♡Sen we Men♡

♡ SEN we MEN ♡

Ýazylan wagty: 21 мая 2013 Ýazan KOROL
Sen we Men, ýagny biz bile gidip barýarys.

Durmuşda bolup geçen ýa-da bolup geçýän kynçylyk we ýagdaýlara göz ýetiren, bir-birinden uzakdaky iki ynsan…
Bir ýerde kesişdi ýollarymyz. Muña ýazgyt diýsekmi. Seniñ pikiriñ näme bu barada?
Bir-birimize bolan öýke-kinämiz, hyýallarymyz, umytlarymyz, arzuwlarymyz we ynamymyz bir ýolda gabatlaşdy.

İlki “Salam” diýdik birinji gezek garşylaşamyzda. Soñra ýuwaşjadan tanadyk bir-birimizi. Özümiz barada bir-birimize garşylykly gürrüñ berdik sessizje. Ondan-mundan gürrüñ edip gelýärkäk öñümizdäki yoluñ iki aýrylýan çatrykgyna geldik. Yolda gürrüñe gyzygyp bir-birimiziñ elimizden tutanymyzy hem bilmän galypdyrys. Bu ýagdaýy bir-birimize bildirmejek bolup gülüşdik. Yöne göwnümize ýaramady däl. Dowam etjek ýolumyzy bile saýladyk. “Gel onda bu tarapdan dowam edeli” diýişdik.Kyn ýoly saýlanymyzy yza ýoluñ ýokdugyna göz ýetirenimizden soñ düşünip galdyk. Bir-birimize gaharlandyk. “Sen sebäpli saýladyk bu ýoly käşgä beýleki ýoldan gitsedik” diýişdik. Şeýle bir gaharlandyk, elimizi aýyrdyk bir-birimizden. Göwnümize degdik bir-birimiziñ. Yoldaky päsgelçilikler sebäpli yere ýykyldyk, ellerimiz ganady, elimizi aýagymyzy ynjytdyk. Bedenlerimiz daşlara degdi, ýüreklerimiz ganady. Yöne näme bolsa-da yza gaýtmak barada pikir etmändik ikimiz hem. Wagtal-wagtal tekiz, päsgelsiz yola düşemizde oýun edişdik bir-birimize.

Yene-de elimizden tutduk täzeden. Käwagt aýrylsalar hem ellerimiziñ bir-birini tutanyna begendik. Inha indi yene-de bir çatrygyñ başynda durs. Yadaw bedenimiz, yaraly yüregimiz indi arassa, päsgelçiliksiz we tekiz bir ýol gözleýärdi. Ahli ýollaryñ päsgelçiliksiz däldigini bilýäris. Bu sebäpli hem sessizje durs.

Indi bolsa gözlerimiz bir-birine soraýar “Öñümizden päsgelçilikli yollar çyksa elimi göýberersiñmi?”

Öñümizden päsgelçilikli yollar çyksa elimi göýberersiñmi?

Häzir hem pikir edýän. Hekaýanyñ baş gahrymanlary SEN we MEN ýaly bolup görünse-de aslynda baş gahrymanlaryny saýlamak şeýle kyn düşdi. Näçe syýalar akyp gitdi, näçe akja
sahypalar ýyrtylyp zyñyldy…
Chesme:nexttm
Siz bilen paylasan men Xyivenia
3 лайков 149 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
04 окт 2021, 18:07
Like+++
Ýury
04 окт 2021, 18:58
Like
Döwlet Şöhradow
04 окт 2021, 20:08
Tuwelem+
XYIVENIA
Автор 04 окт 2021, 21:03
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Tuwelem+

Nireli siz?
Şamuhammet
01 янв 2022, 00:03
Цитата: XYIVENIA
Цитата: sᴛᴀᴛᴇ
Tuwelem+

Nireli siz?


Bir ýerde... ?