Müň dirhemlik gaş...

Omar ibn Abdyleziziň ogullarynyň biri elindäki ýüzüge müň dirhemlik gaş satyn alypdyr. Kakasy oňa hat ýazypdyr:
«Oglum, eliňdäki ýüzüge müň dirhemlik gaş satyn alandygyňy eşitdim. Sen şol gaşy sat-da, onuň puluna müň sany ajy doýur. Barmagyňa halys ýüzük ötürmek isleseň, demir ýüzük satyn alyp, onuň ýüzüne «Özüniň ýagdaýyny bilýän adama Alla rehim eder» diýen sözleri ýazdyr. Her wagt ýüzüge göz aýlanyňda, bu ýazgy saňa köp zady ýatlatsyn dursun» diýipdir.
3 лайков 147 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
30 июн 2022, 14:17
Oglum 1000 dirhemlik gaş pylanyñ oglunda da bar sen gowsy 2000ligni al diyer inniki kakalan kopusi:)))
Döwlet Şöhradow
Автор 30 июн 2022, 14:19
Ötegçi
Oglum 1000 dirhemlik gaş pylanyñ oglunda da bar sen gowsy 2000ligni al diyer inniki kakalan kopusi:)))

Biri-birinden ýokary bolmaly diýjekmi :))
Ötegçi
30 июн 2022, 14:19
Howwa))
Öwreniji
30 июн 2022, 18:19
Oglum alsa, begenjek, şonça pulyňy çykyrda garyp gasara paýla diýerin
Dowsypat
30 июн 2022, 18:44
«Oglum, eliňdäki ýüzüge müň dirhemlik gaş satyn alandygyňy eşitdim. Sen şol gaşy sat-da, onuň puluna müň sany ajy doýur.

Müň dirheme müň sany ajy doýurup bolýan bolsa,gowy eken şol döwür produktaň bahasy.


«Özüniň ýagdaýyny bilýän adama Alla rehim eder»
Her aja bir dirhemlik çörek beripmi?!
Dowsypat
30 июн 2022, 18:48
Barmagyňa halys ýüzük ötürmek isleseň, demir ýüzük satyn al...

Demir ýüzügüň bahasyna bar 10 dirhem diýsegem,oňa ýene 10 ajy doýurup boljak eken.