Suleymam pygamber yuzugi haysy barmagyna dakynypdyr? (Rowayat)
Bir gün ähli jandarlaryñ diline düshünýän sahawatly Süleýman pygamber patyshalyk ýüzügini barmagyna dakynjak bolupdyr. Shol wagt barmaklar jedel edipdirler. Basham barmak: "Men köp ish bitirýän" diýip bashlapdyr. Süýem barmak: "Men ugur, ýol görkezijidirin. Ýüzük maña mynasyp" diýse, orta barmak, ogulhajat hersi öwünip, ýüzüge özlerini mynasyp hasaplapdyrlar. Külbikäniñ bolsa ýüzük dawasy bilen ishi bolmandyr. Süleýman pygamber onuñ sebäbini soranmysh. Külbikejik pespällik bilen: "Olar güýçliligi, ish bitirýänligi, orta barmak özüniñ uzynlygy bilen magtanýarlar. Men olardan kiçi, onsoñam, patyshahym, ählimizi görüp dursuñ..." diýipdir. Süleýman pygamber keremli patyshalyk ýüzügini ömrüniñ soñky gününe çenli külbike barmagyna dakyp gezenmish.
Hemishe pespäl boluñ! Alla ryskyñyzy ýetirer! Dash-töweregiñizdäkiler, goñshy-golamlar barada mydama ýagshy niýetler, gowy arzuwlar besläñ. "Ýagshy niýet - ýarym döwlet" diýipdirler. Bashardygyndan ynsan ynsana medet bermelidir. Gadymlaram "Bugdaý nanyñ bolmasa, bugdaý sözüñ ýokmudy" diýip ýagshy söze gadyr goýlupdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.