Az salym oýlanyñ!!!
Parahat zeminiň üstünde dogup gelýän güni synlanyňda şahyryň şu sözleri zybanyňa gelýär:
Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.
Bu dünýäňe ähli mahsus zatlaryň,
Senden sowlup geçmeýänine monça bol.
Durmuşda ýetilen we ýetilmeli arzuwlaryň hasyl bolmagyny isleýän ynsan hemişe bagtyň gözleginde. Eýsem bagt näme? Bu jümle elbetde hemmä tanyş bolsa gerek. Ählimiziň muny gazanmaga bolan ymtylşymyz çagalykdan başlanýar. Özbaşdak pikirlenme hadysasy adam aňynda dörän gününden bu söz özüniň ornuny ynsanyň kalbynda we her bir ädiminiň sebäbinde ýaşaýar. Dünýäde näçe ynsan bar bolsa, haýsy kärde bolanlygyna garamazdan, bu duýgyny öz durmuşynyň baýdagy etmäge ymtylýar. Her bir edýän işiniň netijesini, ömür ýolunyň mazmunynyň pellehanasyna bagt adyny berýär. Göze görünmeýän ýöne her bir ynsany özüne ymtyldýan bu duýgy hemmä gyzykly. Durmuşda käbirleriniň pikirine görä adamyň arzuwynyň amala aşan ýerinde onuň bagty başlaýar diýip pikir ýöredilýär. Eýsem bagt adama haçan berilýär ýa-da ony her kimiň özi gazanmalymy? Hemmämiz üçin gyzykly bu sowala okyjylarymyz arkaly göz ýetirmegi maksat edinip, olaryň redaksiýamyz bilen aragatnaşygyny has-da pugtalandyrmak we öz pikirlerini ildeşlerimiz bilen paýlaşmaklaryna mümkinçilik bermegi makul bildik. Çünki ýer ýüzünde näçe ynsan bar bolsa şonçada häsiýet we şonça-da pikir bardyr.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.