Terbiýe (dowamy)

Salam agzalar!Terbiýe baradaky mowzugy halandygyñyzy göz öñünde tutup,şol meseläniñ yzyny dowam etmekçi.
Geçen mowzukda mekdep ýaşyna ýetmedik çaga berilmeli terbiýäniñ görnüşlerini sanapdym.Çaga mekdebe gideninden soñ terbiýäniñ şol görnüşlerinden daşary hem birnäçe görnüşleri goşulýar diýipdim.
Bu mowzukda şolar barada durup geçmekçi.Ilki bilen aýdaýyn.Çaga mekdep ýaşyna ýeteninde terbiýäniñ öñki agzalan görnüşlerini taşlamaly däl-de indiki agzajak görnüşlerim bilen üstüni dolduryp,utgaşdyryp alyp barmaly.Eýsem olar terbiýäniñ haýsy görnüşlerikä? Geliñ sanalyñ.

Hukuk terbiýesi - biz mekdebe çenli çaga ahlak terbiýesi berenimizde onda deñ-duşlara hormat goýmazlygyñ,kişiñ zadyna göz gyzdyrmagyñ ahlak taýdan nädogrudygy hakynda aýdýarys.Hukuk terbiýesini berenimizde bolsa çaganyñ daş-töweregindäki adamlary kemsitmäge,kişiniñ emlägini ogurlamaga,ondan birugsat alyp ulanmaga,özgeleri urmaga,sögmäge hukugynyñ ýokdugyny, eger şeýden ýagdaýynda kanuny taýdan jogapkärçilige çekiljekdigini düşünmelidiris.

Ykdysady terbiýe - çaga pul serişdelerini tygşytlamagy,özüne degişli emlägini tygşytly ulanmagyny we bisarpa tutmazlygy öwretmek.Ýagny çaga her göwnüniñ islän zadyny alyp bermek, bir eşigi könelmäkä başgasyny alyp bermek bilen ony ykdysady terbiýeden mahrum edýändigimizi bilmelidiris.Ýa-da eline pul ilse dükana tarap eñip gerekli bolsa bolmasa haryt satyn alýan çagalara bu hereketiniñ nädogrudygyny düşündirmeli.Olara sorag bermeli:"Bu alan zadyñ saña hakykatdanam gerekdimi?".

Syýasy terbiýe - Watançylyk terbiýesi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup,muña Türkmenistan Watanymyzyñ syýasy gurluşy,ýöredýän syýasaty,goñşy döwletler bile gatnaşygy barada düşünjr bermek degişlidir.

Ekologiki terbiýe - tebigata aýawly garamagy öwretmeli.Munuñ ilkinji alamatlary çaga kiçijikkä tebigata hiç hili galyndy taşlamazlygy bolup biler.
Öñem aýdyşym ýaly esasy zat mowzugy pedagoglaryñ okamagy däl ene-atañ okamagy.Şonuñ üçinem çaga terbiýesiniñ neneñsi jogapkärli işdigini unudaýmañ!
2 лайков 152 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahrukh khan
12 янв 2022, 21:29
chagany terbiyelaninde ilin hakyny iymezligi undemeli we yoldan geceninde dine peshehotdan gecmegi owretmeli. eger bashga yerden gecsen mashyn dal sen gunakar bolyan diymeli. ozunden ula yer bermegi owretmeli kocede sakgyc ceynemeli dal chigit chigitlemeli dal kopchulikde esasan bazarda kopun onunde iyip icmeli dal diyip terbiyelemeli
Shahrukh khan
12 янв 2022, 21:32
mugallymyn aydanyny etmeli gygyrtmaly dal diymeli. mugallym senin ikinji enen atan diyip owretmeli. joramda uytgeshik telefon bar menem shony edinjek diyip ene atany azara goymaly dal diyip owretmeli. Shu zatlaryn hemmesini kicilikden owretmeli yetishenson aydanyn biderek bu gulakdan girse beylekiden chykyar
Shahrukh khan
12 янв 2022, 21:38
Turkmenin chagasyna pul beripdirler ol dine sakgyc shokalat alypdyr.

ozbegin chagasyna pul beripdirler ol gidip gawun alypdyr. pul beren sorapdyr "Name ucin bu jigimiz yaly sakgyc almadyn" diyse ozbek chagasy "Gawun aldym gawuny hazir uyshup iyyas oyumizdakiler bn. Pachagyny sygrymyz iyya. chigidini alyp goyarys indiki yyl kakam eker we kop gawunymyz bolar"

chagany ikinji chaganyn terbiyesinde terbiyelemeli
Liwerpul_fc
12 янв 2022, 22:02
Цитата: Shahrukh khan
Turkmenin chagasyna pul beripdirler ol dine sakgyc shokalat alypdyr.

ozbegin chagasyna pul beripdirler ol gidip gawun alypdyr. pul beren sorapdyr "Name ucin bu jigimiz yaly sakgyc almadyn" diyse ozbek chagasy "Gawun aldym gawuny hazir uyshup iyyas oyumizdakiler bn. Pachagyny sygrymyz iyya. chigidini alyp goyarys indiki yyl kakam eker we kop gawunymyz bolar"

chagany ikinji chaganyn terbiyesinde terbiyelemeli

)

Türkmeniň çagasy dogulan wagty "iňňää" diýip aglasa,özbegiňki "teňňe" diýip aglaýamyş hihi (özbek aşnalar,sizi öwüp aýtdygym bi,gaty göräýmäň!)