“Ýaşlaň arasynda garrylar gerek...”

Ýaşululara hormat goýmak, olaryň sarpasyny belent tutmak gadymdan gelýän dessurdyr. Bu dessur ahlak gymmatlyklarymyzyň iň guwanarlykly berk sütünleriniň biri. Nesilleriň bir-birine goýýan sarpasynyň, ýagny ýaşkiçi nesliň ýaşuly nesle bolan sylag-hormatynyň özeninde agzybirlik, jebislik jemlenen. Türkmeniň kämil ýörelgeleriniň biri-de ulusyny sylamak, ýaşulusyna sala salyp, her işde şolaryň maslahatyna, nesihatyna eýermek däbidir. Goja paýhasy — gymmatly hazyna. Goja paýhasy — her bir öýüň, tutuş ýurduň söýegi. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan toý-baýramlaryň ýaraşygy-da biziň ýaşulularymyzdyr. Nesillerimize peder pendini berýän hem, toý etmegiň, öý tutmagyň maslahatçysy hem biziň gojalarymyz. Şeýle bolansoň, olaryň orny hemişe törümizde. Özleriniň akyl-parasady, baý durmuş tejiribesi bilen öý-ojagyna, oba-kendine görelde bolýan, ýaş nesillere öwüt-ündew edýän ýüzi nurana ýaşulularymyz biziň durmuşymyza ýalkym saçýan şamçyrag mysalydyr. Pähim-paýhasyň ojagy hasaplanýan aksakgallar özleriniň gyzyldan gymmatly pent–nesihatlary bilen halkyň arasynda halallyk, päklik, Watana wepalylyk, agzybirlik ýaly häsiýetleri ündeýärler. Türkmen halkynyň ulusyny sylamak, olara sala salmak, olaryň maslahatyna eýermek ýaly asylly ýörelgesiniň, däp-dessurynyň gadymy döwürden bäri nesilme-nesil dowam etdirilip gelýändigine edebi mirasymyza, halk döredijilik eserlerine ser salanyňda hem göz ýetirmek bolýar.

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň Halkara güni gutly bolsun!
7 лайков 264 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
01 окт 2023, 14:02
Ýaşlara indi daşary ýurt medeniýeti terbiýe berýär.Ýaşulularam ors propagandasynyñ täsirinde bolaýmasa.
backsp
01 окт 2023, 23:30
yashulylar indi halki bir san bolup galdylar
Гость
02 окт 2023, 22:43
Şoň üçin araňyzda gezip ýöründa )