Introwertiň sag ýarymşary (sýurrealistik hekaýa)

Hawa. Adaty günleriň biridi öz-ä. Takyk ýadymda däl. Dogrusy, günleriň, aýlaryň, ýyllaryň maňa kän bir parham ýok. Halaýan filosoflarymdan biri bolan Şopengaueriň kitaplaryna dümtünip otyrdym. Asyl-a ýaşap geçen şahsyýetleriň içinde halamaýanym ýok, hemmesi adam, janly beden. Ýigrenmekde many hem ýok. Haýsydyr bir pikirleri bilen ylalaşmanym üçin kimdir birini ýigrenjek bolsam, meniň bilen nokatma-nokat deň pikirlenýän adam hem ýok. Beden gurluşymyzyň azda-kände tapawutlanyşy ýaly, ruhy, akyl gurluşlarymyz hem şeýle. Bu adaty ýagdaý. Pikirlerim dagynyk. Arasynda alyp gaçýar. Bu garasöýmez ýaşuly hem mizantropyň biri. Hamala adamlar seni halap ölüp barýarlar? Aý, adam çagasy, hemme kişi seň ideýaňa tabyn bolmaly, ýa bolmasa seň instruksiýalaryň boýunça ýaşamaly diýlen zat ýok! Ýazan zatlaryňda hüňňürdäbilipsiň tüweleme. Bolýa. Bu hiç. Şoň bilen hoşnut bolsaň, başüstüne. “Maýmynam öz erkine oýnanok” diýýär. Darwiniň “totemi” bolan maýmynymy ýa adaty maýmynmyka?! Şopben “adam öz erkine oýnanok” diýýä, Darwinem “Maýmyn adamdan gelip çyk...”, wo-oý, “Adam maýmyndan gelip çykdy” diýýä. Gaýtalanyp-gaýtalanyp myžžygy çykan zatlar. Hany, göterliň şörden... Birje munt, aýak çekiň. Totemizmi ýada salýarsyňyz. Ilkidurmuş ynançlary. Aslynda barysy birmeňzeş. Bu bir işigaýdanlykla. Çarhy-pelek. Pyrlanyp dur Karusel.
Карусель, карусель начинает рассказ.
Это сказки, песни и веселье!
Карусель, карусель — это радость для нас,
Прокатись на нашей карусели!
Sözlüge seredip görýän, ÇARHY-PELEK, at. Pelsepewi düşünjä görä dünýäniň, durmuşyň, ykbalyň çarh ýaly aýlanyp, yzygiderli üýtgäp durşy; döwür, heňňam.
Guga bilen şu müň ýaşasyn...
Hümm... Erk-erada-da diýmek. Bolýa, sizem gidiň. Soň geliň. Göwnüme bolmasa, kimdir biriniň gepleşýän sesi gelýän ýalyla. Kimkä bular we ses nireden gelýärkä?! Otagda men ýeke-özüm. Patalokmy? Hägä, ýio. Polmy? Ýok öýdýän. Daşardanam däl. Öz-ä golaý-goltum. Huşum ýerinde, aklym ýerinde. Öňünden gaçýan, duýduryp goýaýyn diýýän. Soňky eşden zatlarym birtüýslegräk görner size. Meň üçin-ä hiç tüýslegem däl. Bäh, haýran galmak duýgusam ýat bolup gidipdir, haýran galaýmaly.
– Neme, sen meň başymy aýlap oturma. Men gözümiň görýän, elimiň tutýan zadyna ynanýan. Ondan başga zatlar bilen bolanja aklymam garjaşdyrjak bolma, gardaş.
– Gözüň görüp, eliň tutýan zatlaram-a ýasama boldy indi. Şoň üçin oňa-da ynam ýok-laý. Aý, maňa-ha poh.. Boldam bir, bolmadam, päkime-de dä.
– Adam ýasama däl! Sen ony näme bilen deňäp otyrsyň terbiýesiz.
– Aý, şol-a ýasamasyzam däl. Ol öýjükleriň öz oýlap tapan zady, fantaziýasynyň önümi.
– Ýok how, prosto size sözüm ýok. Anlaşamijam ben sizinle. Bular ýaly düşünjedesiňiz öýdemokdym. Iň bolman, prikol tutmaňy goý. Halys nerwä degip ugradyň. Ajaşarys.
– Prikol tutamok how, prosto Gara Adam (awt. Adamyň gara tarapy, Şeýtan) bilen oýun edip görýän. Sygyrsam gelýär, soňra-da ony doga okap kowýan. W etom net niçego plohogo duržişşe.
– Kowalaşdym oýnasy gelipdir çuwagyň.
– Da ladno wam. Dastali-laý uje. Da kakaýa wam raznisa, blýat, etot Çelowek suşestwuýet ili net. Öz araňyzda bir-biriňizem ýoklajak siz-ä. Hwatit Maýsa. Zaýketek boldum siziň yzy üzülmez sporyňyzdan. Každyý iz was dumaýet şto on samyý umnyý kletka w mire, a drugiýe kletki tupyýe. Nikto iz was ne tak už i ostryý i ne tak už i tupoý. Wse prost, u každogo ýest swoýa toçka zreniýa i mneniýa o çem to. Zäts ol (That’s all).
Düşünmedim, kim kime näme diýýär?! Ýo-ok, bu galýusinasiýa däl. Men bilýän-ä haçan meň “üçegimiň” yrgyldaýanyny. Bu zatlar adat bolup galypdyr. Ony saýgarmak kynam däl. Hat-da, eger islesem özümem çagyryp bilýän ýa-da şoňa meňzeş. Şol, ýaňky galýusinasiýa diýdi, oýa wagtyň düýş görmek ýa ekstas, odur-budurlar. Onuňam öz sapasy bar.
Özümi bir bedendäki milliardlarça öýjüklerden biri ýaly duýup ugradym. Gowsy köpüň arasyna baraýyn. Her näme-de bolsa, onuň içinde ýitip gidýän ýaly duýgy döredýär we seni käbir näbelliliklerden halas edýän ýaly görünýär. Illýuziýa-da bolsa hiç. Eýse, haýsy bir kişi illýuziýadan daşynda ýaşaýar?!

Bellik: “Illýuziýa” bu ýerde “hyýal” manysynda alynmady.

Anna DARAKDIŞ
2 лайков 144 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.