, köpçülikleýin ýok edende ýamanda, pygamberiň gulçulygy dowam etdirip, adamlary satuwa çykarmagy ýagşymy, ýa-da bu ýalňyş däl-de dogry ýolmy?!
Öwreniji
30 июн 2022, 12:49
Şu saýtyň iň çekeleşikli, Mowzuklary bolan Din we Poýeziýa,
geliň Poýeziýanyň dindäki ornuna syn edeliň
Maksat
30 июн 2022, 12:53
Remezan,
Indi çekeleşik kän gaýtalanmaz.
Öwreniji
30 июн 2022, 13:30
Hawa bolýän, çekeleşik köp bolsa, saýtyň öz-özünden bloklanma häsiýeti bar.
Öwreniji
30 июн 2022, 13:30
*bilýän
Aýnur
30 июн 2022, 14:41
Ogulşirin_Bayramowa
Mona Songz
Pygamberlerem ynsandyra?

Ýok, adam.

Ynsan bilen adamyň tapawudy näme indi?