Terbiýe

Salam,hormatly agzalar!Şu saýtda köplenç terbiýe meselesi hakynda kän agzalýar.Menem talyp wagtym B.Basarowyñ pedagogika kitaplaryny okan,pedagogika dersini geçen,öwünmek ýaly bolsa-da pedagogikadan döwlet derejesinde birinji bolan talyplaryñ biri hökmünde çaga terbiýesi barada durup geçmekçi.Çünki pedagogikadan başy çykmaýan ene-atalarymyzam bar.Belki,şolara goldaw bolar.
Alymlaryñ aýtmagyna görä şahsyýetiñ ösmegine 3 sany faktor täsir edýär:
1.Nesle geçijilik
2.Daşky gurşaw
3.Terbiýe.
Ýagny,çagadaky haýsy hem bolsa bir aýratynlyk oña ene-atadan geçip biler,daşky gurşawdan alyp biler ýa-da terbiýäniñ netijesinde emele gelip biler.Çaganyñ ösmeginde terbiýäniñ roly has ulymyka ýa nesle geçijiligiñ diýen sowal barada alymlar kän jedelleşipdirler.Barybir her kim öz pikrinde galypdyr.
Indi esasy üns bermeli ýerimiz şu:Terbiýäniñ görnüşleri kän.Çaga terbiýe berenimizde şu ugurlar boýunça terbiýe bermeli.

Akyl terbiýesi - munda çaganyñ akyl ösüşine täsir etmeli.Ýagny çaga kiçijikliginden aklyny pikirlenişini ösdürer ýaly işleri amala aşyrmaly.Köpräk sorag-jogap alşyp durmaly.Çaganyñ berýän soraglaryna jogap bermeli.Mekdebe gitmäkä ruçka depder,suratly kitap alyp bermegem muña degişlidir

Ahlak terbiýesi - çagada dogruçyllyk,ak göwünlilik,özgelere kömek bermek...ýaly oñat gylyk häsiýetleriniñ döremegine ýardam etmek.Munuñ üçin çaga bilen köpräk gürrüñ geçirmeli."Balam ýalan sözlemeli däldir.Kişiñ zadyna göz gyzdyrmaly däldir"ýaly.Munda ene-atañ göreldesem möhüm.Sebäbi özi ýalan sözläp ýören ene-atanyñ "Dogruçyl bol"maslahatyny çaga almaz.Çünki,onuñ diýenini däl-de edenini eder.

Zähmet terbiýesi - munda çagada zähmetkeşlik,ýaltalygy ýigrenmek ýaly gylyklar terbiýelenýär.Çaga ilki bilen oýnawaçlaryny ýygnamak,ýatan ýerini düzetmek,otagyny ýygnaşdyrmak ýaly işleri etdirmek bilen zähmet terbiýesi berilýär.3-4 ýaşa ýeteninden soñ oýnawaç piljagaz,bedrejik alyp berip bu terbiýäni bermek bolar.

Beden terbiýesi - çagada
bedenterbiýä,fiziki maşklara söýgi döretmek.Çaganyñ bedenini kiçijikliginden başlap maşklara endik etdirmeli.

Watançylyk terbiýesi - Türkmenistan Watanymyza söýgi döretmek.Bu terbiýäni bermek üçin ilki bilen çagada ýaşaýan öýüne,soñ obasyna (şäherine) söýgi döretmeli.

Gözellik terbiýesi - sungat eserlerine,tebigatyñ gözelligine aýdym sazlara söýgi döretmek.Çaga kiçijikliginden owadan suratlary synlatmaly.Gulaga ýakymly aýdym-sazlary diñletmeli.Tebigata çykarmaly.Olaryñ neneñsi owadandygyny,gulaga ýakymlydygyny belläp geçmeli.

Bular heniz mekdebe gitmedik çagalara berilýän terbiýäniñ görnüşleri.Çaga mekdebe gideninden soñra munuñ üstüne hukuk terbiýesi,syýasy terbiýe,ekologiki terbiýe,ykdysady terbiýe ýaly görnüşleri goşulýar.Bulam başga bir gürrüñdeşligiñ temasy.Gyzyklansañyz,ýene mowzuk açaýaryn.
Elbetde,bulary biz - bilim işgärleri bilýäris.Emma çaganyñ durmuşynyñ diñe mekdepden ýa-da çagalar bagyndan ybarat däldigini bilmelidiris.Diýmek,bu işde ene-atalar pedagoglar bilen bile hereket etmeli!
9 лайков 608 просмотров
70комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:43
Liwerpul_fc,
biz dunyäň ykbalyny oylayas
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:46
Цитата: Khanture
Meni hasam beter Demirgazyk Koreýa gyzyklandyryar ;)))) Nairobi Gostyng icini yakalyda ;)))

Dg Koreya SSSRiň tarapyndady Go Koreya ABŞnyň tarapynda iki Koreyan deňeşdirip gör. Şolaryň yagdaylary tarapynda bolsan döwletleri esasyndamyka diyyän
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:46
bolan*
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:47
Цитата: Nairobi
Цитата: Khanture
Meni hasam beter Demirgazyk Koreýa gyzyklandyryar ;)))) Nairobi Gostyng icini yakalyda ;)))

Dg Koreya SSSRiň tarapyndady Go Koreya ABŞnyň tarapynda iki Koreyan deňeşdirip gör. Şolaryň yagdaylary tarapynda bolsan döwletleri esasyndamyka diyyän

Ýogsam näme
Maksat
11 янв 2022, 21:49
Peýdaly tema ýazypsyňyz çagalaryň terbiýesi möhüm zat. Ýetireniňize sagbol.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:50
Liwerpul_fc,
şol sebäpli öňräk bir mowzukda iňlisleri basyp alan bolsa gowrak bolardy diysem Wlad'my (toçnyy yadym däl kimligi) yurege dusup gidipdi
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:51
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
şol sebäpli öňräk bir mowzukda iňlisleri basyp alan bolsa gowrak bolardy diysem Wlad'my (toçnyy yadym däl kimligi) yurege dusup gidipdi

Men gollardym bar bolamda.

Menem şeýle pikirde
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:54
Liwerpul_fc,
men iňlisler ruslardan gowy saklarlar diyen manyda aytmandym. Soňky döwri garaşsyzlykdan soňky zatlar saňa oyladym. Birtarapdan Hindileriň yagdayy nähili diyen sorag bar. Olar aslyndada duzuw halk däl-ä
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 21:57
hakda oyladym*
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:58
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
men iňlisler ruslardan gowy saklarlar diyen manyda aytmandym. Soňky döwri garaşsyzlykdan soňky zatlar saňa oyladym. Birtarapdan Hindileriň yagdayy nähili diyen sorag bar. Olar aslyndada duzuw halk däl-ä

Ruslardan gowy saklardylar, zawot-fabrikler gurup bererdiler, Hindileriň ýagdaýy hiç neneňem däl. Iňlisler yzlarynda birtopar zat goýup gitdi. Hindi baý halk,ýöne adamy köp.

Orslar bize näme gurup berdi,näme taşlap gitdi yzynda? Hiç zat,paçti hiç zat
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:04
Liwerpul_fc,
Bizi çig mal hokmunde ulanmak un ruslar bize zawod-fabrik gurup berdiler.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:07
Belki gözel bagyşla mowzugy taryh edip goyberdim :(
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:10
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
Bizi çig mal hokmunde ulanmak un ruslar bize zawod-fabrik gurup berdiler.

Şojagazmy? Nähili peýda gördi bizden. Bar guran zadam Nebiti gaýtadan işleýän zawot,ýag zawot,demir zawot
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:12
Liwerpul_fc,
iň bolmanda birzatjyklara gurdy
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:19
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
iň bolmanda birzatjyklara gurdy

Nebiti äkitmek udobna däldi,ýerinde gaýta işläp taýýar önüm äkidenleri amatly boljakdy.Şonuň üçin Neftozawot gutuldy. Ýag zawudam şeýle,demir zawudam şeýle. Karoçe özlerine gerek boldy gurdular. A näme üçin trakdor zawot gurup beräýmedi ýa bolmasa maşyn zawot guraýmady
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:19
*guruldy
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:21
Liwerpul_fc,
1928nji yylda 248 sany traktora getirdiler
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:23
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
1928nji yylda 248 sany traktora getirdiler

Ýer sürmeli,pagta ekmeli,orslara pagta gerek
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:24
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
1928nji yylda 248 sany traktora getirdiler

yalnyşdym
1924-nji yylda 51 sany 1928-nji yylda 361 sany uruş yyllary 3745 bardy ilkinji traktor suren Ogulsoltan Gurbandurdyyewady
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:26
Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
1928nji yylda 248 sany traktora getirdiler

Ýer sürmeli,pagta ekmeli,orslara pagta gerek

Öz bähbitleri un eder-dä dagam sen olaň iki dogup bir galany däl
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:30
Nairobi,
Senem şeýle beren ýaly gürleýäňda
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:31
Liwerpul_fc,
Şeyle berdi diyemoga saňsar urya Yokarky teswirmde "çig mal hokmunde ulanmak un" diyildä
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:35
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
1928nji yylda 248 sany traktora getirdiler

Oka şuny gaýtalap
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:37
Liwerpul_fc,
getiren traktoryny yzyna alyp gidenoklar şoňa begen
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:39
Цитата: Nairobi
Liwerpul_fc,
getiren traktoryny yzyna alyp gidenoklar şoňa begen

Nämesini äkitsinler oň?
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 22:40
Liwerpul_fc,
şolam sizem žalka garamayaklar diyip äkidip bilerdiler
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 22:43
Nairobi,
Orslar bergili çykdy bize SSSR dargansoň
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 23:10
@Belki,bagyşlaweri! Temaňam weýran etdik.
Belki
Автор 11 янв 2022, 23:13
Aýratyn mowzuk edip maslahatlaşaýmaly ekeniñiz-dä,Nairobi.
Leyli Amanowa
11 янв 2022, 23:18
Belki,
gaty gördunmi?(((