86 ýaşynyň içinde Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa aradan çykdy

Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi.


Ogulabat Berdimuhamedowa Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inýär. Ol maşgala gymmatlyklarynyň gadyryny örän gowy bilýän, ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän, öz halkynyň milli ýol-ýörelgesine wepalylygy buýsanç tuguna öwren, parasatly zenandyr.

Alty çaganyň enesi Ogulabat eje perzentleriniň iň gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemlemegi, watansöýüji, hemme taraplaýyn kämil, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin kän tagalla etdi.

Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Ogulabat ejäniň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik mekdepdir.

Halka hem Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň, ýaş nesli iň asylly ýörelgeler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri we milli sungaty söýmegiň, goramagyň hem-de dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat Berdimuhamedowa hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar.

Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!



Çeşme: @tmcars.info/news/
1 лайков 366 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
XYIVENIA
08 апр 2023, 18:10
Ýatan ýeri ýagty bolsun!
Massimus
08 апр 2023, 18:11
Jaýy jennet bolsun!
optimist30
08 апр 2023, 18:33
Bolya bira Gurbanguly akgamyz beyleki 5 si kimka name is etyaka
Gauzen
Автор 08 апр 2023, 19:08
optimist30,
5si zenan maşgala dälmi eýse?!
Yusup
08 апр 2023, 19:12
Biri Gulnabat hazirki Altyn Asyr YGPJ eyesi.
Birem Mahri

beylekilerine beletchiligim yok
Yusup
08 апр 2023, 19:13
Gahryman Arkadagymyzyn we Arkadagly Serdarymyzyn anyrsynyn Hydyr gorenliginin subutnamasy atasy hem oraza ayynda ayrylypdy enesem shul ayda ayryldy
Yusup
08 апр 2023, 19:14
Awtobusda hem adamlaryn yuzunden gorup bolyar gynanyanlygyndan. Yuzleri salyk keypsiz halda adamlar
Dowsypat
08 апр 2023, 19:39
Trampyñam añyrsy Hydyr gòren bolmaly.
Dowsypat
08 апр 2023, 19:40
Awtobusda hem adamlaryn yuzunden gorup bolyar gynanyanlygyndan. Yuzleri salyk keypsiz halda adamlar

Hababarlary bar bolsa bolyarla.
Hiayress21
08 апр 2023, 19:43
Seksopotolog..........,
Awtobusa münýän adamyň ýüzi başgaça bolmalydyram öýdmeýädik. Ine awtobusdakylaryň hemmesi BMW X7-li ýüzleri salyp barsa başga gürrüň.
Retro
Retro
08 апр 2023, 19:54
Hiayress99,
Hiayress99
Seksopotolog..........,
Awtobusa münýän adamyň ýüzi başgaça bolmalydyram öýdmeýädik. Ine awtobusdakylaryň hemmesi BMW X7-li ýüzleri salyp barsa başga gürrüň.

Öňurtiläpsiň...
Retro
Retro
08 апр 2023, 19:55
Seksopotolog..........
Gahryman Arkadagymyzyn we Arkadagly Serdarymyzyn anyrsynyn Hydyr gorenliginin subutnamasy atasy hem oraza ayynda ayrylypdy enesem shul ayda ayryldy

Seksopotolog..........,
Illuminatiniň işi bolaýmasyn....
Retro
Retro
08 апр 2023, 19:56
Nähili adam bolsada iman baýlygyny bersin.
Dowsypat
08 апр 2023, 20:13
Hiayress99 off № 10 Şu gün, 19:43
Seksopotolog..........,
Awtobusa münýän adamyň ýüzi başgaça bolmalydyram öýdmeýädik. Ine awtobusdakylaryň hemmesi BMW X7-li ýüzleri salyp barsa başga gürrüň.

Maşynyñ magnitafony gygyryp dursa.Eyesiniñ yuzem salyk bolsa.
Soho
08 апр 2023, 20:40
imany hemra bolsun
.
08 апр 2023, 20:57
Yzyñda ölümiñ şeýdip gozgalamasy hemme kişä nesip etsin.
〣EpifiZ〣
08 апр 2023, 21:03
Hazr watanda gordum. Yatan yeri yagty ruhy shat jayy mekany jennet bolsun Hudayym!
Гость
08 апр 2023, 21:48
Jaýy jennet, imany hemra bolsun!
Karkara
08 апр 2023, 22:18
Ýatan ýeri ýagty bolsun!