Oglanlara aglamak bolýarmy?

Talyplar
Oglanlara aglamak bolyamy?
Shu nadogry menin pikirimche : \"oglanlar aglasalar diymek erkek dal\". YOK! Oglanlaram edil gyzlar yaly derdini birine aydyp bermeli, aglamaly!!! Olar aglaman ichinde hemme zady saklasalar onda bir gun bomba yaly yarylmaklary mumkin. Menin pikirimche bu nadogry oglan chaga aglanda \"sen oglan ahyryn, sen erkek, senin ustunden gulerler adamlar, aglama\" diymek.

Köneler, Batyrgyz tarapyndan 12 years ago


Talyplardan arhiw.
7 лайков 478 просмотров
34комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
02 мар 2023, 10:14
Gelşenokdaý oglommolup aglawoturmak.
Ýöne hiçki kokwagty menem agledym ?☹️
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:18
Khanture
Gelşenokdaý oglommolup aglawoturmak.
Ýöne hiçki kokwagty menem agledym ?☹️

Hawwwa, oggan çaga aglap otumak hiçhili gelşenok. Ýöne şonda-da menem aglaýan hiççim ýok wagty aglaya
Pegas
02 мар 2023, 10:21
“Şer iş my­dam ýü­rek bu­lap gelmeli,
Bu ge­çe­ne, şu gü­ne-de aýan­dyr.
...Güýç­lü­ler ag­la­sa, ägä bol­ma­ly,
Güýç­li ýö­ne ýe­re ag­la­ýan däl­dir...”

G.Ezizow
Pegas
02 мар 2023, 10:24
AGLA!

Agla!
Aglap goýber!
Agdaryp goýber
Dyňzap duran duýgularyň böwedin!
Tapyp bermese-de gözleýän zadyň,
Dolup bilmese-de ýitgiň öwezin,
Balkyldadyp durma gözde ýaşyňy,
Paýradyp goýber!

Edil häzir wagty gözýaş dökmegiň,
Aglamagyň aýny pillesi şu hal.
Şoň üçin dodagyň kemşerdip durma,
Durma dişiň gysyp,
Berçigen derdiň
Öňki gam-gussaňa bolmasyn urna!

Agyny içiňe salma,
Içigip,
Aglaber içiň tutup.
Çäk-çäk edip, ýaka ýyrtyp, möňňürip,
Aglaber saçyň ütüp.

Silkinip-silkinip, ses edip agla,
Parhy ýok aglanyň seslimi, sessiz.
Isleseň, şumjaryp, hamsygyp agla,
Aglaber, agydan aýylsyn essiň.

Aýyp däl aglamak, haýp däl gözýaş,
Egniňdäki ýüküň ýeňleýän bolsa.
Ýöne agla, diňe agydan gaýry
Başga zat eliňden gelmeýän bolsa.


Kakamyrat ATAÝEW
Perman Izakow
02 мар 2023, 10:25
Vekil_City,
Talyplaryň arhiwndäki mowzuklary nirden alýaňyz?
Pegas
02 мар 2023, 10:25
...Şeýle bir agladym şu gün:

Imisala köçelerde
Keýpine gezip agladym;
Atyr ysly elýaglygmy
Gözýaşa ezip agladym;
Geçmişimi dyrnap-dyrnap,
Dörjeläp, gazyp agladym;
Ýoňlap dünýäň gussasyndan,
Üşüdip, gyzyp agladym;
Ýüwrüp ýadamsoň sapada,
Aýagmy ýazyp agladym;
...Bu ahwalyň geçmejegin,
Hasratlara a:ç gujagyň
Wagty bilen doýmajagyn
Hem erkime goýmajagyn
Bibaş pikir-oýlaryň hiç.
Iň soňky umyda deňiç
Hasratlaryň bakydygny
Ap-aýdyň syzyp agladym...
Ýazyp agladym...

22.08.2022ý.


Sapa HOMMADOW
Retro
Retro
02 мар 2023, 10:29
Şu Batyrgyzy şu wagt Amerikada. Gaty kellelije gyzjagaz özi. Maladesdi, gözüm gitýän gyzlardandy :)
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:37
Ýüwrüp ýadamsoň sapada,
Aýagmy ýazyp agladym;

+++
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:37
Retro
Şu Batyrgyzy şu wagt Amerikada. Gaty kellelije gyzjagaz özi. Maladesdi, gözüm gitýän gyzlardandy :)

Habarlaşýaňammy?
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:37
PROLIGA
Vekil_City,
Talyplaryň arhiwndäki mowzuklary nirden alýaňyz?

Özümde bar
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:38
diňe agydan gaýry
Başga zat eliňden gelmeýän bolsa.


Jaýdar aýdypdyr...
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:54
Wiolinist, teswiriň görünmeýänçimaý seň obaly
Yusup
02 мар 2023, 10:55
Batyrgyz Lebaply gyz tanayan gyzlarymyn biri hazir dashary yurtda
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 10:58

Teswiriňem ýok obaly
Pegas
02 мар 2023, 11:11
Vekil_City
Wiolinist, teswiriň görünmeýänçimaý seň obaly

Pozdurdy nigini.
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 11:32
Pegas
Vekil_City
Wiolinist, teswiriň görünmeýänçimaý seň obaly

Pozdurdy nigini.

Rigel pozdurjak bolup ýördi däm-aý?
Pegas
02 мар 2023, 11:33
Vekil_City
Pegas
Vekil_City
Wiolinist, teswiriň görünmeýänçimaý seň obaly

Pozdurdy nigini.

Rigel pozdurjak bolup ýördi däm-aý?

Olam pozdurdy.
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 11:35
Pegas
Vekil_City
Pegas
Vekil_City
Wiolinist, teswiriň görünmeýänçimaý seň obaly

Pozdurdy nigini.

Rigel pozdurjak bolup ýördi däm-aý?

Olam pozdurdy.

Mowzuklary bilen teswirleri pozulypdyr @Rigeliňä. Niki dur eken.
Karkara
02 мар 2023, 12:20
Pegas,
Kakamyrat Ataýewden iň gowy görýän goşgym. Şu goşgyny okap otyrkam aglaýan(
Pegas
02 мар 2023, 12:27
Karkara
Pegas,
Kakamyrat Ataýewden iň gowy görýän goşgym. Şu goşgyny okap otyrkam aglaýan(

Goşgyň ýazylyş taryhyny bilseň, has gaty aglarsyň.
Harmony
02 мар 2023, 12:27
"Maňa aglamakdan gorkmaýan oglan gerek.." diýýä Lalita (Aişwariýa)
Pride and prejudice
Aksary
02 мар 2023, 12:55
'Aglap diñýän,yone derdim diñmeýär'

Içiñde diñmeýän derdiñ bolsa kähalatlarda aglanyñy duýman galýañ
Kerbaba
02 мар 2023, 13:09
Яс еринде якынларынын табыдыны готерип чыкан таныш йузлерин аглайшыны горемде менинем гозяшым сакладанок.
Harmony
02 мар 2023, 13:24
Ýöne ana şo ýasda ses edip, gohlap aglamalaryny bolsa oňaramok. Ýasyň gelşigi diýýäler, şeýtmeseň aýyp görýäler. Içiňden bögürmeklik gelmese drama oýnabama bolmaz. Doňbagyr şo tarapyna ha.
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 15:21
Pegas
Karkara
Pegas,
Kakamyrat Ataýewden iň gowy görýän goşgym. Şu goşgyny okap otyrkam aglaýan(

Goşgyň ýazylyş taryhyny bilseň, has gaty aglarsyň.

Real durmuşdan alynanmyky ýa?
Pegas
02 мар 2023, 15:35
Vekil_City, hawa.
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 15:36
Granger
Ýöne ana şo ýasda ses edip, gohlap aglamalaryny bolsa oňaramok. Ýasyň gelşigi diýýäler, şeýtmeseň aýyp görýäler. Içiňden bögürmeklik gelmese drama oýnabama bolmaz. Doňbagyr şo tarapyna ha.

Şona menem başaramok. Gözümden 1 damjada gaçanok soňky wagt, ol-a bögürmek eken... Kalbym şonýaly doňaýdymyka?!
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 15:38
kwadrat kelle
Яс еринде якынларынын табыдыны готерип чыкан таныш йузлерин аглайшыны горемде менинем гозяшым сакладанок.

Bizemä tabyt baryny göterýäs, öwülýä baryp çukura çenli sallap, ähli etmeli işlerine çenli edýäs welin, bizdenä akaýanok şol göz ýaş... Nämüçinkä?
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 15:40
Aksary.
'Aglap diñýän,yone derdim diñmeýär'

Içiñde diñmeýän derdiñ bolsa kähalatlarda aglanyñy duýman galýañ

Meňki tersine, indi aglap bilemok. Şu dünýäden nefret eden bir kişä döndüm öýdýän...
Ahmet
Автор 02 мар 2023, 15:41
Pegas
Vekil_City, hawa.

Mümkin bolsa aýdyp beräý? Gyzyklandym birhili...