Terbiýe

Salam,hormatly agzalar!Şu saýtda köplenç terbiýe meselesi hakynda kän agzalýar.Menem talyp wagtym B.Basarowyñ pedagogika kitaplaryny okan,pedagogika dersini geçen,öwünmek ýaly bolsa-da pedagogikadan döwlet derejesinde birinji bolan talyplaryñ biri hökmünde çaga terbiýesi barada durup geçmekçi.Çünki pedagogikadan başy çykmaýan ene-atalarymyzam bar.Belki,şolara goldaw bolar.
Alymlaryñ aýtmagyna görä şahsyýetiñ ösmegine 3 sany faktor täsir edýär:
1.Nesle geçijilik
2.Daşky gurşaw
3.Terbiýe.
Ýagny,çagadaky haýsy hem bolsa bir aýratynlyk oña ene-atadan geçip biler,daşky gurşawdan alyp biler ýa-da terbiýäniñ netijesinde emele gelip biler.Çaganyñ ösmeginde terbiýäniñ roly has ulymyka ýa nesle geçijiligiñ diýen sowal barada alymlar kän jedelleşipdirler.Barybir her kim öz pikrinde galypdyr.
Indi esasy üns bermeli ýerimiz şu:Terbiýäniñ görnüşleri kän.Çaga terbiýe berenimizde şu ugurlar boýunça terbiýe bermeli.

Akyl terbiýesi - munda çaganyñ akyl ösüşine täsir etmeli.Ýagny çaga kiçijikliginden aklyny pikirlenişini ösdürer ýaly işleri amala aşyrmaly.Köpräk sorag-jogap alşyp durmaly.Çaganyñ berýän soraglaryna jogap bermeli.Mekdebe gitmäkä ruçka depder,suratly kitap alyp bermegem muña degişlidir

Ahlak terbiýesi - çagada dogruçyllyk,ak göwünlilik,özgelere kömek bermek...ýaly oñat gylyk häsiýetleriniñ döremegine ýardam etmek.Munuñ üçin çaga bilen köpräk gürrüñ geçirmeli."Balam ýalan sözlemeli däldir.Kişiñ zadyna göz gyzdyrmaly däldir"ýaly.Munda ene-atañ göreldesem möhüm.Sebäbi özi ýalan sözläp ýören ene-atanyñ "Dogruçyl bol"maslahatyny çaga almaz.Çünki,onuñ diýenini däl-de edenini eder.

Zähmet terbiýesi - munda çagada zähmetkeşlik,ýaltalygy ýigrenmek ýaly gylyklar terbiýelenýär.Çaga ilki bilen oýnawaçlaryny ýygnamak,ýatan ýerini düzetmek,otagyny ýygnaşdyrmak ýaly işleri etdirmek bilen zähmet terbiýesi berilýär.3-4 ýaşa ýeteninden soñ oýnawaç piljagaz,bedrejik alyp berip bu terbiýäni bermek bolar.

Beden terbiýesi - çagada
bedenterbiýä,fiziki maşklara söýgi döretmek.Çaganyñ bedenini kiçijikliginden başlap maşklara endik etdirmeli.

Watançylyk terbiýesi - Türkmenistan Watanymyza söýgi döretmek.Bu terbiýäni bermek üçin ilki bilen çagada ýaşaýan öýüne,soñ obasyna (şäherine) söýgi döretmeli.

Gözellik terbiýesi - sungat eserlerine,tebigatyñ gözelligine aýdym sazlara söýgi döretmek.Çaga kiçijikliginden owadan suratlary synlatmaly.Gulaga ýakymly aýdym-sazlary diñletmeli.Tebigata çykarmaly.Olaryñ neneñsi owadandygyny,gulaga ýakymlydygyny belläp geçmeli.

Bular heniz mekdebe gitmedik çagalara berilýän terbiýäniñ görnüşleri.Çaga mekdebe gideninden soñra munuñ üstüne hukuk terbiýesi,syýasy terbiýe,ekologiki terbiýe,ykdysady terbiýe ýaly görnüşleri goşulýar.Bulam başga bir gürrüñdeşligiñ temasy.Gyzyklansañyz,ýene mowzuk açaýaryn.
Elbetde,bulary biz - bilim işgärleri bilýäris.Emma çaganyñ durmuşynyñ diñe mekdepden ýa-da çagalar bagyndan ybarat däldigini bilmelidiris.Diýmek,bu işde ene-atalar pedagoglar bilen bile hereket etmeli!
9 лайков 608 просмотров
70комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:11
Bize däl-de öydakilere aytsana şuny
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:14
Nairobi,
Saňada gerek şo. Çagalaňňy terbiýelejek dälmi?

Gowy tema
Shahrukh khan
11 янв 2022, 21:18
chaga terbiyelemek gaty ince zatlaryn biri. sho ucin unsli bolmaly. nesilin gowy bolmagy ucin ilki ozun gowy bolmaly. yagny chagadan on ozuni terbiyelemeli. arak icip chagana arak icme diymeli dalde aragy tashlap son aytmaly chagana icme diyip. men chagalarymyn dine goryan we oynayan zatlaryna uns beryan terbiye babatda bolsa terbiyani ejelerine ynandym.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:19
Liwerpul_fc,
dogjak däl äre-de barjak däl
"men öz Watanyma adagly"
Belki
Автор 11 янв 2022, 21:19
Bärde-de çaga terbiýeleýänler azam bolsa bardyr Nairobi.Galanam näme,okanlar çaga terbiýeleýänlere ýetirsinler.
Şu ýerde ýene bir zat aýdaýyn.2-3 ýaşyndaky çagalaryñ agzyndan paýyş söz eşidýän.Dogrusy,meniñ agzyma alyp bilmejek sözlerim.Olaram öýündäkilerden eşidýändir.Diýjek bolýanym,çagañ ýanynda agzyñdan çykýan sözlere-de üns bermeli.
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:21
Menem pikirimi aýdaýyn,ýalňyş bolsa "ýalňyş"diýiň!
Atalara degişli. Çagaň ýaş wagty kän bir gowy göreniňi bildirmeli dälmikä diýän menä, sebäp-perzent atadan gorksa gowy.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:21
çagalam maňa meňzemesin
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:22
Nairobi,
Baran wagtyň ýüzüňe basaryn.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:22
Liwerpul_fc,
agy teswir yazan wagtymyza seredäydä :)
#B.S
11 янв 2022, 21:23
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
dogjak däl äre-de barjak däl
"men öz Watanyma adagly"

Jadygoy Pak Gyn He bola ;)))
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:23
Liwerpul_fc,
toya çagyrjak seni söz berlen wagty yuzume bas toyy bozar yaly
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:24
Khanture,
kakasynyň ady nämedi şoň?
#B.S
11 янв 2022, 21:26
Pak Chon Hi
koreyang prezidentlerining ahlisi diyen yaly ya turma basylan ya olen doly dolandyryp bilmedik diyya bir hazirkisinden bashga...
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:26
Pak çon Hi-di oydyän
Shahrukh khan
11 янв 2022, 21:26
Цитата: Liwerpul_fc
Menem pikirimi aýdaýyn,ýalňyş bolsa "ýalňyş"diýiň!
Atalara degişli. Çagaň ýaş wagty kän bir gowy göreniňi bildirmeli dälmikä diýän menä, sebäp-perzent atadan gorksa gowy.


bir gezek ishden gelen wagtym uly gyzym yany 2 yashap gelyan wagty telewizoryn kabelini chekip otyran eken. telewizoram 1.5 metr yokarda stenada. menem elinden kabelini aldymda eline spickany yakyp ochurip basdym aglady. yone dozup etdim shony. sebabi ozum on anten ustanowka edyan wagtym kop eshidyadim. birinin chagasy telewizoryn ashagynda galyp kellesinden yaryp gecen ekran olupdir. omurlik ah wah edenden 1je sagat chydasan gecyar aglamasy. indi telewizoryn yanyna barmaga gorkya
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:27
Khanture,
Li myon Bak turmede bolmadykdy garyp bolan özem yadyma dususi boyunça
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:28
Цитата: Belki
Bärde-de çaga terbiýeleýänler azam bolsa bardyr Nairobi.Galanam näme,okanlar çaga terbiýeleýänlere ýetirsinler.
Şu ýerde ýene bir zat aýdaýyn.2-3 ýaşyndaky çagalaryñ agzyndan paýyş söz eşidýän.Dogrusy,meniñ agzyma alyp bilmejek sözlerim.Olaram öýündäkilerden eşidýändir.Diýjek bolýanym,çagañ ýanynda agzyñdan çykýan sözlere-de üns bermeli.

Häzir heleýleň köpüsi terbiýe diýen zadyň nämediginem bilenoklar. Terbiýe berip bilenoklar meň tanaýanlammyň köpüsi
#B.S
11 янв 2022, 21:28
Цитата: Nairobi
Khanture,
Li myon Bak turmede bolmadykdy garyp bolan özem yadyma dususi boyunça

Yooo men diyjek bolyanym shol Limyon Bakdan ozalky ahli prezidentler wezipesini doly yerine yetirmandir diyip eshitdim anyk bilemok eshitdimda garaz...
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:28
Shahrukh khan,
aňsat jeza beripsiň sen ejemden öwren çagany nädip gorkuzmalydygyny
Bir işi etmänkaň "etdiň" diyip jeza beryä
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:29
Khanture,
hawa ondan öňkiler şeyle bolupdy
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:30
Eee politikler, göterliň şu ýerden dalii
#B.S
11 янв 2022, 21:30
Цитата: Nairobi
Khanture,
hawa ondan öňkiler şeyle bolupdy

Hmm dogry onda.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:31
Liwerpul_fc,
Koreyaň ykbalyny ele aljak bolyas sokulma sen
Shahrukh khan
11 янв 2022, 21:32
Цитата: Nairobi
Shahrukh khan,
aňsat jeza beripsiň sen ejemden öwren çagany nädip gorkuzmalydygyny
Bir işi etmänkaň "etdiň" diyip jeza beryä


kakam bizi terbiyeleyshini gorsen ejenki hic zat. gushak bn saygylardy pilin sapy dowulyanche urardy gije sowukda dasharda goyardy. yone Hudaya shukur gynanamok hemmesini biz adam bolsun diyip etdi. sebabi kici wagtymyz gaty betdik.
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:33
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
Koreyaň ykbalyny ele aljak bolyas sokulma sen

Bärde öz geljekki ykbalymyzyň gürrüňi gidip dur:a. Koreýaňam alda ýöre
#B.S
11 янв 2022, 21:35
Meni hasam beter Demirgazyk Koreýa gyzyklandyryar ;)))) Nairobi Gostyng icini yakalyda ;)))
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:35
Meni ýekeje gezek urupdy dädem. Şol urany ömrüme sapak boldy (gatam urmady ýogsa)
#B.S
11 янв 2022, 21:37
Цитата: Liwerpul_fc
Meni ýekeje gezek urupdy dädem. Şol urany ömrüme sapak boldy (gatam urmady ýogsa)

men dademem bir gezek urypdy :((( gaty ursada song eli sandyrapdy...
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:40
Khanture,
koreya döränden soň 1960-a çenli Li syn man ondan soňky Pak çon hi 1979da öldurlip yurtda adatdan dasary yagday girizilyär. çon du hwan (1981-1988) diydimzorluk edyä turme dusyä Ro de U (1988-1993) demokratik esaslarda dolandyrya
Şular yadymda galany
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:42
Shahrukh khan,
ejemiň jezalaryny aytmaga utanyan dogrusy