- Küýseýän Lebabym..
Bu günki mowzygymda ýüregimdäki sözler,arzuwdyr umytlar bilen paýlaşasym gelýär.
Tüweleme, biziň saýtymyzda 5 welaýatam bar.Her welaýat özüçe owadan.Ýöne şu wagtlar ýaşaýyş Aşgabatda bolansoň, biraz öz Lebabymy.onuň topragyny.adamlaryny.süýji dilini.howasynyň ysyny ysgap bir doýasym gelýä.Köýtendagyň çuň ýokarsyna çykyp öz mekanyma syn edesim gelýä.Amyderýanyň joşup gelýän suwyna wasp edesim gelýä.Tamdyrdan ýaňja çykan yssyja çöregini suwa batyryp iýesim gelýä.Garydaşlamy.dostdyr-joralamy.synpdaşlamy.goňşylamy.ýürek-bagryma basasym gelýä.Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň DWARES HIMIK mikraýonyndaky «Nargiza, kafesynda bişýän palowyň tagamyny ýene dadasym gelýä.Zamost ýerinde ýerleşýän “ Fitçi house, tutuş günimi sarp edesim gelýä. 2-nji mikraýonyň gapdalyndaky POLEÇUDES atly meýdançada ýene ýakynlarym bilen seýil edesim gelýä. “ Центральный, köçäniň üstünde ýerleşýän «Coffee, kafesynda bir çaşka yssyja kofe içip aýna bakyp bir salyp arzuw hyýalyma batyp oýlanasym gelýä. Kitaphana diňe kitap okamana barmak üçin däl-de eýsem Maral,Aýgül,Nigara gelnejemler bilen SALAMLAŞYP gaýdasym gelýä.Başkentda ýene-de bilim alyp öz halypa mugallymlamy göresim gelýä. “ Diýar, «Ýalkym, «Bagtyýarlyk, “ Bagt köşgi, restorannlarynda tans edesim gelýä.Bagt köşgüniň gapdalyndaky stadionda synpdaşlam bilen ýene-de çärä gatnaşyp öňki günlemi ýatlasym gelýä. “ Lebap, dynç alyş merkezinde dostdyr-joralam bilen aýlanasym gelýä.”Gök-bazar, atly bazardaky fitçi satyp ýörän gelnejeleriň “ ÄMÄKILÄR FITÇIII, diýip gygyryp duran seslerini eşidip ýene-de 1 miutlyk ýylgyrasym gelýä.Dostlarymyň “ ÝULDUZ DOAN JOŞKANY, diýen sözlerini eşidesim gelýä.Lebaplylaryň “ JANIM APAM, sözini eşidesim gelýä. " SEÝDI, şäherine taksy tutup gidemde ýoldaky:Bagtyýarly,Hojambaz,Boýnuzyn,Dänew şäheriniň içinden geçip gidesim gelýä. Umuman, öz dogulan ýerimi küýseýän.Jiger-bagrym bilen SÖÝÝÄN SENI LEBABYM!!!
Bir gün däl müň günläp iýdim duzyňy,
Gurban bilen iýdiren duzyňa Lebap
Bir gün däl müň günläp iýdim duzyňy,
Gurban bilen iýdiren duzyňa Lebap
Şatlyklaryň saýasynda düşlände,
Sag bol çalyp beren sazyňa Lebap
Şatlyklaryň saýasynda düşlände,
Sag bol çalyp beren sazyňa Lebap
Lebaby:m, Lebaby:m,
Lebaby:m gözel Lebaby:m
Lebaby:m, Lebaby:m,
Lebaby:m gözel mekany:m...
Ömrümde iň agyr, iň ajap günler
Saňa siňip gitdi bu tanyş ellem,
Ömrümde iň agyr, iň ajap günler
Saňa siňip gitdi bu tanyş ellem,
Buýanyň ysyndan baş aýlan illem
Gelişýar öwüşginli ýazyňa Leba:p
Lebaby:m, Lebaby:m,
Lebaby:m gözel Lebaby:m
Lebaby:m, Lebaby:m,
Lebaby:m gözel mekany:m...
87комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.