♦ ♦ ♦

Men 1940-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäherinde eneden boldum. Mähriban kakam 1941-nji ýylda Beyik Watançylyk urşuna gidip, Kawkazda faşistik basybalyjylara garşy göreşdi.

Iki ýylyň dowamynda söweş edip, 1943-nji ýylda Demirgazyk Osetiyanyň baş şäheri Wladikawkazyň eteginde Çikola diýen obanyň çep gapdalynda sowet goşunlarynyň bir bölegi, şolaryň içinde Türkmenistandan alty esger, şol sanda 31 ýaşly meniň kakam Atamyrat Annanyýaz ogly yesir düşüpdirler. Şol döwürde yesirleriň arasynda bolan betbagtçylyk barada men urşun gutaranyndan 18 ýyl soň tötänleyin bildim... Ol wagtlar men Leningradyň politehniki institutynyň ikinji kursunyň talybydym. Tomusky dynç alys aylary hemme talyplar öylerine giderdiler. Talyplaryň ýaşaýyş jaýlary, okuw jaýlary wagtlaýyn boşap galardy. Menem iki ýyllap ata Watanyma gitmämsoň, ene topragyma, onuň howasyna, gulagymyň küýseýän mähirli türkmen diline, aýdym-sazyň owazyna zardym, mekdepde bile okan yoldaşlarymy, dostlarymy göresim gelýärdi. Ene-ataň bolmasa, arkanda dogan-garyndaşyň bolmasa, çagalykdan yetim össeň, seniň içki duýgyň, ýürek islegiň, saglygyň, maksadyň bilen gyzyklanýan ýok. Käbir daşgyn adamlaryň yönekeý gyzyklananlaryna-da yetim ynananok. Özüne degişli karary, ykbalyň bilen bagly meseleleri dine özün çözmeli bolýarsyň. Maksadyň we ruhy dünýäň diňe seniň ýeke täk yoldaşyň bolýar.

Men Hudaýa ýüz mün şükür edýän, bäş ýaşymdan bäri kakam-ejemden, ýedi arkamdan geçen ganym - tenimde uly namysjaňlyk, utanç, sabyrlylyk, ýeňilmez hyjuw, maksat hem-de ruhubelentlik ýatyr. Bu gylyk-häsiýetler durmuşyň meniň paýyma düşen dürli kynçylyklarynda-da, üstünliklerinde-de solmadylar, gaýta möwç alyp, ilim üçin, yurdum üçin, türkmen halkym üçin, mukaddes Watanym üçin, ene topragym üçin, milletimin geçmişi, şu güni, geljek nesil üçin yüregimden çykyan müdimi guramajak çeşme boldy, sil boldy, derya boldy....

Dowamy bar...
4 лайков 208 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.